Türkmenistan erkekleriň, aýallaryň we çagalaryň mejbury zähmete, ten söwdasyna çekilmeginiň çeşme-ýurtlarynyň biri bolup durýar diýip, Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamentiniň dünýäde adam söwdasy baradaky ýyllyk hasabatynda (2014-nji ýyl) aýdylýar.
Hasabatyň awtorlary dünýäniň ýurtlaryny bu meselede üç topara bölýärler: olaryň birinjisi adam söwdasyna garşy maksimal göreş alyp barýan ýurtlar, ikinjisi bu ugurdaky talaplary minimal derejede amala aşyrýan ýurtlar, üçünji topara adam söwdasy babatda heniz agyr ýagdaýda galýan ýurtlar girýär.
«Türkmenistanly erkekler we aýallar daşary ýurtlara iş gözläp gidenlerinde, mejbury zähmete sezewar edilýärler. Türkmen aýallary we gyzlary daşary ýurtlarda ten söwdasyny etmäge mejbur bolýarlar. Oba ýerleriniň ýaşaýjylary we aýallar adam söwdasynyň pidalary bolmak töwekgelligine iň golaý toparlar hasaplanýar, ýöne halkara guramalary erkek pidalaryň hem sanynyň köpelýändigini aýdýarlar» diýip, hasabatda bellenilýär.
Ekspertleriň hasaplamalaryna görä, her ýylda türkmenleriň bir topary adam söwdasynyň pidasyna öwrülýär, olaryň aglaba köplügi bolsa zähmet ezişiniň pidasy bolýar. Türkmenistanly pidalaryň iň ýygjam barýan ýeri Türkiýe bolup, olaryň ikinji köp gatnaýan ýurdy Orsýetdir. Soň olar Birleşen Arap Emirliklerine, azrak mukdarda Eýrana, Gazagystana, Pakistana, Kipre, Angliýa, Şwesiýa, Birleşen Ştatlara hem gatnaýarlar.
Bir halkara guramasynyň hasaplamalaryna görä, her aýda Türkmenistana adam söwdasynyň pidasy bolan raýatlaryň 10-dan 15-e çenlisi gaýtarylyp eltilýär diýip, hasabatda aýdylýar.
«Türkmen raýatlary ýurt içinde hem mejbury zähmet çekmeli bolýarlar. Pagta ýygymyna gatnaşmak, ozalkylary ýaly, döwlet sektorynyň işgärleri üçin hökmany bolup durýar. Berilýän habarlara görä, Daşoguz, Lebap welaýatlarynyň kärhana eýeleri işgärlerini pagta ýygymyna ibermäge borçly edildiler» diýip, hasabatda aýdylýar.
Şeýle-de hasabatda Türkmenistanyň adam söwdasynyň pidalaryna ýardam etmändigi, 2013-nji ýylda adam söwdasynyň pidasy bolan 33 raýatyň döwlete degişli bolmadyk çeşmelerden kömek alandygy habar berilýär. Halkara guramalary bolsa Türkmenistandan 61 pida kömek edendiklerini aýdýarlar. Deňeşdirmek üçin aýdylsa, hasabatyň awtorlary 2012-nji ýylda bu ýurtdan 232 pida kömek berlendigini belleýärler.
Şeýle-de hasabatda ýurduna deportasiýa edilen türkmenistanlylaryň bäş ýyllap ýurtdan çykmasyz edilýändigi habar berilýär.