Barha uzap barýar derman nobaty...

Türkmenabatdaky dermanhana

Şu günler Türkmenabadyň hususy dermanhanalarynda ozaldan hem uly nobatlar barha uzaýar. Ýörite güwänama esasynda iş alyp barýan we, adatça, gije-gündiz işleýän bu dermanhanalarda derdine em gözläp gelen adamlaryň nobatyna elmydama-da duş gelse bolýar.

Emma welin, hökümetiň saglyk ulgamyna kän pul goýberýändigine garamazdan, döwlete degişli dermanhanalarda ýagdaýyň edil şunuň ýalydygyny, döwlet dermanhanalaryna-da adamlaryň köp barýandygyny aýtmak gaty kyn. Dogrusy, döwlete degişli dermanhanalara derman gözläp barýan adamlary barmak büküp sanaýmaly.

Eýse, hususy we döwlet dermanhanlarynyň arasyndaky haýsy tapawutlar adamlaryň olardan köpplenç birini saýlamagyna sebäp bolýarka? Has takygy, näme sebäpden hususy dermanhanalarda gije-gündiz uly nobatlar döräp, döwlet dermanhanalary-da, esasan, boş durýarka?

Bu babatda ilat arasynda dürli garaýyşlar bar.

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Türkmenabadyň hususy dermanhanasy


Özüni Aýjemal diýip tanadan türkmenabatly bir zenan döwlet dermanhanalaryndan tapawutlylykda, hususy dermanhanalarda aglaba wagt islän dermanyňy tapyp bolýandygyny, umuman, hususy dermanhanalarda däri-dermanlaryň baý assortimentiniň bardygyny aýdýar.

“Men tutuş şäheri söküp, döwlet dermanhanalaryndan nitrogranulon we predizin dermanlaryny tapyp bilmedim, emma “Kostandowadaky” hususy dermanhanada iki derman hem bar ekeni” diýip, Aýjemal gürrüň berýär.

Aýjemalyň pikiriçe, döwlete degişli dermanhanalaryň Türkmenabadyň ähli kiçi etrapçasynda bardygyna garamazadan, olardan özlerine gerekli dermanlary tapyp bilmänsoňlar, adamlar hususy dermanhanlary saýlaýarlar.

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Türkmenabadyň döwlet dermanhanasy


Müşderileriň bir ýerde köp, başga bir ýerde hem az bolmagynyň ýene bir sebäbi - dermanhanalardaky käbir dermanlaryň arasyndaky nyrh tapawudydyr. Ildeşlerimiziň sözlerinden çen tutulsa, hususy dermanhanlarda käbir dermanlaryň bahasy arzan bolýar.

Döwlete degişli dermanhanalarda 3-4 manada durýan ampisilini ýa-da amaksasilini hususy dermanhanadan 2 manada satyn alyp bolýar. Eger-de lewamikol mazy döwlet dermanhanasynda 13 manat bolsa, hususy dermanhanada ony 9 manada satyn alyp bolýar.

Gepiň gerdişi gelende aýtsak, agzalan hususy dermanhanalara adamlar diňe bir Lebabyň welaýat merkezine golaý ýerlerden däl, has uzakdaky etraplardan hem derman satyn almaga ýörite gelýärler.

Türkmenabat şäherinde döwlete degişli ondan gowrak we dört sany-da hususy dermanhana bar.