Täze dostlar gatnaşygyny berkidýär

Täjigistanyň we Türkmenistanyň prezidentleri E.Rahmon we G.Berdimuhamedow, Duşenbe, 5-nji maý, 2014.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 5-6-njy maýda Täjigistana sapar edip, bu iki Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky özara gatnaşyklaryň gowulandyrylmagyna bat berdi.

Berdimuhamedowyň täjigistanly kärdeşi Emomali Rahmon bilen duşuşygy energiýa we transport ugrundan hyzmatdaşlyga gönükdirildi. Bu iki mesele Türkmenistanyň we Täjigistanyň arasyndaky barha güýçlenýän dostlukly gatnaşyklaryň binýadyny tutdy.

Türkmenistanda Hytaýa tarap gazgeçirijiniň “D” liniýasynyň gurluşygyna ýakyn wagtda başlamak planlaşdyrylýar, bu ugur özalky üç ugurdan tapawutlylykda Täjigistanyň we Gyrgyzystanyň üstünden geçer.

Täjigistan we Gyrgyzystan bu gazgeçirijiden gaz almazlar, olar gaz turbalarynyň öz giňişliginden geçýändigi üçin tranzit töleglerine eýe bolarlar. Hytaýyň häkimiýetleri Gyrgyzystana tranzit girdejisiniň ýylda 1 milliard dollar çemesi boljagyny wada berýär.

Türkmenistan öz gazyny köp ugurlardan satmaga çalyşýar, aýratynam Orsýetiň üstünden geçmeýän ugurlara üns berýär. Gynansak-da, Türkmenistanyň mümkinçilikleri uly däl, Transowgan we Transhazar gazgeçiriji proýektler kagyz ýüzünde galýar.

Türkmenistan-Hytaý gazgeçirijisiniň göz öňünde tutulan dört liniýasynyň soňkusy, “D” liniýasy gurlansoň Türkmenistan Hytaýa ýylda 65 milliard kubometr gaz akdyryp biler. Bu bolsa Türkmenistanyň ýyllyk gaz eksportynyň iň uly möçberi bolar.

Özbegistanyň daşyndaky demirýol

Berdimuhamedowyň we Rahmonyň arasynda bolan duşuşygyň esasy meseleleriniň ýene biri Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan demirýol proýekti. Täjigistan muňa uly gyzyklanma bildirýär.

Täjigistanyň demirýolunyň öňki ýolbaşçysy Amonullo Hukumatullo täze demirýol proýektiniň ähmiýetini nygtap, ýanwar aýynda şeýle diýipdi: “Özbegistan biziň harytlarymyzyň tranzitine dürli päsgelçilikleri döredýär. Bu ýol gurulsa, şeýle problemalar ýüze çykmaz. Biz Özbegistanyň demirýoluň öňüni beklemegi ýaly problemalara duçar bolmarys... we biz öz harytlarymyzyň tranziti üçin Özbegistana ýokary nyrhdan töleg tölemeris”.

Täjigistanyň demirýol liniýalrynyň ählisi Özbegistanyň üstünden geçýär. Birnäçe ýylyň dowamynda Özbegistan Orsýetden we Eýrandan Täjigistana barýan demirýol hereketine päsgelçilik döredip geldi.

Eýran Täjigistany gidroelektrostansiýa gurmak üçin zerur bolan gurluşyk materiallary bilen üpjün etmäge çalyşdy. Bu gurluşygy eýran şirketleri amala aşyrýarlar. Özbegistan bu gurluşyga garşy çykyş edýär we munuň Özbegistanyň suw üpjünçiligini çäklendirip biljekdigini aýdýar.

Türkmenistandan Täjigistana tarap guruljak demirýol Özbegistanyň giňişliginden sowa geçer.

Hytaý bu demirýoly uzaltmaga gyzyklanma bildirýär we onuň bir ujunyň Eýrana, beýelki ujunyň-da Hytaýa çenli baryp ýetmegini isleýär. Bu ýerdäki 1990-njy ýyllarda Eýran bilen Türkmenistanyň arasynda gurlan Maşad-Serahs-Tejen demirýol liniýasy täze liniýadan günbatar tarapda ýüzlerçe kilometr uzaklykda ýerleşýär.

