Yrak: Sistani täze hökümet düzmäge çagyrdy

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Yrakda türkmen şäheri ýas tutýar

Yragyň şaýy köplüginiň ruhany lideri täze “netijeli” hökümeti döretmäge çagyrdy.

Aýatolla Ali al-Sistani öz wekilleriniň üsti bilen eden beýannamasynda geljekki hökümetiň “ähli yraklylar üçin has gowy geljege tarap täze ýollary açmalydygyny” aýtdy.

Sistaniniň adyndan çykyş eden Abdul-Mahdi al-Karbalaie ýurduň ençeme böleklerinde hereket edýän sünni ekstremistleriniň giç bolmanka Yrakdan çykarylmalydygyny aýtdy.

Karbalaie 20-nji iýunda Karbalada eden çykyşynda dürli dinlere uýýan we dürli jemgyýetlerden bolan yraklylaryň sünni ekstremistlerine garşy söweşmek üçin bileleşmeldigini aýtdy. Ol Sistaniniň ýaragly güýçlere goşulyň diýip, yraklylara çagyryşynyň “olaryň dinine tapawut goýmazdan, ähli raýatlara” ýüzlenip edilendigini aýtdy.

“Al-Kaýda” bilen bagly “Yrak yslam döwleti we Lewant” (ISIL) atly toparyň baştutanlygyndaky ekstremistler sünni araplaryň şaýylaryň ýolbaşçylygyndaky hökümetiň kemsitmeleri zerarly toplanan gahar-gazabyny özüne goldaw tapmak üçin ulanýar.

ABŞ-nyň kömegi

Prezident Barak Obama 19-njy iýunda eden çykyşynda ABŞ-nyň söweşijilere garşy göreşe ýardam bermek üçin 300-e çenli harby geňeşçisini iberip biljekdigini aýtdy.

Obama Yrakda söweşmek üçin gaýdyp hiç bir amerikan harbysynyň iberilmejegini mälim etdi.

Şu aýyň başynda “Yrak yslam döwleti we Lewant” atly toparyň ýurduň demirgazygynda öz basyşlaryny güýçlendirip, ýurduň ululygy boýunça ikinji ýerde duran Mosul şäherini basyp almagy Yragyň goşunynda tertipsizlik döretdi.

Yragyň hökümeti söweşijilere garşy howadan zarba urmagy sorap, ABŞ-a ýüz tutdy.

Obama “eger haçan-da” gerek bolanda, özüniň “anyk nyşana alýan” harby çärelere taýýardygyny, emma welin häzirlikçe hiç hili harby karara gelinmändigini aýtdy.

Gandöküşiklik dowam edýär

Habar berlişine görä, Yragyň hökümeti öz goşunlarynyň ýagdaýa “doly gözegçilik edýändigini” aýdan hem bolsa, Yragyň howpsuzlyk güýçleri 20-nji iýunda-da Bagdatdan demirgazykda ýerleşýän Baiji nebit zawodynda gozgalaňçylara garşy söweşdiler.

Resmileriň we şaýatlaryň aýtmagyna görä, Yragyň dikuçary polisiýany gozgalaňçylardyr öýdüp ok açanda, parahat ýaşaýjyny öldüripdir.

Bu waka Bagdatdan demirgazykda ýerleşýän Duluiýa şäherinde ýüze çykdy. Bu şäher soňky hepdede gozgalaňçylar tarapyndan basylyp alnypdy we soň ýene-de hökümet güýçleriniň eline geçipdi.