Eýran Ýewropa gaz satmaga taýýar diýýär

Eýranyň nebit ministri Bijan Namdar Zangane Eýranyň 19-njy halkara nebit, gaz we nebit-himiýa sergisini açýar. Tähran, 6-njy maý, 2014.

Ýewropa Bileleşigi Orsýet bilen edýän energiýa hyzmatdaşlygynyň çäginde öz energiýa howpsuzlygyny alada edýär, Eýran bolsa onuň esasy tebigy gaz üpjünçisi bolmagy teklip edýär. Bu teklip Günbatara Eýranyň ýadro programmasy zerarly girizilen sanksiýalary ýatyrmaga has kän sebäp bermäge gönükdirilene meňzeýär, emma bu näderejede mümkin?

Gowy diplomatlar krizisde mümkinçilik tapýarlar, Eýranyň syýasatçylary hem şu düzgüne eýerýän ýaly görünýär.

"Gaz üpjünçisi bolmaga taýýar ýurt"

Ukraina üstünde Ýewropa Bileleşigi bilen Moskwanyň arasynda dörän dartgynlyklaryň ýokarlanmagynyň arasynda, Eýranyň nebit resmileri Tähranyň Ýewropany tebigy gaz bilen üpjün etmäge taýýardygyny aýta-gaýta dile getirdiler. Mälim bolşy ýaly, Ýewropa häzir öz ulanýan gazynyň 30 prosentini Orsýetden import edýär.

Eýranyň, tebigy gaz ätiýaçlyklary boýunça dünýäde Orsýetden soň ikinji orunda durýan ýurduň bu teklibi biraz geň. Sebäbi ÝB häzir, Tähranyň ýadro programmasy bilen bagly sanksiýalar sebäpli, Eýranyň tebigy gazyny import etmegi gadagan edýär.

Emma Eýran bu energiýa teklibiniň, şu hepde Wenada (14-16-njy maý) Tähran bilen dünýä döwletleriniň arasynda ýadro krizisini çözmek boýunça geçirilen gepleşikler bilen, halkara sanksiýalarynyň ýatyrylmagyna itergi bermegine umyt baglap biler.

Londondaky SOAS-ň alymy Gonçe Tazimi (Ghoncheh Tazimi) «Eýranyň pozisiýasy Ukrainadaky krizis bilen baglylykda nähilem bolsa berkedi, sebäbi Tähran energiýa bazarynyň gelejegini formirlemäge ukyply we Ýewropa Orsýetden başga ýana diwersifikasiýa etmäge kömek berip biljek» diýýär.

Ol Eýran «energiýanyň Orsýet üçin hemişe utuşly oýun, Ýewropanyň bolsa gowşak ýeri bolandygyny bilýär» diýip, sözüniň üstüni ýetirdi.

Tähran şu wagta çenli bu teklibi göni ýadro gepleşiklerine baglamady.

Muňa derek, bu teklip Tährandaky nebit resmileri tarapyndan edildi. Olar ony soňky hepdelerde has anyklaşdyrdylar.

Eýranyň nebit ministri Bijan Zangene (Bijan Zangeneh) 3-nji maýda «gaz bilen uly möçberde üpjün edip biljek ýurt hökmünde, Eýran geçiriji arkaly ýa-da tebigy gazyň suwaldylan görnüşinde, Ýewropa hemişe tebigy gaz eksport etmek isleýär» diýdi.

Eýranyň nebit ministriniň halkara we we söwda meseleleri boýunça orunbasary Aly Majedi (Ali Majedi) 14-nji maýda Ýewropanyň eýran gazyny Türkiýäniň üstünden geçiriji arkaly import edip biljekdigini, eksport derejesiniň bolsa günde 4 million kub metrden 50 million kub metre çenli bolup biljekdigini aýtdy.

Şeýle-de ol Yragyň, Siriýanyň we Liwanyň üstünden ikinji gaz geçirijisini, Ermenistanyň, Gürjüstanyň üsti bilen, Gara deňziň aşagyndan bolsa üçünji gaz geçirijisini teklip etdi.

