Orsýet üzňeleşýärmi?

Hytaýyň prezidenti Si Jinping (Ç) rus kärdeşi Wladimir Putin bilen tebigy gaz şertnamasyna gol çekilmeginiň şanyna bada göterýär. Şanhaý, 21-nji maý, 2014.

Globallaşan dünýäniň çärýek asyrlyk “hözirini” gören Orsýet indi “besdir” diýýär.

Birleşen Ştatlaryň we Ýewropa Bileleşiginiň özüne garşy girizen sanksiýalaryndan ynjalyksyzlanan Moskwa, mundan beýläk Günbatardan üzňe ýaşajakdygyny; özüniň internetini, özüniň kredit kartalaryny, özüniň rus dilinde gurnaljak aýdym bäsleşiklerini ýola goýjakdygyny aýdyp, tutuş dünýä haýbat atýar. Ýöne “ýalňyzlygyň” çak edilşinden has çetin bolmagy ahmal.

Haçanda bir rus resmisi çagalyk ýyllaryny ýatlap, “demir perdeli” döwre dolanmak barada “hasratly” çagyryş edende, ol 21-nji asyryň rus raýatlaryny “yza dolamak” barada tagalla edýän Kremldäki strategiýaçylaryň ýüzbe-ýüz bolýan dilemmasynyň üstünden bardy.

“Ondan käbir datly tagamlaryň ysy gelýän hem bolsa, Günbatar tutuşlygyna zibilhana” diýip Çagalaryň hukugyny goramak boýunça edaranyň işgäri Irina Medwedowa aýdýar. Bu edara geçen ýyl orsýetli çagalaryň daşary ýurt raýatlaryna ‘perzentlige’ berilmeginiň gadagan edilmeginde uly iş bitiripdi.

Orsýetiň Ukrainadaky krizise goşulmagy bilen Birleşen Ştatlar we Ýewropa bileleşigi oňa garşy dürli sanksiýalary girizdi. Ýagdaý şeýle bolansoň, Orsýet hem Günbataryň “datly tagamlaryndan” ýüz öwrüp başlady.

"Datly tagamlar"

Moskwa halkara internet torundan, ýagny “www-den” çykjakdygyny, “Visa we MasterCard” bank kartalarynyň ulanyşygyny ýatyrjakdygyny, şeýle-de Birleşen Ştatlary bilen asman giňişlegini öwrenmek boýunça edýän hyzmatdaşlygyny bes etjekdigini, hatda Ýewrowideniýe aýdym-saz bäsleşigine gatnaşmajakdygyny aýdyp çykyş edip başlady.

Bulara derek Orsýet Wladimir Putiniň Kremliniň göwnüne jaý we öz milli gymmatlyklary bilen kybapdaş konserwatiw äheňli alternatiwalary ulanjakdygyny aýdýar. Elbetde, entek bu zatlaryň agramly bölegi diňe teoriýadan ybarat.
Demir perdäniň ýykylmagyndan soň aradan ýigrimi bäş ýyl geçdi. Edilýän gürrüňleriň Orsýetiň özüni “Do It Yourself” (DIY), ýagny ‘öz başyny çaraýan’ döwlete öwrüp biljekdigi barada şübheli garaýyşlar bar. Munuň üçin ol ýurtdaky oligarhlar we olaryň içerki maýa goýumlaryny, umumy kapitalyň hereketini, şeýle-de Orsýetiň federal býujetiniň 7 milliard dollaryna göz dikýen täze respublikanyň, ýagny Krymyň ýagdaýyny täzeden düýpli gözden geçirmeli bolar.

The Russia Monitor” atly sahypada Orsýetdäki syýasy ýagdaýlar barada yzygiderli çykyş edýän amerikaly hukukçy Jesse Health bu barada şeýle diýýär:

“Orsýet dünýäniň galan ýurtlary bilen bäs edere özünde milli awtonomiýa bardyr diýip pikir edýär we şonuň üçin hem Ukraindaky krizise pekgelik bilen çemeleşýär”.

Putiniň Hytaýa edýän iki günlük sapary örän ähmiýetli döwre gabat geldi. Orsýet diňe bir “zäherli” Günabatardan ýüz öwürmek bilen çäklenmän, eýsem Gündogar bilen netijeli hyzmatdaşlyga taýýardygyny hem görkezýär. Putin bilen onuň hytaýly kärdeşi Ksi Jinping 20-nji maýda Şanhaýda duşuşdy. Olar bahasy milliardlarça dollara barabar boljak gaz şertnamalaryna gol çekdiler.

Munuň netijesinde Orsýet onýyllygyň ahyryna çenli Hytaýda sarp edilýän gazyň dörtden bir bölegini dagy üpjin eder.

