"Tehnologiýalar merkezi" açyldy

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy

Türkmenistanda Ylym gününe gabatlanyp, "Tehnologiýalar merkezi" açyldy. Dabaraly ýagdaýda açylan bu obýektiň Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň düzüminde esasy orun eýelejekdigi we bu edarada 200 sany alymyň we ylmy işgäriň işlejekdigi habar berilýär.

Türkmenistanda açylan "Tehnologiýalar merkeziniň" ýurduň Ylymlar akademiýasynyň düzüminde esasy orun tutup, ylmyň köpugurly ösüşi üçin şert döredýändigi aýdylýar. Prezident G.Berdimuhamedow bu barada şeýle diýdi: "Hormatly adamlar, döwrüň ösen talaplaryna laýyklykda gurlan bu merkezde ylymyň ileri tutulýan sekiz ugry boýunça düýpli ylmy işler hem alnyp barylar. Bu ugurlaryň hatarynda agrosenagat toplumynda innowasion tehnologiýalar boýunça ekologiýa we tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmak, energetika, ýangyç serişdelerini öndürmek boýunça geçiriljek ylmy barlaglary hem görkezmek bolar".

Türkmenistanyň döwlet resmileriniň, halkara guramalarynyň we daşary ýurt syýasy we biznes wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen açylyş dabarasyna Belarusyň premýer-ministri Mihail Mýasnikowiç, himiýa boýunça Nobel baýragynyň laureatlary ýaponiýaly alym Eýiçi Negişi we ysraýylly alym Ady Ýonat, şeýle-de “Bütindünýä saglyk guramasynyň” baş müdiri Margaret Çen gatnaşdylar.

Merkeziň gurluşy

Tehnologiýalar merkezindäki laboratoriýalarda bio, nano we informasion tehnologiýalara degişli ylmy işleriň geçirilmeginiň hem göz öňünde tutulýandygy aýdylýar.

G.Berdimuhamedow "Tehnologiýalar merkeziniň" gurluşy we enjamlaşdyrylyşy barada, hususan-da, şeýle diýdi: "Tehnologiýalar merkezinde üç sany bölüm we on sany barlaghana bar. Merkeziň bölümleri we barlaghanalary Germaniýanyň, Beýik Britaniýanyň we Ýaponiýanyň iň kämil enjamlary, häzirki zaman kompýuterleri bilen üpjün edildi. Bu bolsa alymlarymyza ylmyň aýra-aýra ugurlary boýunça düýpli we takyk esasy ylmy barlaglary geçirmäge doly mümkinçilik berer".

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň düzüminde täze açylan "Tehnologiýalar merkeziniň" öňünde senagatda alternatiw energiýa çeşmelerinden peýdalanmak we daşky gurşawy öwrenmek ýaly maksatlar hem goýulýar.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ýanynda Gün energiýasy institutynyň hem dörediljekdigi barada ýaňy-ýakynda habar berildi. Türkmen häkimiýetleri Gün institutyny 1990-njy ýyllaryň ortalarynda ýapypdy.

Söwet döwründe 1951-nji ýylda düýbi tutulan Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy 1998-nji ýylda Nyýazowyň permany bilen ýapylypdy we ol 2007-2009-njy ýyllarda jemgyýetçilik esaslarda gaýtadan dikeldildi, 2009-njy ýylyň iýun aýynda bolsa bu ylymlar ojagy "Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasyny döretmek baradaky" permanyň esasynda döwlet edarasy hökmünde doly möçberde dikeldildi.