Yrak: Söweşijilere howa zarbasy edildi

Söweş uçary.

Yragyň resmileri howa hüjümleri arkaly ýurduň nebiti gaýtadan işleýän iň uly zawodyny eýelemäge çalşan 30 çemesi söweşijiniň öldürilendigini habar berýärler.

Yragyň terrorçylyga garşy göreş boýunça gullugynyň metbugat wekili Sabah al-Nuamanyň sözlerine görä, bu howa hüjümlerinde birnäçe hepde bäri Beiji desgasyny ele almaga çalyşýan “Yrak yslam döwleti we Lewant” atly toparyň söweşijileri nyşana alnypdyr. Gürrüňi gidýän bu desga Bagdadyň takmynan 250 kilometr demirgazygynda ýerleşýär.

Yragyň demirgazygyndaky we günbataryndaky birnäçe sebitlerde hereket edýän “Yrak yslam döwleti we Lewant” atly topar gürrüňi edilýän zawody geçen aýda eýelemäge golaýlapdy. Emma ýurduň harby güýçleri desganyň kontrollygyny öz gözegçiliginde saklamagy başarypdylar we şondan soň onuň goranyşyny berkitmek üçin goşmaça goşun ugradylypdy.

“Gynandyryjy şowsuzlyk”

Yragyň ýokary derejeli şaýy ruhanysy beýik aýatolla Ali al-Sistani (Grand Ayatollah Ali al-Sistani) öz 4-nji iýulda beren maglumatynda Yragyň parlamentiniň şu hepdede geçiren birinji maslahatynda täze hökümet barada ylalaşyga gelip bilmezligini “gynandyryjy şowsuzlyk” diýip atlandyrdy.

Sistaniniň kömekçisi Ahmed al-Safi (Ahmed al-Safi) tarapyndan anna güni geçirilen wagyz-nesihat çäresinde ýokary derejeli ruhany şeýle diýdi: “Geçen sişenbe güni parlamentiň birinji maslahatynyň çagyrylyşy boldy. Adamlar munuň konstitusion we kanuny maddalara yhlaslylygy dogrusynda bu geňeş üçin gowy başlangyç boljakdygyna umyt etdiler. Ýöne maslahatyň ýurduň parlamentiniň täze spikerini, ýagny baştutanyny we onuň orunbasarlaryny saýlamazdan tamamlanmagy gynandyryjy şowsuzlyk boldy”.

Sistani täze hökümetiň “giň jemgyýet tarapyndan goldanylmalydygyny” nygtady.
Bu aralykda, Yragyň kürt regionynyň lideri kürtleriň garaşsyzlygy boýunça referendum geçirmek barada çagyryş edensoň, Birleşen Ştatlar özüniň Yragyň bütewüligini goldaýanlygyny mälim etdi.

“Yrak bütewi bolanda güýçlidir”

Ak tamyň metbugat wekili Joş Irnest (Josh Earnest) 3-nji iýulda beren maglumatynda Waşington “Yrak bütewüligini saklan ýagdaýynda, onuň güýçlüdigine” ynanýar diýdi.

3-nji iýulda Yragyň kürt regionynyň lideri Masud Barzani kürtleriň garaşsyzlygy boýunça referendumy guramalaşdyrmak we ses berişligi geçirmegiň gününi kesgitlemek üçin ýurduň kanunçykaryjylaryndan ýörite komitet düzmegi haýyş etdi.

“Biziň öz ykbalymyzy kesgitlemek üçin jaýdar pursat geldi we biz ony biziň üçin başgalaryň kesgitlemegine garaşmaly däldiris.” diýip, Barzani belledi.

Yragyň premýer-ministri Nuri al-Maliki 2-nji iýulda beren maglumatynda kürt regional hökümeti tarapyndan hödürlenen arzanyň dawaly territoriýalaryň kontrollygyny öz içine aljakdygyny belläp, ony ret edendigini mälim etdi.
Ak tam hem wise-prezident Jo Baýdeniň (Joe Biden) 3-nji iýulda Ak tamda Barzaniniň edarasynyň ştab başlygy Fuad Hussein bilen duşuşandygyny habar berdi.

Ak tamyň maglumatyna görä, duşuşygyň dowamynda Baýden Yrakda has açyk hökümeti düzmegiň wajypdygyny nygtapdyr.