B.Goýunly: Türkmenistan hemaýaty wada berýär

Amyderýa

Owganystan bilen Türkmenistanyň serhet liniýasynyň uzynlygy 744 kilometere deň bolup, onuň 100 kilometere golaýyny Amyderýa emele getirýär. Soňky ençeme ýylyň dowamynda Amyderýanyň her ýyl Owganystan tarapyna süýşmegi bilen owgan türkmenleriniň köpçülikde ýaşaýan obalaryndan Garkynyň müňlerçe ýaşaýjysy öýlerini terk etmäge mejbur boldular.

Garkynyň ýaşaýjylary uzak wagtdan bäri kömek sorap, Türkmenistana ýüz tutup gelýärler. Olar bu talaplaryny ýakynda Azatlyk Radiosynyň Garkyna baran habarçysyna hem gürrüň beripdiler. Azatlyk Radiosy olar hakda audio hem wideo şekilli gepleşikler tapgyryny taýynlady.

Garkyn Owganystanyň Jowizjan welaýatyna degişlidir. Jowizjan welaýatynyň häkimi Baýmyrat Goýunly Azatlyk Radiosyndan Muhammad Tahira beren interwýusynda soňky iki günlükde Türkmen resmileriniň özi bilen habarlaşyp, bu ugurda kömek etmäge taýyndygyny aýdandygyny habar berdi.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistan Amyderýanyň kenaryna bent gurmak işine girişjekdigini aýdyp, siz bilen habarlaşypdyr diýip eşitdik. Bu barada giňräk gürrüň beräýseňiz.

Baýmyrat Goýunly: Bärde ýerler derýanyň içine gidip dur. Şonuň üçinem biz Türkmenistanyň hormatly prezidentine hat ýolladyk. Şol hatyň jogaby geldi. Derýanyň bärden ýykgynyny gaýtarmak üçin, iki häkimligiňize kömek bermäge taýyn diýen habary maňa gowuşdy.

Azatlyk Radiosy: Siz bilen Türkmenistan tarapyndan habarlaşan kim?

Baýmyrat Goýunly: Türkmenistanyň hormatly konsuly bize aýtdy. Owganystana geçip, işi başlamaga taýýardygyny mälim etdiler. Enşalla, saýlaw geçenden soň bärik geçip, şu işe başlajaklar.

Baýmyrat Goýunly

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanyň iberjek ýa-da berjeik diýýän kömegine siz nähili düşünýäňiz? Aňyrdan nähili kömege garaşýaňyz?

Baýmyrat Goýunly: Derýanyň kenar ýakalaryny görüp, inžener-program işlerini düzüp, soň şoňa laýyk bu ýere kömek eder diýip, men şoňa garaşýan.

Azatlyk Radiosy: Derýanyň edil häzir ýetirip duran täsiri nähili? Owganystan welaýatynyň haýsy etraplaryna täsirini ýetirip dur?

Baýmyrat Goýunly: Iki häkimligimiz bar, Garkyn bilen Hamýabyň ýerlerini alyp, milleti çäge tarapa süýşürdi. Bir ýylyň içinde şu iki häkimligimiz ýok diýen ýaly boljak.

Azatlyk Radiosy: Derýanyň opurylyşygy näçe maşgalanyň şol etraby terk edip göçmegine sebäp boldy?

Baýmyrat Goýunly: Garkyn bilen Hamýapdan müňlerçe öýi aldy. Olar çäge tarapa süýşüp, öý gurşap, şeýdip aladada. Türkmenistan, biziň goňşy döwletiniz bize kömek etse, şol heläkçiligiň öňüni alsalar, häkimligimiz saklanar diýen umydymyz bar. Şol häkimlikde diňe türkmenler ýaşaýar.

Azatlyk Radiosy: Size aňyrdan kömek beriljek diýip habar gelende, türkmen resmilerine nähili jogap berdiňiz?

Baýmyrat Goýunly: Bize telefonda şeýle diýip aýtdylar. Prezidentlik saýlawy geçenden soň, bärik geçmäge taýyn, ýagdaýy görüp, soňa berjek kömeklerini aýdarlar-da. Saýlawdan soň Hamýaba baryp, iş edilmeli ýerleri görkezeris. Saýlawa-da sanly gün galdy. Birigün saýlaw bolýar.

Azatlyk Radiosy: Olaryň işe başlajagy barada takyk gün kesgitlenmedimi? Meselem, haýsy gün gelmeli, haýsy gün işe başlamaly diýen ýalyrak?

Baýmyrat Goýunly: Şol ýazgyny biz öz ministrligimize-de ýolladyk. Şol ministrligimiz taýýarlyk görenden soň, enşalla, birnäçe günüň içinde işiň başlanmagy belli bolar.

Azatlyk Radiosy: Siziň pikiriňizçe, derýa bilen baglanyşykly birinji nobatda edilmeli iş näme?

Baýmyrat Goýunly: Birinji nobatda, olar şu bärik gelip, edilmeli inžener işlerini görmeli, ýykgynyň alny nädip alynjak diýen programmany görmeli. Ondan soň demir bilen ýa bolmasa sement bilen aşaklygyna çukur gazyp, olary berkidýärmişler. Şolar ýaly eder diýen umydymyz bar. Şeýle etseler, iki häkimligimiz derýanyň aladasyndan gutulýar.