Türkmen ýaşlary sosial ulgamlarda barha gyzykly temalary gozgamaga çalyşýarlar. Ol soraglaryň durmuşda häli-şindi duşýan dürli kynçylyklar, nogsanlar bilen bagly bolýan halatlary-da bar. Göwnüme bolmasa, şeýle temadaky pikirler ýaşlaryň arasynda edil söýgi temasy ýaly gyzgalaňly çekeleşiklere sebäp bolýar. Netijede, ýaşlaryň sosial ulgamlardaky işjeňliginiň manysy hem gün geldigiçe çuňlaşýar diýse bolar.
"Ertir.com"
"Ertir.com" sosial ulgamynda Begmyrat Kaka atly agzanyň gozgan "Meniñ bir güýçli tanşym bar..." atly temasy bu ulgamyň käbir agzalarynyň arasynda uly gyzyklanma döredipdir. 26-njy aprelde ýazylan bu tema 4-njI maýa çenli jemi 1 müň 619 sapar okalypdyr we 61 gezek hem halanypdyr.
77 sany teswir ýazylan bu temada Begmyrat atly agza: "Meñ bir tanaýan oglanym: ''Dosafda tanşyñ ýokmaý, prawa düzetjek bolýan'' diýdi. Menem ''Aý ýog-a, dost, meñ prawa alanyma ep-esli wagt geçipdir'' diýdim. Onsoñ olam ýeñsesini tüññerdip, öýkelän ýaly edip gitdi. Menem bir hili bolup galdym. Agşam ýerime geçemde-de gözüme uky gelmedi, özümi emelsiz duýdum, gaharym geldi" diýip, durmuşda gabat gelen bir wakany gysgadan düşnükli beýan edipdir.
Soňra bu agza sözüni dowam etdirip, şeýle ýazýar: "Birdenem 'arhiwimden' ylham geldimi-nämemi, dik oturdym-da, sms ýazmaga başladym: ''Dost, gaty görme, häli ýadyma düşmändir. Meñ bir güýçli tanşym bar, ol islendik ýerde iru-giç öz sözüni diñledýär. Meñ onuñ bilen aram gaty gowy, isleseñ, senem tanyş edeýin, onuñ adyna Kanun diýýärler! Kanunyñ diýýänlerine gulak asyp, ony sylasañ, onda sen prawañy hökman alarsyñ, dost! Şeýtseñ, Durmuş ýollarynda ''Ömür'' ulagyñy arkaýyn sürersiñ!".
Tekstden belli bolşy ýaly, gysgaça aýdanyňda, bu temada gozgalýan mesele – tanyşlyk derdi! Temanyň awtory durmuşda her bir işi tanyş üsti bilen çözmek ýa çözjek bolmak dogrumy? diýen anyk soragy orta atýar.
Elbetde, bu tema köpleriň ünsüni özüne çekip bilipdir. Sebäbi tanyşlyk üsti bilen ýa-da para berip, öz işiňi düzetmek Türkmenistandan gelýän habarlara görä, durmuşda çuň kök uran nogsanlaryň biri. Hut şonuň üçinem sosial ulgamyň agzalary bu temany öwran-öwran okapdyrlar we öz pikirlerini ýazypdyrlar.
Meselem, Melejik atly agza öz teswirinde: "Adamlar kanun, adalat boýunça ýöremek isleýärler, emma indi adalat - tanyş bilen pul bilen... başymdan geçmedik bolsa, beý diýmezdim..." diýip, häzirki wagtda Türkmenistanda köp meseläniň pul bilen çözülýändigini belläpdir.
Paso atly agza hem gowy temanyň gozgalandygyny aýdyp, "Köp adamlaryň kellesinde ähli zady pul bilen çözmek ýatyr" diýip, öz garaýşyny ýazypdyr. Ynsan07 atly agza hem: "Begmyrat kaka, aslynda bizde tanyş bolmasa, işiň bitmejek ýaly... Siz näme diýýäňiz????" diýip, sözüni birgiden sorag belgisi bilen tamamlapdyr. Görnüşine görä, bu sorag belgileri agzanyň kellesinde kän-kän soraglary döredýän bolmaly.
Psih atly beýleki bir agza bolsa: "Şeýle sms gelse, ilkinji reaksiýam. Akyllysyraýşyny, kömek edip bilýän bolsaň, et-dä-ä, edip bilmeýän bolsaň, suwjuksyramak nämä gerek" diýip, haýsydyr bir dostundan özüne şeýle manydaky sms gelse, özünde dörejek ilkinji pikiriň nähili boljakdygyny bildiripdir.
Awtor atly agza hem: "Meniñ bir güýçli tanşym bar, tanyşdyr sen, Jygalybeg. Meniñ öýkelän dostum bar..." diýip, bu temany ýazan awtoryň üstünden düşýän äheňde teswir galdyrypdyr.
"VKontakte"
"VKontakte" sosial ulgamynda bolsa, "Turkmen world" atly topar tarapyndan paýlaşylan pikir soralyşyk bu ulgamyň agzalarynyň ençemesinde gyzyklanma döredipdir. Pikir soralyşykda şeýle sorag berilýär: "Söýgi gutaransoň, "dost bolup galaly" diýýärler. Güle başga at goýsaň, ady üýtgärmi? Siziň pikiriňizçe, söýgüden soň dost bolup bolýarmy?".
27-nji aprelde açylan bu pikir soralyşyga 4-njI maýa çenli galdyrlan jogaplaryň aglabasy "ýok" bolupdyr. Ýagny, bu pikir soralyşygy bilen bagly galdyrylan 10 jogabyň ýedisi “ýok” bolupdyr, ikisi hem "hawa" diýen jogap. Şeýle-de bu pikir soralyşyk 16 sapar halanyp, dört gezek hem gaýtadan çap edilipdir.