Rus žurnalisti bidüzgünçilikde aýyplanýar

Alekseý Wenediktow.

Russiýanyň oppozision meýilli “Eho Moskwy”, ýagny ”Moskwa ýaňy” atly radiostansiýasynyň baş redaktory, tanymal žurnalist Alekseý Wenediktow metbugat hasaplaşygynda gelnen bir ylalaşygyň netijesinde, hamana, ençeme million amerikan dollaryny bikanun öz hasabyna geçirmekde güman edilip, onuň garşysyna derňew işine badalga berildi.

Moskwanyň polisiýasy 2011-nji ýylda “Public Post” atly täze web-portralynyň döredilmegi üçin Orsýetiň Sberbankynyň maýa hökmünde goýan 20 million amerikan dollary möçberindäki nagt pul ylalaşygyny gözden geçirjekdigini yglan etdi.
Häzirki wagtda işi togtadylan bu ylalaşyk Wenediktowyň, Sberbankyň we döwlet eýeçiligindäki “Interfax” habar gullugynyň hyzmatdaşlygynda amala aşyrylypdy.

"Ýaşyl arkalaşyk – Halkyň partiýasy” atly toparyň lideri Oleg Mitwolyň sözlerine görä, gürrüňi edilýän nagt pul Wenediktowyň eýeçiligindäki kärhana geçirilipdir. Mitwol şu ýylyň başynda hem agzalýan ylalaşyk bilen bagly Wenediktowyň işiniň derňelmegini sorapdy.

Sberbankda paý eýesi bolan Mitwol ylalaşygyň şübheli bolandygyny aýdyp, munuň banka maliýa taýdan zyýan ýetirendigini öňe sürýär. Ol 27-nji maýda “Izwestiýa” gazetine beren maglumatynda şeýle diýdi: “Men onuň [Wenediktowyň] takmynan 10 million amerikan dollaryny şowhunly oturylyşyklara we öz işgärlerine beren deňsiz-taýsyz aýlyk haklaryna harçlandygyny berk belläsim gelýär. Meniň pikirimçe, jenaýat işi ýakynda gozgalar”.

Ylalaşygy derňemeklik

Häkimiýet başyndaky “Bütewi Russiýa” partiýasynyň parlamentdäki bölümine ýolbaşçylyk edýän dogumly kanunçykaryjy Aleksandr Sidýakin döwlet prokuraturasyndan Sberbank bilen Wenediktowyň kärhanasynyň arasyndaky ylalaşygy derňemekligi resmi taýdan sorandygyny aýtdy.

Özboluşly maglumatlary we ulanyjylar tarapyndan ugradylan hatlary çap edýän “Public Post” web-portralynyň işi 2013-nji ýylyň iýul aýynda duýdansyz togtadylypdy.
Web-portralyň şol döwürdäki redaktory Natalýa Konradowa sahypanyň işiniň togtadylmagy barada şol wagt öz Facebook sahypasynda beýanat bilen çykyş edip, onuň syýasy aheňli bir ädim bolandygyny öňe sürüpdi. Ýöne şonda Konradowa bu hakda jikme-jik maglumat bermändi.

Wenediktow we Sberbank “Public Post” web-portralynyň maliýeleşdirmek bilen baglanyşykly aýyplamalar barada sessiz galmagyny dowam etdirýärler. Wenediktow 27-nji maýda Twitter sosial ulgamynda “Ýaşyl lider bir zatlary umyt edýär. Ha-ha-ha” diýip, gysga maglumat çap etdi.

Muňa garamazdan, žurnalistiň käbir tarapdarlary ony gorap çykyş edip, žurnalistiň garşysyna başlanan derňew işiniň bidüzgün oýundygyny aýdýarlar.

Tanymal hukuk goraýjy aktiwist Lew Ponomarýow Kremliň erkin metbugata garşy has berkleşýän basyşlarynyň bir bölegi diýip, Wenediktowa garşy alnyp barylýan derňewleri düýbünden ret etdi.

"Esassyz, gorkunç derňewler"

Mitwol “Public Post” web-portralynyň maliýeleşdirilmegi bilen bagly ilkinji sapar jenaýat derňewleriniň geçirilmegini soranda, fewral aýynda Ponomarýow bu barada şeýle ýazypdy: “Bu “Moskwa ýaňy” atly örän meşhur radiostansiýa garşy gozgalan esassyz we gorkunç derňewdir. Men söz azatlygynyň we adam mertebesiniň gadryny bilýänleriň hemmesini “Moskwa ýaňy” bilen özleriniň raýdaşlygyny aç-açan beýan etmäge çagyrýaryn!”.

Gepiň gerdişine görä aýtsaň, onda syýasatçy Oleg Mitwolyň Alekseý Wenediktowdan we onuň radiostansiýasyndan ozaldan bar bolan özara şahsy dawalar sebäpli ar almagynyň mümkindigi barada-da gürrüňler ýeterlik.

Häzirki wagtda deputat Oleg Mitwolyň Wenediktowyň garşysyna maliýe bidüzgünçilikleri zerarly diýip inisirleýän aýyplamalary ýöne ýerden dörän zat däl. Bu aýyplamalar “Eho Moskwy”, ýagny ”Moskwa ýaňy” radiosy ýurduň käbir kanunçykaryjylarynyň öz doktorlyk dissertasiýalarynda köpçülikleýin ylmy plagiata, ýagny edebi, ylmy ogurlyga ýüz uranlygyny paş edenden bary-ýogy iki gün soňra peýda boldy.