Aşgabatdaky şäherara hususy taksileriň duralgalary üýtgedildi. Paýtagtyň içindäki öňki köne aeroportuň golaýyndaky Balkan tarapa, Gündogar bazarynyň golaýyndaky Daşoguz tarapa we 11-nji mikroraýondaky awtokombinatyň golaýyndaky Mary we Lebap tarapa gidýän hususy şäherara taksileriň duralgalary Çoganla göçürildi.
Çoganly daçalarynyň başlanýan ýerine göçürilen şäherara hususy taksileriniň bu täze duralgasy şäheriň öňki çäklerinden, kanaldan demirgazykda 10 kilometr uzaklykda ýerleşýär. Häzir bu ýerde entek gurluşyk işleri alnyp barylýar.
Bu ýerde “Menzil” myhmanhanasy gurlupdyr. Awtoulaglar üçin giň duralgalar, müşderiler üçin hem garaşylýan bassyrmalar gurulýar. Häzirki alnyp barylýan gurluşyk işlerinden çen tutup aýtsak, bu ýerde ähli amatlykly döwrebap awtoterminal guruljak.
Emma Aşgabat-Daşoguz trassasynda ýerleşen bu duralga barmagyň kyndygyny aýdýan ildeşlerimiz az däl. Bu ýere jemgyýetçilik transporty bilen barjak bolsaň, onda şäheriň 33-nji we 47-nji marşrut awtobuslaryndan peýdalanmaly.
“Ilki bilen bu awtobuslar az. Soňam, olar Teke bazaryndan ugraýança-da, ep-esli wagt garaşmaly bolýar. Şonuň üçin jemgyýetçilik transporty bilen bu ýere öz wagtynda bararyn diýen umyt ýok” diýip, asly maryly paýtagtyň ýaşaýjysy Allaberdi gürrüň berýär.
“Berjek puluň ýarysy gidýär”
Mundan ozal hususy mikroawtobus taksileri bilen hem bu ýere baryp bolýardy. Emma maý aýynyň başynda olar gadagan edilensoň, indi olar gatnanoklar. Emma hususy ýeňil awtoulag taksileri bu ýere gatnaýarlar.
Ýöne olaryň hyzmatlary üçin tölemeli ýol kireýiniň şol duralgadan başga şähere gitmek üçin tölenýän puluň ýarpysyna dagy ýetýändigini Allaberdi Azatlyk Radiosyna gürrüň berýär: “Mara adam başyna 20 manat ýol kireýini tölemeli bolsa, paýtagtyň içinden bu duralga barmak üçin taksilere 10 manat töweregi tölemeli. Onsoň başga şähere gitmek üçin berjek puluň ýarysyny eýýäm duralga çenli ýol kireýine sarp edýärsiň”.
Şol bir wagtda hem şäherara hususy taksileriň duralgalarynyň Çoganla göçürilendigi barada metbugatdadyr, teleradioda hiç hili bildiriş berilmedi.
Täze duralganyň ýerleşýän ýerinden adamlar bihabar. Bu duralga barmagyň käbir kynçylyklary sebäpli şäherara hususy taksileriň müşderileriniň azalandygyny olaryň käbirleri gürrüň berýärler.
Mary şäherine gatnaýan Umyt bu hakda şeýle diýýär: “Täze duralga göçenimizden soň müşderilerimiz azaldy. Müşderileriň köpüsi täze ýere göçendigimizi bilenoklaram”.
Paýtagtly Allaberdi hem onuň aýdýanlary bilen ylalaşýar. Onuň aýtmagyna görä, häzir otly ýa-da uçar bilen gideniň amatly bolýar. “Elbetde, eger-de bilet tapyp bilseň” diýip, Allaberdi sözüniň üstüne goşýar.
Jaň edip...
Emma hususy şäherara taksiçileriň käbirleri müşderilerine telefon nomerlerini berip, jaň edilen halatynda olaryň öýlerine baryp, müşderilerini alyp ýola düşýärler. Ýöne, Umydyň pikiriçe, bu ýagdaý hem köpe çekmez.
“Häkimiýetleriň, muňa garşy çäre görmek üçin, welaýat maşynlaryny şähere goýbermezliklerem ähtimal. Hökümet görülýän bu çäreden maksadyň nämedigi hakda kelam agyz söz aýdanok, emma bu ädim ilatyň problemasyny diňe artdyrýar” diýip, Umyt gürrüň berýär.
Şol bir wagtda-da taksiçilerem bu ýagdaýdan nägile. Täze duralgadaky taksiçiler, hususan-da bu duralgada awtoulagyny goýmak üçin sagadyna bir manat tölemeli bolýandyklaryny we muşderileriniň bolsa barha azalýandygyny aýdýarlar.
“Köp garaşsaň, köp pul gidýär”
“Maşyn dolýança, müşderilere garaşyp birnäçe sagat durmaly bolýar. Onsoň, näçe köp garaşsaň, şonçada puluň köp gidýär” diýip, Mara gatnaýan taksiçi Umyt täze dörän ýagdaýyň ýolagçylaryň ýa-da şäherara taksi sürüjileriň peýdasyna däldigini düşündirýär.
Paýtagtdan ýurduň beýleki şäherlerine hususy taksilerden başga döwlete degişli şäherara awtobuslar hem gatnaýar. Emma olaryň sany hem köp däl. Mysal üçin, Aşgabatdan Türkmenbaşa her gün bir awtobus ugraýar. Şol sebäpden hususy şäherara taksileriň ýurduň ýolagçy gatnawynda oýnaýan roly örän uly.
Galyberse-de, hususy taksiler diňe bir ýolagçylary gatnatman, eýse poçta aragatnaşygyny hem üpjün edýärler.