Eýran öz raýatlaryny has köp çaga dogurmaga mejbur etmäge ukyply däl. Emma ol öz raýatlaryny çaga dogurmazlyk üçin operasiýa etdirmek hukugyndan mahrum edip biler.
Eýranyň baş lideri aýatolla Ali Hamenei ýurduň ilat sanyny artdyrmaga çagyrdy. Parlament bu çagyryşa jogap hökmünde önelgesiz etmek üçin wazektomiýa, salpingektomiýa ýaly hirurgiýa usullaryny jenaýata öwürýän hem-de munuň üçin 2 we 5 ýyl aralygynda türme tussaglygyny göz öňünde tutýan kanunyň taslamasyny makullady.
Kanunyň taslamasy 24-nji iýunda 207 sesiň goldamagynda we 106 sesiň garşy çykmagynda kabul edildi. Emma kanunyň ençeme maddalary kesgitsiz galýar, şol sanda kimiň jogapkärçilige çekiljegini, ýagny hirurgiýa operasiýasyny amala aşyran lukmanlaryňmy ýa-da operasiýany etdirenleriň jogapkärçilige çekiljegini takyklamaýar.
Habar berlişine görä, kanun proýekti önelgesizlik operasiýasynyň çaga dogurmazlyk üçin mümkinçilik hökmünde propagandirleýän adamlar üçin hem tussaglyk jezasyny girizer. Eýranda aýallara çagasyny aýyrtmak mejbury zerurlykdan bolaýmasa, başga halatlarda eýýäm gadagan edilen.
Kanunyň taslamasy Saglygy saklaýyş komitetiniň garamagyna tabşyryldy. Üstünde işlenen taslamanyň kanuna öwrülmegi üçin ol parlament tarapyndan tassyklanyp, ýurduň Ýokary geňeşi tarapyndan öňlanmaly.
Soňky aýlaryň dowamynda Eýranyň baş lideri aýatolla Ali Hamenei ýurduň ösüşini goldamak üçin ilatyň demografiýa taýdan garramagy problemasynyň çözülmeginiň zerurdygyny birnäçe gezek nygtady. 2012-nji ýylda Hamenei Eýran yslam respublikasynyň ilat sanyna gözegçilik boýunça uzak möhletleýin syýasatyny «ýalňyş» diýip atlandyrdy we Eýranyň ilatynyň sanyny iki esse ýokarlandyryp, 150 million adama ýetirmäge çagyrdy.
Maý aýynda baş lider döwlet häkimiýetiniň üç şahasyna ýüzlenip, 14 sany meseleden ybarat programmany öňe sürdi. Dokumente laýyklykda hökümet çaga dogrulmagyny ýokarlandyrmak üçin ädimleri ätmeli, olaryň arasynda nika baglaşmaga päsgel berýän problemalary aradan aýyrmak we ýaş çatynjylara goldaw bermek ýaly meseleler göz öňünde tutulýar.
"Köp boldugyça gowy"
Şeýle-de dokumentde Günbataryň «negatiw täsirlerine» garşylyk hökmünde «yslam we eýran durmuşyny» wagyz etmegiň zerurlyklary barada gürrüň gidýär.
Bu çäreler Eýranyň ilat sanynyň artmagyny çäklendirmek boýunça 20 ýyllap alyp baran programmasy bilen bagly syýasatynda 180 gradus öwrülişigiň başlanandygyny aňladýar.
Iýun aýynyň aýagynda «Keýhan» atly konserwatiw gündelik gazetinde çap bolan makalada aýdylyşyna görä, Hamenei ilatyň san taýdan ösüşini saklamak boýunça syýasat örän tiz we netijeli amala aşdy diýip hasaplaýar we Eýranyň ilat sanynyň ösüşiniň nola golaýlamagyndan howatyrlanýar. Habar berlişine görä, Eýranda ilatyň ösüş derejesi 2013-nji ýylda 1.2% bolupdyr.
Indi döwlet mediasynda çaga dogrulyş derejesini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan kampaniýa «näçe köp bolsa, şonça-da gowy» diýen şygaryň astynda geçýär. Çaga dogurmagy planlaşdyrmak boýunça döwlet programmalarynyň býujeti çäklendirildi, prezerwatiwler üçin berlen pul kömegi ýatyryldy.
Emma täze proýekt hemmäniň göwnünden turmady. Käbir kanun çykaryjylar aýallara we erkeklere önelgesizlik operasiýasy edileni üçin jenaýat jogapkärçiliginiň girizilmeginiň berip biljek peýdasyndan zyýanynyň has köp boljagyny aýdýarlar. Sebäbi öňelgesizlik operasiýasyny etdiren eýranlylaryň sany onçakly köp däl.
