Türkmen ýaşlary internetde näme barada gürleşýärler?

Iki käse.

Türkmen ýaşlary internetde öz deň-duşlarydyr ildeşleri tarapyndan paýlaşylýan aýdymlar, suratlar we temalar bilen içgin gyzyklanýarlar. Täze çykan aýdymlar ýa-da olar barada degerli maglumat paýlaşylsa, onda bu asla-da ýaşlaryň gözünden sypmaýar. Söhbet Jumaýewiň “Futbol 2014” atly täze çykaran aýdymy-da “Wkontakte” sosial ulgamynda türkmen ýaşlarynyň ençeme teswirlerine mynasyp bolupdyr.

Şu hepde “Wkontakte” sosial ulgamynyň “Türkmen sungat älemi” atly topary tarapyndan paýlaşylan bu aýdymyň aşagynda käbir agzalar aýdymyň adynyň “Futbol 2014” däl-de, eýse “Ahal topary” ady bilen çykarylmalydygyny ýazypdyrlar. The Danger atly agza: “Söhbet Jumaýew - Ahal topary diýip çykarmaly eken aýdymy, futbola degişli ýeri ýoga aýdymyň” diýip, bu aýdymyň ady bilen onuň mazmunynyň o diýen dogry gabat gelmeýändigini, has dogrusy aýdymyň, umuman futbol barada däl-de, eýse diňe “Ahal” futbol komandasy baradadygyny ýaňzydypdyr.

Bu sosial ulgamda käbir türkmen ýaşlarynyň arasynda pikir alşyga we belli bir derejede hatda çekeleşige sebäp bolan ýene bir tema Begenç Çaryýewiň durmuş toýunyň öň ýanyndaky “Ýüzük dakdy” dabarasyna degişli.

“Türkmen sungat älemi” topary 25-nji maýda aýdymçy Begenç Çaryýewiň durmuş toýunyň öň ýanyndaky “Ýüzük dakdy” dabarasyndan käbir suratlary sosial ulgamda ýerleşdiripdir. Paýlaşylan maglumatdan belli bolşy ýaly bu dabara Aşgabadyň “Botaniki bagynda” bolup geçipdir. Elbetde, bu tema ýaşlaryň ünsüni çekip bilipdir diýse bolar, sebäbi çap edilen suratlaryň aşagynda agzalar tarapyndan 1-nji iýuna çenli jemi 31 sany teswir ýazylypdyr.

Gürrüňi edilýän suratlarda aýdymçy Begenç Çaryýewiň we onuň geljekki ýanýoldaşynyň öz ýakyn dostlarynyň we joralarynyň gatnaşmagynda nika şahadatnamalaryna gol goýşy we biri-birine nika ýüzüklerini dakyşy görünýär.

Türkmen ýaşlarynyň ençemesi türkmeniň gadymdan gelýän adaglamak däbi bilen azda-kände utgaşýan “ýüzük dakdy” dessury bilen baglanyşykly öz pikirlerini ýazypdyrlar. Meselem, Myrat Çaryýew atly agza: “Ýewropalylaryňky ýaly eden bolup, hol otuň içinde ýüzük dakylyşyk eden bolmak näme indi modamy? Bolanyna görä ruhanam çagyryň” diýip, soňky wagtlarda türkmen aýdymçylarynyň arasynda ýoň bolup barýan bu däbe bolan garaýyşyny ýaňsylama bilen beýan edipdir.

Göwher Hemragulyýewa atly agza hem: “Türkmenlerem gün-günden türklere meňzäp barýar” diýip, ýaşlaryň soňky döwürde ýaýrap ugran bu toý däplerine eýermek bilen käbir türkmenleriň ata-babadan gelýän öz milli däp-dessurlaryny unudyp, başga milletleriň däp-dessurlaryny haýran galaýmaly aňsatlyk bilen kabul edýändiklerini tankytlapdyr.

Begli Begliýew atly agza bu temadan: “Hiç kimiňkä meňzemeýän gül ýaljak türkmen däp-dessurlarymyz barka, başga bir millete meňzejek bolmaklyk nämä gerek?” diýip, sorag galdyrsa, Merdan Saparow atly agza mundan ozal öz toýunyň öň ýanynda edil şunuň ýaly “ýüzük dakdy” dabarasyny geçiren aýdymçy Myrat Öwezowy ýatlap, “Biri-biriňizden galaýmaň, bagtly bolsunlar! Menem aýdymçy bolaýmala, şular ýaly toý edesim gelýär” diýip, bu suratlara degişli ýaňsyly teswir galdyrypdyr.

Twitter

Twitter sosial ulgamynda bolsa Merwezi atly agza tarapyndan paýlaşylan surat we ýazgy käbir agzalaryň ünsüni özüne çekipdir. Suratda elektronik enjamlary satýan dükanyň birkasyndaky, ýagny satyş kagyzyndaky enjamlaryň sanawy ýaly bolup görünýän dokument çap edilipdir.

Bu suratda Merwezi atly agza elektronik enjamlaryň atlarynyň türkmençe ýazylyşyna üns çekip, “Türkmen diliniň gutarýan ýeri...” diýip, bu temadan birneme gussaly pikirini paýlaşypdyr. Suratdaky ýazgy barada biraz maglumat bereýin. Onda bluetooth sözi “Biltuz”, audioýazgylary, umuman, ses diňlemek üçin gulagyňa dakylýan enjamyň ady hem “nauşnik” diýlip ýazylypdyr.

26-njy maýda paýlaşylan bu surat we ýazgy 1-nji iýuna çenli sekiz sapar gaýtadan çap edilip, dokuz gezek hem halanypdyr. Paýlaşylan bu tweetiň aşagynda Şirgo Baýramow atly agza: “[Türkmen dili] ölüpdir gömmäge adam gerek” diýip, ýaňsyly ýazgy galdyrypdyr.