Geň-taňlyk: Lukaşenko belarusça gürledi

Belarusyň prezidenti Aleksandr Lukaşenko.

Belarusyň prezidenti Aleksandr Lukaşenko (Alyaksandr Lukashenko) belarus dilinde eden çykyşy bilen öz halkyny geň galdyrdy.

Lukaşenkonyň ýurduň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda eden çykyşy, onuň uzak wagtdan bäri belarus dilini kemsitmek endiginden geň galdyryjy ýagdaýda daşlaşýan pursaty boldy. Bu çykyş 20 ýylyň dowamynda belarus lideriniň resmi taýdan ilkinji gezek rus dilinde däl-de, belarus dilinde öz halkyna aňladýar.

Ýöne Lukaşenkonyň öňki metbugat wekili Alýaksandr Fiaduta adamlaryň bu çykyşdan o diýen köp many gözlemeli däldigini aýdýar.Bu çykyş Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin Belarusyň faşistik goşunlardan azat bolmagynyň 70 ýyllygynyň dabarasyna gatnaşmak üçin Minskä gelmegine bir gün galanda edildi. Bu hem, gürrüňsiz, hemmeleriň ünsüni çekdi.

“Ol [Lukaşenko] Russiýa arkasyny öwürýär diýip düşünmeli däl. Onuň öz ugry bar” diýip, 1995-nji ýylda Lukaşenko bilen ýoly aýrylyşan we häzirki wagtda hormatlanýan syýasy analitik Fiaduta belledi.

Aslynda Fiaduta häzire çenli Lukaşenkonyň belarus dilindäki ilkinji we ýeke-täk çykyşyny ýazan adamdyr. Lukaşenko mundan kän ýyl öň, 1994-nji ýylda, ýagny prezidentlige täze saýlanan döwri, ýurduň Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli geçirilen dabarada halka ýüzlenipdi. Şonda ol çykyşy ýazan Fiadutady.

Ýöne, Fiadutanyň aýtmagyna görä, Lukaşenkonyň şol çykyşyny belarus metbugatynyň tankydy nukdaýnazardan ýiti seljermegi soňra onuň belarus dilinden daşlaşmagyna sebäp bolupdyr.

“Gynansak-da, Alýaksandr Lukaşenkonyň belarus dilinde eden ilkinji çykyşyndan soň, hemmeler onuň näme diýmek islänini we onuň nähili çykyş edenini derňäp başladylar. Ol öz çykyşy barada aýdylanlaryň ählisini okansoň, belarus dilinde gürlemekden boýun gaçyrdy” diýip, Fiaduta aýdýar.

Şol wakalardan soň Lukaşenko özüniň belarus dilini halamaýandygyny gizläp durmady.

“Belarus dilinde gürleýän adamlaryň bu dilde geplemekden başga bitirýän işleri ýok. Sebäbi siz belarus dilinde çuň mazmunly nämedir bir zat beýan edip bilmeýärsiňiz” diýip, Lukaşenko 1994-nji ýylda çykyş edipdi. Ol şonda belarus dilini söz gory taýdan “garyp dil” diýip häsiýetlendirip, rus we iňlis dillerini “beýik diller” diýip taryplapdy.

Lukaşenko şondan bir ýyl soň, ýagny 1995-nji ýylda geçirilen dawaly referendumyň netijelerine esaslanyp, belarus dili bilen bir hatarda rus diline-de döwlet dili derejesini beripdi.

Lukaşenkonyň höküm süren döwründe ýurduň çäginde belarus dilindäki mekdepleriň we neşirleriň sanynyň gaty pese gaçmagy bilen, tankytçylar ony soňky 20 ýylyň dowamynda belarus diliniň ulanylyşyna çäklendirme girizmekde aýyplaýarlar.

Uzak taryhyň dowamynda belarus dili oňaýsyz dil hökmünde äsgerilmän gelýärdi. Sowet döwründe belarus dili daýhanlaryň (obalylaryň) dili hasaplanýardy we sosial basgançakdan ýokary derejelere galmak isleýän adamlar köpçülikde orsça geplemäge mejburdylar.

Häzirki wagtda belarus dili köplenç oppozisiýanyň tarapdarlary, milletçiler we intellektuallar tarapyndan ulanylýar.

Belaruslaryň uly bölegi bolsa “trasiank” diýlip atlandyrylýan iki diliň gibridini ulanýarlar.

Şu hepde Lukaşenkonyň belarus dilinde eden taryhy çykyşy onuň belarus dilinde gürläp bilmeýändigi barada aýdylanlary hem puja çykardy.

Syýasy analitik Fiaduta jemgyýetçiligi we metbugaty bu gezek Lukaşenkonyň belarusça çykyşy babatynda has geçirimli bolmaga çagyrdy. Ol öz Facebook sahypasynda paýlaşan maglumatynda: “Belarusyň prezidentiniň üstünden gülmegi bes ediň. Ony gorkuzmaň, bolmasa biz [onuň indiki belarusça çykyşyna] ýene-de 20 ýyl garaşmaly bolarys” diýip ýazýar.