“Aýallaryň göwreli bolmagynyň öňüni almak boýunça usullaryň diňe üçüsi hirurgiýa operasiýasy bilen bagly” diýip, 24-nji iýunda parlamentiň maslahatynda mejlisiň deputaty Mehti Dawatgari aýtdy. “Biz kanuny diňe şol 3% üçin kabul edýäris. Bu bolsa şeýle operasiýalaryň hususy klinikalarda ýa-da gizlin kärhanalarda edilmegine getirer” diýip, Dawatgari sözüniň üstüni ýetirdi.
Ol 2012-nji ýylda göwreli bolmagyň öňüni almak boýunça serişdelerden 3,5 million eýranlynyň peýdalanandygyny, olardan 100 müň adamyň hirurgiýa operasiýalaryny etdirendigini, 1.3 million adamyň ýörite dermanlary içendigini, galanlaryň bolsa başga serişdelerden peýdalanandygyny aýtdy.
Dawatgari özüniň bu kanun bilen razylaşmaýandygyny bellemek bilen, kanun proýektinde kimiň, lukmanlaryňmy ýa lukmanlara ýüz tutanlaryň jezalandyryljagynyň hem belli däldigini aýtdy. Şeýle-de ol eger bu kanun kabul edilse, onuň jenaýatçylyk we tussaglyk derejesini ýokarlandyrjakdygyny belledi we sözüniň üstüni ýetirip, “biz gamçy we türme bilen haýbat atyp, adamlary çagaly bolmaga mejbur edip bilmeris” diýdi.
24-nji iýunda parlamentiň maslahatynda deputat konserwator Ali Motahari kanun proýektini goldap çykyş etdi we Eýranda ilat sanynyň haýal ösmeginde Günbatary aýyplady.
Eýran metbugaty Motahariniň çykyşyndan “Günbatar medeniýetine eýerilmegi biz üçin problema döretdi. Ilatyň san taýdan ösüşini saklaýan ähli böwetler ýok edilmeli” diýeň sitatany çap etdi.
Motahari önelgesizlik operasiýasyny adamyň saglygyna bagly ýagdaýlardan başga halatlarda “paýhassyzlyk” diýip atlandyrdy.
“Dördünji çagasyny dogran aýallaryň keselhanalarda özlerinden bidin öňelgesiz edilmegi bilen bagly ýagdaýlara duş geldik” diýip, Motahari belleýär.
Deputat Hamidreza Tabatabaýy muňa garşy çykyş edip, soňky ýyllarda öňelgesizlik operasiýasyna diňe WIÇ/SPID-e, gepatite uçran adamlaryň we uly ýaşlylaryň sezewar edilendigini aýtdy.
"Gaýtam jezany azaldyň"
Metbugatda hem belli bir garşylyk bildirildi.
Hukukçy professor Mohammad Haşemi ýarym resmi ISNA agentligine beren interwýusynda agzalýan kanun proýektiniň graždanlaryň Eýranyň konstitusiýasynda göz öňünde tutulan esasy hukuklaryny bozýandygyny aýtdy.
“Öýlenmegi ýa-da öýlenmezligi, çagaly bolmagy ýa bolmazlygy erkin saýlamak adamyň kanuny hukugydyr” diýip Haşemi hiç bir adamyň şahsy durmuşyna goşulmaly däldigini aýtdy.
“Tabnak.ir” websaýty operasiýalary ýerine ýetirýän lukmanlara jenaýatçy hökmünde garaljagyny “ajy ýaňsy” diýip atlandyrdy.
Saýtda aýdylyşyna görä, kanun proýektiniň tarapdarlary Eýranyň ykdysady we jemgyýetçilik problemalarynyň esasy sebäplerini äsgermeýärler. “Öýlenýän adamlaryň sanynyň azalmagyny, aýrylyşýanlaryň sanynyň köpelmegini we köp sanly ykdysady problemalary nädip görmezlige salyp bolýar” diýip, maglumatda aýdylýar.
Problema sosial ulgamlarda hem maslahat edilýär.
Eýranlylaryň biri şeýle ýazdy: “Eger-de wazektomiýa operasiýasyna derek ölüm jezasy gadagan edilen bolsa, onda Eýranyň ilaty eýýäm 150 million adama ýeterdi”.
Ýene bir ulanyjy ilat sanyny artdyrmak barada çagyryş edýän Eýranyň lideriniň logikasyny düşnüksiz diýip atlandyrdy: “Biz ýeter-ýetmezçilik, sagdyn bolmadyk ykdysadyýet we daşky gurşawa degişli problemalara garşy göreşýäris, olar bolsa 150 million ilat barada karar çykarýarlar”.