Günbatar we Orsýet dymýar

Günbatar döwletlerinden bu teklibe berlen jogap bolmady. Şeýle-de oňa Orsýet tarapyndan hem hiç bir zat diýilmedi.

Taziminiň pikirine görä, Moskwanyň Ukraina üstünde girizilen sanksiýalar üçin ar aljak bolup, ÝB iberýän energiýasyny çäklendirmegi baradaky aladalaryň arasynda eýranlylaryň Ýewropa gaz ibermek islegleri hakynda barha kän gürrüň etmekleri Moskwanyň kejebesini daraltman bilmez.

Tähran tarapyndan Günbatara tarap edilen islendik ýakynlaşma ýadro gepleşiklerindäki häzirki balansy üýtgedip biler, sebäbi Günbatar, Moskwa bilen Pekiniň has seresaply çemeleşmesinden tapawutlylykda, Eýrana garşy has berk liniýany eýeläp gelýär.

Şeýle-de bu Orsýetiň golaýda Eýran bilen gatnaşyklaryny güýçlendirmek ugrunda eden tagallalaryna garşy bolar.

Eýranyň Ýewropa tebigy gaz teklip etmeginiň diplomatiki täsiri indi bilinmeli hem bolsa, bu ýerde pikir eleginden geçirilmeli ýene bir geň zat bar.

Bu Eýranyň şu günki günde, bu ýakyn wagtda ýewropa bazaryny tebigy gaz bilen üpjün edip bilmek mümkinçiliginden daşlygy bilen bagly.

Eýranyň hakyky haly

Ekspertler Eýranyň uly möçberdäki gaz eksportçysy bolmagynyň öňünde uly päsgelçilikleriň bardygyny aýdýarlar. Bu päsgelçiliklere gaz önümçiligini ýokarlandyrmak we täze transport infrastrukturasyny gurmak hem girýär.

Bularyň ikisi hem uly mukdardaky daşary ýurt maýasynyň ýatyrylmagyny talap edýär we beýle maýanyň ýatyrylmagy häzirki Günbatar sanksiýalary dowam edýän wagtynda mümkin däl.

Angliýada ýerleşýän halkara Betamatrix konsultasiýa guramasynyň ykdysatçysy Mehrdad Emadiniň aýtmagyna görä, Eýranyň nebit-gaz pudagy gyssagly modernizasiýa edilmegine mätäç, sebäbi bu pudak soňky 20 ýylda Günbatar tehnologiýasyna göni eltýeterliligini ýitirdi.

Eýranyň hökümetiniň öz hasaplamalyrna görä, energiýa pudagyna sekiz ýyl içinde, esasy abzallary täýelemek üçin, 300 milliarda golaý dollar maýa gerek diýip, Mehrdad aýdýar.

Eger sanksiýalar ertir ýatyrylaýan halatynda hem bu ýerde ägirt uly problemalar saklanyp galar.

Şol problemalaryň biri hem Eýranyň özüniň tebigy gaza bolan içerki doýmaz-dolmaz işdäsi bilen bagly.

Wenada ýerleşýän halkara Atiýeh konsultasiýa firmasynyň eksperti Bijan Kajepuryň (Bijan Khajehpour) hasaplamalaryna görä, Eýran häzir ýylda 160 milliard kub metr gaz öndürýär we şol möçberdäki gazyň tas ählisini ýurt içinde sarp edýär.

Ol Eýran häzir ýylda Türkiýä 10 milliard kub metr çemesi gaz ibermek mümkinçiligine diňe ýylda Türkmenistandan 7 milliard kub metr çemesi gaz import etmek arkaly eýe boldy diýýär.

Mundanam başga, Eýranyň eýýäm tebigy gaz ibermegine garaşyp duran, emma şol gazy alyp bilmeýän müşderileri bar. Bu müşderilere Yrak, Oman, Pakistan ýaly ýurtlar girýär we olar Eýranyň bir gün gaz önümçiligini ýokarlandyryp, geçirijiler arkaly gaz ibermegine umyt baglaýarlar.