Moldowa: Günbatarmy ýa gündogar?

Kişinýow, 2014

Moldowa Gündogar bilen Günbataryň arasynda tarap saýlamak pursatyny başdan geçirýär.

Moldowanyň Ýewropa integrirlenmäge tarap gönükdirilen syýasaty netije berip başlady. Emma uly bolmadyk bu ýurt Ýewropa Bileleşigine ýakynlaşdygyça orsýetparaz güýçler ony Moskwanyň täsiriniň astyna gaýtaryp getirmek boýunça basyşlaryny barha güýçlendirýärler.

Kişinýowyň ýaşaýjylary güneşli we maýyl bahar howasyndan lezzet alyp, garrylar şäheriň Baş kilisesiniň daşyndaky seýil bagynda dynç alýarlar, çagalar guşlary kowalaýarlar, maşgalalar bagyň pasha baýramçylygy sebäpli bezelen ýerlerinde surata düşýärler.

Adamlaryň uly bolmadyk topary parkda küşt oýnuna tomaşa edýär. Oýunçylaryň güýji deň görünýär. Bu ýagdaýy Moldowanyň jemgyýetindäki şu günki ýagdaýlary suratlandyrmak üçin deňeşdirme hökmünde ulanyp hem bolar.

Orsýetiň we Günbataryň arasyndaky bölünişik şu günki Moldowanyň ähli ýerlerinde duýulýar. Bu ýurduň milli bütewüliginiň gowşamagyna sebäp bolýar. Goňşy Ukrainadaky dartgynlylyk, şeýle-de Moldowanyň Ýewropa tarap üstünlikli integrasiýasy we Moskwanyň munuň öňüni almak ugrundaky ädimleri ýagdaýa täsir ýetirýär.

Kişinýowyň Demokratiýa boýunça bileleşiginiň müdiri Igor Botan şeýle diýýär: “Şeýle ýagdaýda Orsýetiň Krymy anneksiýa etmegine mümkinçilik döredi, Donbassda, Hersonda, Mykolaiwde, Odessada we Prednestrowýede hem şeýle bolup biler. Sebäbi ýagdaý gowşak, bar zat ýagdaýyň özüne bagly bolar”.

Botan Moldowanyň Kiýew 1991-nji ýylda SSSR-den öz garaşsyzlygyny yglan edensoň, öz garaşsyzlygyny yglan eden ýurtlaryň biridigini belläp, Moldowanyň geljeginiň hem Ukraina bilen bagly boljagyny çak edýär.

“50% töwereginde”

On ýyldan gowrak wagtyň dowamynda Moldowanyň hökümetine Ýewropa bilen ýakynlaşmaga çagyryş edilip gelinýär. Şol tagallalaryň miweleri ýaňy peýda bolup başlady.

Şu aýyň aýagynda moldowalylar Ýewropa Bileleşigine agza döwletlere wizasyz syýahat edip başlarlar, iýun aýynda bolsa Kişinýow ÝB bilen Assosiasiýa barada ylalaşyga we azat söwda ylalaşygyna gol çeker.

Emma bu ädimleriň ädiljek wagtynyň golaýlamagy bilen Moldowa Orsýet we orsýetparaz güýçler tarapyndan edilýän basyşlara sezewar bolýar.

Moldowanyň wise-premýeri we daşary işler hem-de Ýewropa bilen integrasiýa boýunça ministri Nataliýa German şeýle diýýär: “Biz geçen 2013-nji ýylyň tomsundan bäri Moldowada Ýewropa bilen intergrasiýa garşy ors dilli medianyň adaty bolmadyk derejede aktiwleşendigini görýäris. Biz öz içerki we daşary syýasatymyzy Ýewropa integrirlenmek maksadyna gönükdirýärkäk başga bir tarap Ýewraziýa bilen integrasiýanyň we Gümrük Bileleşiginiň ähmiýetini nygtaýar. Bu Orsýet Federasiýasynyň Orsýet bilen goňşy ençeme ýurtlar babatynda alyp barýan resmi proýektidir”.

German moldowanlaryň diňe 50% çemesiniň ÝB-ne tarap ädimleri goldaýandygyny belläp, hökümetiň ýurduň ÝB bilen ýakynlaşmagynyň peýdasy barada oba ýerlerinde düşündiriş bermek ugrunda üstünlik gazanyp bilmändigini aýtdy.

“Dowam etdirmekçi”

Şeýle regionlaryň biri - Gagauzia Ukrainanyň Odessa we Moldowanyň separatistik regiony bolan Prednestrowýe bilen aralykda ýerleşýär. Bu ýerde ilat köpçüligi Moldowanyň Orsýetiň Gümrük Bileleşigine girmegini goldap ses berdi. Fewral aýynda Gagauziýada geçirilen referendumyň bu netijelerini Kişinýow ret etdi. Bu ýerde ses berijileriň 97%-i ýurduň ÝB bilen integrasiýasynyna garşy çykyş etdi.

Gagauziýanyň paýtagty Komratdan 30 kilometr uzaklykda ýerleşýän Kongaz şäherçesiniň ýaşaýjysy orta ýaşly Stepan şeýle diýýär: “Men özümiň önüp-ösen bileleşigimi isleýärin. Sowet Soýuzy bolupdy, men onuň dowam etdirilmegini isleýärin”.

Bu şäherçäniň her bir ýaşaýjysynyň diýen ýaly garyndaşlary Orsýetde işleýärler. Şol bir wagtda-da gagauzlar etnik türklerdir, şol bir wagtda-da olar ene dilleri bilen bir hatarda ors dilinde gepleýärler we prawoslaw dinine uýýarlar.

Şu ýylyň dowamynda Moldowa ençeme wajyp pursatlary başdan geçirer. Köpler 9-njy maýda bellenilýän Ýeňiş baýramyny-da Moskwanyň peýdalanjakdygyny we bu taryhy senäni ýurtdaky orsýetparaz duýgulary güýçlendirmek üçin ulanjakdygyny çak edýärler.