Dynç alyşdaky deňsizlik

Bu ýerde dynç almak her bir türkmenistanly çaganyň islegi diýsek, ýalňyş bolmaz.

Iýun aýynyň başynda çagalaryň Gökderedäki dynç alyş möwsümi başlandy. Häzir üç tapgyrdan ybarat bolan dynç alyş möwsüminiň birinji tapgyry dowam edýär we ol şu aýyň 20-lerine tamamlanar.

Gökderede soňky birnäçe ýylyň dowamynda ençeme çagalar-sagaldyş merkezleri guruldy. Bu merkezlerde çagalaryň dynç almaklary üçin ähli amatly şertler döredilipdir. Her bir dynç alyş merkezinde basseýnler, ýatylýan otaglar, hatda kompýuter otaglary we kitaphanalar hem bar. Dynç alyş merkezlerinde çagalar günüň dowamynda bäş gezek naharlanylýar.

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Haýwanat bagyna gezelenç


Elýeterlilik

Bu ýerde dynç almak her bir türkmenistanly çaganyň islegi diýsek, ýalňyş bolmaz. Emma bu isleg olaryň ene-atalarynyň gurplulygyna, “jübüleriniň galyňlygyna” bagly bolýar. Paýtagtyň ýaşaýjysy Aman bu dynç alyş merkezlerinde dynç almak üçin 20 günlük ýollamalaryň ýa-da putýowkalaryň bahasynyň ene-atalaryň aglabasy üçin elýeterli däldigini aýdýar.

Dynç alyş merkeziň öňündäki çagalar

Ol bu barada şeýle diýýär: “Gökderedäki dynç alyş merkezleriniň ýollamalarynyň bahalary 620 manatdan başlanýar. Ondanam gymmady bar. Bu pul meniň bir aýlygyma golaý”.

Amanyň aýdýan nyrhy ýollamalaryň asyl bahasy. Ýagny, hiç hili ýeňillikler göz öňünde tutulman bellenen nyrh. Emma döwlet edaralarynyň käbirlerinde profsoýuzlar tarapyndan işgärlere ýeňillikli satylýan ýollamalar hem bar. Bu ýollamalaryň bahalary Amanyň aýdýan nyrhynyň ýarysyna satylýar.

Bu hili ýollamalary satyn almak üçin işgär edara-kärhananyň profsoýuzyna ýüz tutmaly. Şeýle-de bu hili ýeňillikli ýollamalaryň işgärlere sylag hökmünde berilýän halatlary-da bolýar. Emma profsoýuzlar tarapyndan berilýän ýollamalaryň sanynyň çäkli bolmagy sebäpli bu ýollamalary her kim satyn alyp bilmeýär.

Ýurduň Profsoýuzlar merkeziniň işgäriniň aýtmagyna görä, bu hili ýeňillikli ýollamalar boýunça şu ýyl Gökderede 400-den gowrak çaga dynç alar. Şeýle-de Gökderede çagalar üçin dynç alyş merkezleri bolan döwlet edaralarynyň işgärlerine-de ýollama almakda edara tarapyndan ýeňillikleriň döredilýändigi aýdylýar. Emma bu hili ýeňillikli ýollamalar hem çäkli.

Belläp geçsek, Gökeredäki gurlan dynç alyş merkezleriniň ählisi haýsy-da bolsa döwlet edarasyna ýa-da guramasyna degişli. Mysal üçin, bu ýerdäki “Nebitçi” dynç alyş merkezi, adyndan belli bolşy ýaly, ýurduň “Türkmennebit” döwlet konsernine degişli.

"Nebitçi" dynç alyş merkezi

Başgaça aýdylanda, döwlet edarasynda işlemeýän ene-atalar bu ýerde çagalaryny dynç aldyrjak bolsalar, ýollamalaryň doly bahasyny tölemeli. Galyberse-de, Gökderede dynç alyş merkezi bolmadyk döwlet edarasynda işleýän ene-atalar hem ýollamalary almakda ýeňilliklerden peýdalanyp bilmeýärler.

“Bu deňsizlik bolýar. Şu dynç alyş merkezleri haýsy bolsa bir edara degişli bolsa-da, olar döwletiň puluna gurlan. Diýmek, her bir adam şolardan peýdalanyp biläýmeli ýaly welin, emma beýle däl” diýip, Aman gürrüň berýär.

Her ýyl tomus dynç alyş möwsüminiň öňüsyrasynda hökümet maslahatlarynda çagalaryň dynç almaklary baradaky meseleler gozgalýar. Emma bu maslahatlarda çagalaryň dynç alyş merkezlerinde dynç almaga mümkinçilikleriniň näderejede elýeterlidigi baradaky meseläniň gozgalyp-gozgalmaýandygy barada döwlet mediasynda maglumat berilmeýär.

Gökderede häzir 14 sany çagalar-sagaldyş merkezleri bolup, olarda 7 ýaşdan tä 14 ýaşa çenli çagalar dynç alýarlar. Gökderedäki bu dynç alyş merkezlerinde her tapgyrda 7 müňden gowrak çaga dynç alyp bilýär.