Demirýoluň gurluşygy Täjigistan üçin has bähbitli boljaga meňzeýär, emma Türkmenistany hem gyzyklandyrýar. Iki ýurduň prezidentleriniň duşuşygynyň esasy meseleleriniň ýene biri magdançylyga degişli boldy. Daglyk ýurt bolan Täjigistan çöllük Türkmenistana garanda mineral resurslara has baý. Şeýle-de Täjigistan Türkmenistandan elektrik toguny satyn almagy diketmäge gyzyklanma bildirýär.

Türkmenistan Täjigistana elektrik toguny Öbegistanyň üsütünden geçýän elektrik liniýalary arkaly satypdy. Özbek resmileri bu söwdany birnäçe ýyl ozal kesdiler we bu ädimi, hamana, elektrik liniýalarynyň bejeriljekdigi bilen delillendirdiler. Emma bu liniýalar gaýtadan işledilmeli.

Türkmen döwlet habarlar gullugynyň maglumatyna görä, Berdimuhamedow Türkmenistanyň Mary we Lebap welaýatlarynda gurulýan elektrik stansiýalaryndan güýz we gyş aýlarynda Täjigistana elektrik toguny satmagy teklip edipdir.

Hem demirýol hem-de elektrik liniýalary Owganystanyň üstünden geçmeli. Elektrik togunyň bir bölegi Owganystana hem berilmeli. Öz gidroelektrostansiýalaryny çäklendirilen görnüşde işledýän Täjigistan üçin güýz we gyş aýlary energiýa üpjünçiliginde iň agyr döwür bolýar.

Gürrüňi edilýän demirýol we elektrik liniýalary Owganystanyň durnuklylygyna garaşly bolar. Bu mesele hem Berdimuhamedowyň Täjigistan bilen gatnaşyklary ýakynlaşdyrmagynyň ýene bir sebäbi bolup biler.

Etnik täjikler ”Talybanyň” häkimiýet başynda bolmagyndan öňem, soňam owgan hökümetinde güýçli rol oýnapdylar, Täjigistanyň hökümeti-de, adatça, owganystanly täjikler bilen gowy gatnaşyk saklaýar.

Täjigistan bilen Türkmenistan garaşsyzlyk döwründe erbet gatnaşykda bolmandylar. Täjigistanda 1992-97-nji ýyllarda bolan graždanlyk urşy döwründe täjiklerden birnäçe müň adam Türkmenistana baryp, bosgunlar hökmünde kabul edilipdi.

Ýöne iki ýurduň özara gatnaşyklary üçin häzire çenli mümkinçilikler köp bolmandy. Berdimuhamedow 2007-nji ýylda häkimiýet başyna geçmezden öň bu ýurtlaryň ikisiniň-de hökümetleri aralykdaky Özbegistan bilen ýaramaz gatnaşykda bolupdylar.

Berdimuhamedowdan öňki prezident Saparmyrat Nyýazow Özbegistanyň prezidenti Yslam Karimow bilen gatnaşmaýardy we ony öz janyna kast etmek boýunça dildüwşügiň arkasynda durmakda aýyplapdy.

Täjigistanyň prezidenti Rahmon bilen Özbegistanyň prezidenti Karimowyň gatnaşyklary-da, dürli sebäplere görä, soňky 15 ýyldan gowrak döwürde erbetligine galdy.

Belki-de, hut şu sebäpden Türkmenistan bilen Täjigistanyň täzeden dikeldilýän gatnaşyklarynyň Özbegistany öz içine almaýan hyzmatdaşlyga esaslanýan bolmagy ahmal.


* Geň ýeri, Täjigistanyň demirýolunyň öňki ýolbaşçysy Amanullo Hukumatullo täze proýektiň Täjigistan üçin ähmiýetini nygtamagyndan biraz soň, türkmen hökümetini köşeşdirmek üçin işden boşadyldy.

Hukumatullo ýanwar aýynyň aýagynda demirýoluň ugruny türkmen-owgan serhedinde üýtgetmek barada owgan tarapy bilen gepleşendigini aýdypdy. Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bolsa munuň yz ýany çap eden beýannamasynda “türkmen-owgan serhedine çykýan demirýol liniýasynyň Türkmenistanyň gatnaşmazlygynda tassyklanmagynyň ýagdaýa laýyk däldigini we şol sebäpdenem türkmen tarapy üçin kabul ederlikli däldigini” mälim edipdi.