Gürrüňi edilýän ylalaşyk üçin on ýyllap dagy gepleşik geçirildi. Bu ylalaşyk Orsýetiň häzirki wagtda Ýewropa satýan gazynyň ujypsyz bölegine barabardyr. Ýöne üstümizdäki aý Fransiýa sapar edýän Putin, ol ýerde, Orsýetiň mundan beýläk diňe öz gümrügine garaşly galmajakdygyny ýewropalylara görkezer diýlip çak edilýär.

Ukrainadaky krizisi birnäçe aýlap diplomatiki ýollar arkaly köşeşdirmäge çalşan ABŞ we ÝB käbir orsýetli resmilere, rusparaz seperatistlere we şol bir wagtyň özünde käbir rus kompaniýalaryna garşy sanksiýalar tapgyryny girizdi.

Ilkibaşda Putiniň esasy toparynyň daşyndaky resmileri nyşana alan sanksiýalar soňlugy bilen has giň gerime eýe boldy we Kremldäki käbir resmileri, ýagny Genadiý Timçenkony, Igor Seçkini, Arkadiý Rotenberg we Boris Rotenbergi dagyny öz içine aldy.

Birleşen Ştatlar bilen Orsýetiň ýokary-tehnologiýa ulgamyndaky hyzmatdaşlyklary hem çäklendirildi.

Resmileriň pikirine görä, bu ýagdaý ors tarapynyň emeli hemra senagatyny we beýleki ýokary tehnologiýa ulgamlaryny agyr güne salar.

Girizilýän sanksiýalara bölekleýin jogap hökmünde Orsýet Birleşen Ştatlaryň howa gämilerine edýän hyzmatyny bes etdi. Premiýer ministriň orunbasary Dmitriý Rogozin bu mesele boýunça geň-enaýy çykyş etdi we amerikaly astronawtlaryň ýokary bökmek üçin mundan beýläk batut, ýagny sirkde görkezilýän oýunlarda ulanylýan çekdirlip daňlan tor ulanýandyklaryny ýaňsylap aýtdy.

Ýagdaý şeýle bolsa-da, Orsýet öňi-soňy bu oýunda ýeňilýän tarap bolmagynda galýar. Ýokary-tehnologiýa senagatyna girizilen gadagançylyklar orslary millilardlarça dollarlyk girdejiden mahrum edýär. Siemens, E.ON, Morgan Stanley we PepsiÇo ýaly günbatarly iri kompaniýalar hem 22-24-nji maýda Sankt Peterburgda geçirilýän ykdysady forumdan çekildiler. Kreml bu forumda ýurda 4 milliard dollarlyk maýa goýumyny gazandyrmaga çagyrmagy maksat edinipdi.

Muňa garamazdan, käbir bilermenleriň aýtmaklaryna görä, Orsýetiň beýle kemsidilmelere sezewar edilmegi onuň Günbatardan üzňeleşmezden öz elini güýjetmeginiň soralýandygydyr diýlip düşündirilýär. Moskwada ýaşaýan ykdysadyýet geňeşçisi Kris Wefar şeýle diýýär:

“Meniň pikirimçe, Orsýeti halkara jemgyýetçiliginden çetletmek üçin ädilýän ädimler çynlakaý çemeleşikler däl. Meniň pikirimçe, Orsýet maliýe ulgamyna, tehnologiýa, pul geçirimlerine, azyk-haryt we oba hojalyk ulgamlaryna gönükýär. Ynha bu bolsa ýagdaýyň çynlakaý netijeleri bolar”.

Dollaryň täsiriniň peseldilmegi

Ykdysadyýeti diwersifikasiýa etmek ugrunda birnäçe ýyllap iş alyp baran Dmitriý Medwedow geçen aý kanun çykaryjylara ýüzlenip, sanksiýalara hökümetiň netijeliligini ýokarlandyrmak we içerki önümçiligi kuwwatlandyrmaga we milli yksydayýeti güýçlendirmäge döredilen mümkinçilik hökmünde garalmalydygyny aýtdy.

Şunlukda, Putiniň egindeşlerinden käbirleri has uly gepläp başlady. Orsýetiň Demirýol edarasynyň başlygy Wladimir Ýakunin Sibiriň infrastrakturasyny we transport ulgamyny kämilleşdirmegi göz öňünde tutýan uly göwrümli taslamalary teklip etdi.

Putiniň Regional ykdysadyýet boýunça jogapkär işgäri Sergeý Glazýew “dollaryň täsirini peseltmek” ugrunda durmuşa geçiriljek meýilnamalary teklip etdi.

Bu meýilnamanyň durmuşa geçirilmegi bilen döwletiň baýlyklarynyň “bitarap” pul birligine geçirilmegi, altyn we beýleki gymmatbaha metallaryň eksportynyň togtadylmagy we Gümrük Bileleşigine girýän ýurtlaryň arasynda bank geçirimlerini amala aşyrmaga mümkinçilik döretjek kredit kartalarynyň ulanyşyga girizilmegi meýilleşdirilýär.

