Yrak: Söweş nebit zawody üstünde barýar

Baijidäki zawod

Yragyň howpsuzlyk güýçleri 19-njy iýunda ýurduň Baijidäki iň uly nebiti gaýtadan işleýän zawodyny pitneçilerden yzyna almak üçin söweşi dowam etdirdiler. Bu şäher Bagdatdan 200 km çemesi demirgazykda ýerleşýär.

Resmiler premýer-ministr Nuri al-Malikiniň şaýylaryň ýolbaşçylygyndaky hökümetine ygrarly howpsuzlyk güýçleriniň nebiti gaýtadan işleýän zawody gaýtadan ele geçirendiklerini, emma Al-Kaýdadan bölünen YYDL pitneçileri bilen atyşyklaryň dowam edýändigini aýdýarlar.

Emma muňa garamazdan, Al-Arabiýa telewideniýesinde efire berlen wideoda bu zawodyň üstünden gara tüssäniň ýokary galýandygy we YYDL-yň gara baýdagynyň galgaýandygy görünýär.

Baiji geçen hepde sünnileriň ýolbaşçylygyndaky YYDL pitneçileri tarapyndan ele geçirilen territoriýada ýerleşýär.

Yragyň hökümeti şu aralykda Birleşen Ştatlaryň jeňçilere garşy howa zarbasyny urmagy barada eden haýyşyna jogap berilmegine garaşýar.

Obama maslahat edýär

Prezident Barak Obama 18-nji iýunda Ak tamada, Kongresiň tassyklamasy talap edilermi ýa-da zerurmy diýen soraglaryň berilýän wagtynda, Yrakda sünni pitneçiliginiň ilerlemesine garşy harby çäre görmek ähtimallygy barada maslahatlaşmak üçin, uly derejeli kanunçykaryjylar bilen duşuşdy.

Obama Senatdaky köplügiň lideri Harry Reid (Demokrat-Newada), Senatdaky azlygyň lideri Mitç MakKonel (Mitch McConnell) (Respublikan-Kentuki), Wekiller öýüniň spikeri Jon Boehner (Respublikan-Ohio), Wekiller öýündäki azlygyň lideri Nansi Pelosi (Demokrat-Kalifornia) dagy bilen bir sagatdan hem kän maslahat etdi.

MakKonel bu duşuşykdan soň žurnalistlere Obama «özüniň görmegi ahmal çäresi barada bizden hiç bir ygtyýar almak zerurlygyny duýmaýandygyny görkezdi" diýdi.

Pelosi bolsa duşuşykdan soň, nähili aýratyn çäreleriň ara alnyp maslahatlaşylandygyny aýtmazdan, Obama Yraga howpsuzlyk ýardamyny bermek üçin mundan aňryk hiç bir kanuny ygtyýarnama almaga mätäç däl diýdi.

Emma muňa garamazdan, "The New York Times" Ak tamyň resmilerine we demokrat kömekçilere salgylanyp, Obamanyň görjek çäresiniň Kongresde sese goýulmak ähtimallygyny aradan aýyrmaýar.

Howa zarbalary urlarmy?

Waşingtonyň, Yragyň harby kömek baradaky haýyşyna jogap edip, howa zarbalaryny ýa-da dron hüjümlerini ulanmagyň pikirini edýändigi, emma Yraga söweş goşunlarynyň iberilmejegi habar berildi.

Obama eýýäm Birleşen Ştatlaryň 275 çemesi esgeriniň Bagdatdaky Amerikan ilçihanasyny goramak üçin iberilendigini aýtdy.

Boehner Obama bilen duşuşygyndan biraz öň özüniň Yragyň şaýylaryň ýolbaşçylygyndaky hökümetiniň pitneçiler bilen söweşine kömek bermek üçin Eýran bilen işleşmäge düýpden garşydygyny aýtdy.

Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Jon Kerri Waşington bu meselede Eýran bilen diskussiýalara açyk diýdi. Waşington 5+1 döwletleriniň Eýran bilen 16-njy iýunda Wenada geçiren duşuşygynyň gapdalyndan Yrak meselesiniň hem maslahatlaşylandygyny aýtdy.

Şu arada Birleşen Ştatlaryň wise-prezidenti Jo Baýden 18-nji iýunda, pitneçilere garşy bir-bitewülige çagyrmak üçin, Yragyň esasy ýolbaşçylary bilen telefonda gürleşdi.

Ak tam Baýdeniň Yragyň premýer-ministri Nuri al-Maliki, şeýle-de Malikiniň sünni garşydaşy, parlament spikeri Osama al-Nujaifi, Yragyň kürt regionynyň prezidenti Masud Barzani bilen gepleşendigini aýdýar.

Yragyň daşary işler ministri Hoşýar Zibari Bagdat Birleşen Ştatlardan, YYDL-yň («Al-Kaýdadan» bölünen topar bolan Yrak Yslam döwletiniň we Lewantyň ýolbaşçylygyndaky jeňçileriň) howuny basmak üçin, howa zarbasyny urmagyny sorady diýdi.

Zebary 18-nji iýunda Yragyň «şübhesiz howp astyndadygyny» we onuň «böleklere bölünmek ähtimallygynyň bardygyny» aýtdy.

Şeýle-de ol harby çemeleşmäniň ýeterlik bolmajagyny, kesgin syýasy çözgütleriň zerurdygyny aýtdy.

Yragyň milli birligi

YYDL söweşijileri we hökümete garşy sünni tire wekilleri geçen hepde Yragyň ikinji uly şäheri Mosuly we möhüm şäher Tikriti öz kontrollugyna geçirdiler.

Maliki 18-nji iýunda telewideniýede berlen ýüzlenmesinde hökümet güýçleriniň inisiatiwany gaýtadan ele alýandyklaryny we gaýtawul berýändiklerini aýtdy. Ol esasan sünnilerden durýan demirgazykda jeňçileriň öňe müňzemeginiň geň-taňlygy Yragyň milli bitewüligini dikeltmäge kömek etdi diýdi.

Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Jon Kerri 19-njy iýunda Birleşen Ştatlar YYDL pitneçiligi barada maglumat paýlaşmak üçin Eýran bilen gepleşmäge gyzyklanýar diýdi.

Emma Kerri NBC telekanalynda Waşingtonyň bu krizisi Eýran bilen bile çözjek bolmaýandygyny aýtdy.

Ol howa zarbalarynyň urulmak ähitimallygy baradaky soraga jogap berip, «hiç bir zadyň gün tertibinden aýrylmaýandygyny», Obama üçin «ähli mümkinçilikleriň şindi hem elýeterlidigini» aýtdy.