Ýandaklyagyz obasyna golaýlaşdygyňça bu obany ikä bölýän kontrast ýiti gözüňe ilýär. Paýtagtyň demirgazyk-günbatarynda 30-40 kilometrlikde kanalyň gaýrasynda ýerleşen bu obanyň esasy köçesi Bagtyýarlyk köçesiniň günbatarynda köne, sandan çykan hem-de gündogaryndaky täze gurlan we ähli amatlyklary bolan jaýlar ýerleşýär.
Köçäniň gündogaryndaky, şu ýylyň mart aýynda gurlup, ulanylmaga berlen ýaşaýyş jaýlaryna oba ýeriniň “elitkasy” hem diýip at berse boljak. Täze obada her öýde suw pagşyldap akýar. Kanalizasiýa çekilen.
Aşhana we hammam üçin aýratyn agyz suwy çekilip, mellekde ony suwarmak üçin aýratyn suw krany bar. Ýeri gelende belläp geçsek, bu täze obanyň köçelerinde ýörite ýangyn gidrantlary hem goýlupdyr. Bu hili gidrantlar hatda paýtagtyň raýonlarynyň köpüsinde hem ýok.
3-4 otagdan ybarat ýaşaýyş jaýlarynyň her otagynyň penjiresinde iki gatly plastik aýnalar oturdylypdyr. Hersinde split-sistemalary bar ýa-da häzirki döwürde oturdylýar. Her jaýyň aýratyn ýyladyş sitemasy bolup, ony islegiň boýunça gataldyp ýa-da peseldip bolýar.
Ýakyn wagtda bolsa täze gurlan bu 400-e golaý jaýlara öý telefonlary hem çekiler.
Täze obanyň köçeleriniň ýagdaýy-da has gowy. Täze asfalt, köçeleriň gyralary bordýurlanan, her 10 metrden diýen ýaly yşyklandyryjy sütün bar. Her dört jaý üçin aýratyn bir zir-zibil zyňylýan demir çelek. Garaz, bu täze obada paýtagtyň çetindäki raýonlarda hem bolmadyk amatlyklar we şertler bar.
Ýandaklyagyzdaky bu jaýlara, esasan, ýurduň beýleki ýerlerinden, has dogrusy, jaýlary ýykylmaly edilen Çüli obasynyň ýaşaýjylary göçürilip getirildi.
Mart aýynda göçüp gelen Çüliniň öňki ýaşaýjysy Amansoltan täze jaýy barada şeýle gürrüň berýär: “Bu jaýlarda öňki jaýlarymyzda bolmadyk amatlyklar bar. Öň hütdük ýaly jaýda ýaşaýardyk indi elitkada”.
Amansoltan we onuň çülüli obadaşlary bu täze jaýlary öňki Çülüdäki jaýlarynyň ýerine alypdyrlar we olara hiç hili töleg tölemeli bolmandyrlar.
"Täze eýýam"?
Ýandaklyagyz obasynda täze ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy tamamlanansoň, häkimiýetler Ýandaklyagyz obasynyň adyny ütgedip oňa Täze eýýam adyny dakypdyrlar. Emma Bagtyýarlyk köçesiniň günbataryndaky köne obanyň ýaşaýjylary özleri üçin täze eýýamyň haçan geljekdigini sorap, ony ýaňsa alýarlar.
Obanyň täze bölegi täzeçe gurulsa-da, onuň ozaldan ýaşalyp oturylan böleginde hiç hili düýpli remont işleri geçirilmändir.
Köne obanyň köçeleriniň, dogrusy, diňe köçe ady bar. Olaryň ählisiniň diýen ýaly asfaltynyň gopanyna eýýäm ençeme ýyl bolup, indi olar tozap ýatyr. Köçelerde ne bordýur, ne-de çyra ýanýan sütünler bar.
Bu obanyň ýaşaýyş jaýlarynyň hem köpüsiniň eýýäm ençeme ýylladan bäri remont edilmändigi görnüp dur. Jaýlaryň käbirleri ýumrulmagyň bäri ýanynda. Olarda ne suwag galypdyr ne-de abat üçek. Ýelde elektrik togunyň öçmegi ýa-da suwuň kadaly akmazlygy ýaly ýagdaý köne Ýandaklyagyz obasynyň adaty problemalarynyň diňe käbirleri.
Täze obadaky şertler bilen deňeşdirip, bu ýagdaýdan nägile bolýan köne ýandaklyagyzlylar hem az däl. “Eger-de gurjak bolsalar, deň gurmaly ekenler. Öz obamyzda garyp bolup galdyk” diýip, Ýandaklyagyz obasynyň köne ýaşaýjysy Sapar aýdýar.
Ýöne muňa garamazdan, ýandaklyagyzlylaryň köpüsi ýyllar boýy dowam edýän bu kynçylyklarynyň öz obalarynda täze obanyň döremegi bilen ýuwaş-ýuwaşdan aradan aýryljakdygyna umyt edýärler.
Ýandaklyagyzda öňem 400-e golaý hojalyk ýaşaýar. Täze obanyň gurulmagy bilen Ýandaklyagyz obasynda ýaşaýan hojalyklaryň sany indi tas iki esse köpelipdir.