Yrak: ABŞ bilen Eýran nähili hyzmatdaşlyk edip biler?

ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama (sagda) we Eýranyň prezidenti Hassan Rohani

ABŞ-nyň we Eýranyň resmileri Yrakda “Yrak yslam döwleti we Lewant” (ISIL) atly topara garşy göreşde özara hyzmatdaşlyk mümkinçiligine garap biljekdiklerini aýdýarlar. Emma bu nähili görnüşde amala aşyrylyp bilner?
ABŞ we Eýran Yrak meselesinde uzak wagtlap bir-birine garşydaş bolupdylar, şol bir wagtda-da olaryň ikisi-de özlerini Bagdadyň ýarany hasaplaýarlar. Häzirki wagtda gozgalaňçylaryň Yragyň demirgazygyna basyş edýän döwründe Waşingtonyň we Tähranyň bilelikde işleşmegine esas bar. Emma munuň üçin nähili mümkinçilikler bar? Geliň, hyzmatdaşlyga degişli bäş meselä seredeliň.

Hyzmatdaşlygy kim hödürleýär?

Taraplaryň ikisi-de, takyk teklipleri etmezden, özleriniň hyzmatdaşlyk üçin açykdyklaryny adýarlar. Inisiatiwa Eýranyň prezidenti Hassan Rohaniniň 14-nji iýunda eden çykyşyndan ugur aldy. Rohani, eger Waşington Yrakda sünni ekstremist söweşijilerine garşy çäre görse, Eýranyň özara hyzmatdaşlyk meselesine garamaga taýýardygyny aýtdy.

16-njy iýunda ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri özüniň “hakyky durnuklylygy üpjün etmek üçin netijeli bolup biljek hiç bir zady aradan aýyrmaýandygyny” mälim etdi.

Şol bir wagtda-da geljekki potensial hyzmatdaşlykda aradan aýrylýan käbir ugurlar kesgitlenildi. ABŞ tarapyndan Pentagon Eýran bilen özara harby hyzmatdaşlygy düýpden aradan aýyrýandygyny aýtdy. Eýranyň milli howpsuzluk geňeşi-de Waşington bilen harby hyzmatdaşlygy inkär edýär.

Başlangyç kontaktlaryň 16-20-nji iýun aralygynda Wenada Eýranyň ýadro programmasy boýunça geçirilen maslahatlaryň çäginde bolandygy habar berilýär. Emma netijeler barada häzirlikçe aýdylan zat ýok.

Motiwasiýa näderejede güýçli?

Analitikler hyzmatdaşlyk üçin islegleriň we zerurlyklaryň güýçlüdigini aýdýarlar. Sebäbi “Yrak yslam döwleti we Lewant” (ISIL) atly topar diňe Yrak bilen çäklenmän, töwerek-daşa howp salýar.

Bu söweşiji topar “diňe Yragyň ýakyn töwereginde däl-de, has giň regionlarda, şol sanda Günbatarda terrorçylykly hüjümleri amala aşyrmak töwekgelçiligini döredýär” diýip, Londonda ýerleşýän “AKE group” atly töwekgelçilikler barada maslahat berýän guramanyň Yrak boýunça bilermeni Jon Drake (Jon Drake) aýdýar.

Sünni radikal guramasy bolan “Yrak yslam döwleti we Lewant” (ISIL) atly topar Siriýanyň demirgazygynda Tähranyň ýarany Damaska garşy söweşýär we bu ýerde öz döwletini döredýändigini aýdýar. Bu gurama öz öňünde yslam şerigatyna esaslanýan yslam halifatyny döretmek maksadyny goýýar.

Hyzmatdaşlyk nähili bolup biler?

Analitikleriň aýtmagyna görä, Yrakda “Yrak yslam döwleti we Lewant” atly topara garşy göreş iki ugurdan, ýagny gozgalaňçylaryň koalisiýasynda ektremistik elementleri gowşatmak we gepleşiklere taýýar agzalaryny tapmak ugry boýunça amala aşyrylyp bilner. Gozgalaňçylaryň koalisiýasy barlyşyksyz jyhadçylary, Saddam Huseýn döwründen soň dikeldilen Baas partiýasynyň agzalaryny we beýleki köp sanly sünni söweşiji toparlary, şol sanda ençeme tire-taýpa liderlerini öz içine alýar.

Bagdat howplara garşy durmak boýunça çäreleriň harby hereketlerden ybarat boljagyny aýtdy. Yragyň ululygy boýunça ikinji ýerde durýan Mosul şäherinde we beýleki ýerlerinde söweşen milli goşuny häzirki wagtda Bagdadyň golaýynda ýerleşýär.

Bu goşun, esasan, şaýy söweşijileriniň goldawyna daýanýar.

Hyzmatdaşlyga näme pasgel berýär?

Tähran bilen Waşingtonyň ikisi-de ýurduň içinde taraplaryň özara hyzmatdaşlygyna garşy çykyş edýän toparlar bilen ýüzbe-ýüz bolup bilerler.

Waşingtonyň Eýran bilen hyzmatdaşlyk baradaky beýannamasy respublikan senator Jon Makkeýn (John McCain) ýaly Obamanyň tankytçylarynyň ýazgaryp çykyş etmegine sebäp boldy. Makkeýn Eýran bilen hyzmatdaşlyk etmek planyny “samsyklygyň aňrybaşy” diýip atlandyrdy.

Emma Obamanyň ýene bir tankytçysy, Jon Makkeýniň ýarany senator Lindsey Graham hyzmatdaşlygy goldady.

Şuňa meňzeş syýasy gapma-garşylyklar Tähranda hem ýüze çykdy.

Prezident Hassan Rohani Günbatar bilen Eýranyň ýadro programmasy boýunça hem gepleşik geçirilmegine närazylyk bildirýän aşa konserwatiw güýçleriň garşylygy bilen ýüzbe-ýüz bolýar.

Emma Yrak boýunça hyzmatdaşlyk Tähranyň öz ýadro programmasy boýunça gepleşiklerindäki pozisiýasyny güýçlendirýär we onuň tankyt edilmegini kynlaşdyrýar.

Indiki ädim nähili bolar?

Analitikleriň ençemesi ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň, bu iki ýurduň arasyndaky ozaldan bar bolan gapma-garşylyklar zerarly, asuda amala aşar öýdüp garaşmaýarlar.

Şu günki gün hyzmatdaşlygyň başa baryp-barmajagyny anyk bilip bolmaýar. Emma bu mesele bilen baglylykda bellenmäge mynasyp bir fakt bar, Waşington bilen Eýranyň arasynda harby aňtaw ugrundan ozalky aragatnaşyk 2001-nji ýylyň 11-nji sentýabryndan soň “Talybana” garşy göreş boýunça amala aşyrylypdy.