Erkinligiň aýdymçysy

Annasoltan Kekilowa

Annasoltan Kekilowanyň goşgularynyň soňky ýygyndysy 1992-nji ýylda çap edildi. Ony toplan hem sözbaşy ýazan, ýaş edebiýatçy M. Mämmetgurbanow.

Kitabyň sözbaşysy şu sözler bilen jemlenýär.

“1983-nji ýylyň 19-njy iýunynda säher wagtlary garyndaşlary Annasoltanyň jesedini keselhanadan alyp gidýärler. Şondan soň keselhanadaky Annasoltana degişli dokumentleriň içinde şeýle ýazgy peýda bolýar. «Annasoltan Kekilowa oglunyň haýyşy boýunça öýde seretmek üçin keselhanadan çykaryldy».”

Şu pursada çenli Annasoltan örän agyr hem güzaply ýoly başdan geçirýär.

Erkinlik ýoly

Ol aşa erjelligi, ýiti talanty hem mertligi bilen uly edebiýata girdi. Geçen asyryň ikinji ýarymynda, türkmen edebiýatynyň gülläp ösen döwründe Daň ýyldyzy ýaly parlap dogdy. Ol döretdi hem başgalara edebi täsirini ýetirdi.

Şol döwürde Annasoltan Kekilowa ýaly aýratyn belli şahsyň hem şahyryň ýaşap geçendigini ret etmek mümkin däl. Şeýle-de bolsa, dürli sebäplere görä, onuň galamdaşlarynyň köpüsi beýle şahsyň bolandygyny hem ýaşap geçedigini bilmezlige saldylar. Tüýs şahyr wagtynda, ykrar edilmeli döwründe, onuň döredijiligi barada dil ýarmadylar.

Aslynda onuň täze poeziýasy bardy, öňki şahyrlaryň hiç birine meňzemeýärdi. Şol wagtyň özünde-de onuň Zenan poeziýasy bardy. Onuň aýratyn ýoly hem täzeçilligi başgalaryň gözüni gamaşdyrýardy. Ol döwrüň edebiýatyna öz döredijiligi hem durmuşda eýelän gaýduwsyz ýoly bilen uly täsir ýetirdi.

Annasoltanyň başyndan inen bela-beterler döredijiligi sebäpli ýüze çykdy. Başgaça aýdylanda, onuň şahsyýeti döredijiligine görä kesgitlendi. Ol öz poeziýasynda erkinligi janlandyrdy hem onda erkinlik ösüp başlady. Türkmen poeziýasyna köpleriň entek düşünmeýän ýa-da düşünmek islemeýän zadyny – erkinligi getirdi.

Partiýany söýmelimi?

Annasoltan Kekilowanyň poeziýasyndaky iň möhüm ugurlaryň biri, ol Kompartiýa hökmürowan wagtynda, Leninsiz, Kommunistik partiýasyz goşgular ýazdy. Sebäbi kommunistler aýdylyşy ýaly, rewolýusion özgerişlikleri döredijiler däldi, olar öz agalygyny hem kommunistik diktaturany saklamak üçin, berk göreş alyp barýardy. Olar korrupsiýa batypdy. Öňki kommunistleriň ornuna olaryň çagalary gelýärdi, bir başlygyň ornuna onuň ogly ýa gyzy başlyk bolýardy. Olaryň maksady diňe öz agalygyny goramak, çagalarynyň gowy ýaşamagyny üpjün etmekdi.

Şol şertde, Annasoltan sada halkyň, takyk aýdylanda, türkmen aýallarynyň jemgyýetdäki ornuny kesgitledi.

Biz gyrnak,
Bilýäris
gyrnaklygymyzy.
Şoň üçin dört ýere bölýäs ýüregmiz.
Ine, ýüregmiziň bir böleginde
Gussaly ýaşlygmyz hem ajal ýatyr.
Gün gerekmi?! –
Tümlük?
Isläniň saýla!..

Dar kabinetlerde möhür basýarlar.
Basgylap,
Iň oňat aýdymlarmyza
Gyrnaklygmyz bilen
Baha kesýärler…


Gan algysy barmy, asyrlaň bizden,
Biz şuny soraýas ogullarymyzdan.

Ol öz durmuşdaky ornuna hem hyzmatyna gyrnak hökmünde baha kesilmegine garşy boldy.

Galdyr başyň,
Owadan gyz,
Iller ap-ak
Ýüzüň görsün…


Şeýle pikirleri hem ondaky erkinligi ýok etmek üçin, hökümetler çäre görüp başladylar. Ahyrynda ony dälihana atdylar.


Üzňelik

Jemgyýet öz şahyryndan üzňedi. Jemgyýeti talap etmek hukugyndan ýa-da “Bu näme üçin beýle?” diýip sorag bermekden mahrum edipdiler. Aslynda Annasoltany şeýle berk yzarlamak bilen başgalaryň gözünde ot ýakýardylar.

Eýsem Annasoltan bu bela-beterlerden gutulyp bilmezmidi?

Munuň üçin ömrüňi hem işiňi şol syýasata laýyk alyp barmalydy. Şony başaran halatyňda “Sowet Soýuzynyň azat hem erkin raýaty” bolýarsyň.

Şol “sowet erkinligi” dälihanada ýatan Annasoltana birnäçe gezek teklip edilendir. Adatça ady tutulmaýan edaranyň işgärleri “ýoldan çykan” bilen gürleşenlerinde, öz ýoluňdan dänmegi maslahat berýärler.

Söýemok men bu jahanda,
Ýaranjaklap gün görmäni.
Ýagşy görýän beýle günden,
Öz ajalma jan bermäni…

Dönmerin men öz pikirimden,
Atsalar-da ýanar oda.
Ömrüm boýy hyzmat etjek,
“Ynsan” diýen belent adam.


Şahyr göwnüne düwen kakaryndan dänmejekdigini açyk aýdýar. Soňra şahyr şol “azatlyk” diýilýäni bilen dälihana durmuşyny deňeşdirip görýär. Şeýdip, gulçulykdaky azatlygyň manysyzdygyny kesgitleýär. “Akja kebelege ýüzlenme” goşgusynda, beýle durmuşyň özüne gerekmejekdigini aýdýar.

Nädeýin men gargalaryň şalygyn,
Öwrenip bilmesem olaryň dilin.


Şondan bäri biziň aramyzda Annasoltanyň ruhy ýaşap gelýär.

Hudaýberdi Hally, ýazyjy.
Makalada öňe sürlen pikirler awtoryň özüne degişli.