Glazýewiň strategiki meýilnamalarynyň käbirini hatda orsýetli žurnalistleriň özi hem ret edýär. Ýöne muňa garamazdan, bank kartalaryny tizden-tiz durmuşa geçirmek boýunça Orsýet taýýarlykly görünýär. Haçanda Birleşen Ştatlara bagly “Visa we MasterCard” hyzmatlary Orsýetde petiklenende, Kreml gazap atyna atlanypdy. Şondan bäri Orsýet howul-hara täze kanunlary işläp düzüp, agzalýan iki kompaniýanyň hyzmatlarynyň tölegini ýüz millionlarça dollara çykardy we şeýle etmek bilen ol milli töleg kartalarynyň ýoluny açdy.

Bank ulgamy boýunça Dumanyň binýadynda döredilen komitetiň ozalky başlygy we häzirki wagtda Orsýetiň maliýe meselerlerine seredýän Pawel Medwedow milli bank kartlarynyň ýola goýulmagy bazara içgin täsir eder diýdi.

Ol öz sözlerinde Visa we MasterCard kartlarynyň söwda ulgamynyň 90 göterimininde ulanylýandygyny hem agzady. Medwedow, ýagdaý şeýle bolsa-da, ýerli çözgütleriň mydama-da daşary ýurtlularyň maslahatyna mätäçdigini aýtdy.

Orsýet öňki bakja dolanýarmy?

Orsýeti Günbatardan üzňeleşdirmegiň aňyrsynda Putiniň täze SSSR döretmek barada aç-açan eden gürrüňleri ýatyr. Ol muny amala aşyrmak üçin ozalam birnäçe çäreler görüpdi, mysal üçin Gürjüstana hüjüm edilmegi, Ukrainanyň teritoriýal bitweiligine göz gyzydyrylmagy, Ýewraziýa Gümrük bilelişigine girýän döwletler bilen ýygjam gatnaşyklaryň ýola goýulmagy muňa aýdyň mysal bolup biler.

Hytaýa edýän resmi saparynyň çäklerinde Putin Eýran, Yrak, Owganystan, Mongoliýa we Orta Aziýadaky döwletleriň gatnaşmagynda howpsuzlyk meselerleri boýunça geçiriljek gepleşiklere-de gatnaşar. Bu hem Kremliň NATO garşy uzak möhletli global hyzmatdaşlyk döretmek meýillerine gabat gelýär. Orsýetiň Aziýa hyjuwynyň hatda Demirgazyk Koreýany hem öz içine almagy ahmal. Hatda kremlçi žurnalist Aleksandr Prohanow Demirgazyk Koreýada wagty özüni edil öýünde ýaly duýanmyşyn.

“Öz güýjüňe bil baglamak”, “ägirt güýjüň täzeden dikeldilmegi” ýaly düşünjeler Orsýetde gowy geçýär. Hut şonuň üçin hem Krymyň anneksiýa edilmeginden soň Putiniň meşhurlygy has artdy. Ýöne her niçik hem bolsa, demir penjeli rus prezidenti ors jemgyýetçiliginiň soňky döwürde gazanan durmuş endiklerini görmediksirän bolmaly däl. Halk belli bir derejede ykdysady rahatlyga eýe boldy. Köpçülikleýin geçirilýän pikir soraşyklaryň netijesinden çen tutsaň, Günbataryň girizýän sanksiýalaryndan halk bireýýäm ynjalyksyz bolup başlady.

Weferiň aýtmagyna görä, Kreml bireýýäm täze giriziljek sanksiýalaryň öňüni almak üçin çäre görüp başlapdyr. Mysal üçin, Orsýet gündogar Ukrainada seperatist referendumlarynyň geçirilmegini indi aç-açan goldanok. Orsýetiň Goranmak ministri Sergeý Şoýgu 20-nji maýda rus goşunlarynyň ukrain serhedinden çekilmegi barada buýruk berdi. Ýöne 25-nji maýda Ukrainada geçiriljek prezident saýlawlarynyň bosagasynda Moskwanyň we Günbataryň Ukraina boýunça pozisýalary öňküliginde galýar.

Weferiň aýtmagyna görä, 25 ýyllap daşary ýurtlara syýahat etmäge, daşary ýurtlardan haryt import etmäge we arkaýyn Internet ulanmaga endik eden orslar indi aňsat-aňsat “yza dolanaly” diýmez. Wefer:

“Meniň pikirimçe, çüýşedäki jyn diňe bir çüýşäniň daşyna çykmady, eýse ol bireýýäm ýitirim boldy” diýýär. “Indiden soň orslaryň sarp edijilik endiklerini, durmuş endiklerini yza gaýtaryp bolmaz. 1998-nji ýyldan soň, Putiniň häkimiýet başyna geçmeginden soň ýurtda köp zat üýtgedi. Orsýet göz öňüne getirip bolmajak derejede özgerdi.