Çurkin: Owganystanda ýagdaýlar barha ýaramazlaşýar

Owgansytandaky ýaragly adamlaryň bir topary

Orsýetiň Birleşen Milletler Guramasyndaky ýörite ilçisi Witaliý Çurkin Owganystanda ýagdaýlaryň barha ýaramazlaşýandygyny aýdýar. Ol öz 17-nji martdaky çykyşynda Owganystanda howpsuzlygy goldaýan halkara güýçleriň ýurdy terk etmegi bilen bagly ähli meselelere has düýpli syn edilmeginiň zerurdygyny nygtady.

Orsýetiň ITAR-TASS habar agentliginiň berýän maglumatyna görä, rus ilçisi Çurkin şol çykyşynda bu howpuň, esasan, Owganystanda hereket edýän “Özbegistanyň Yslam Hereketi” tarapyndan abanýandygyny aýdýar. Onuň sözlerine görä, “27-nji fewralda türkmen serhetçilerine edilen hüjüm agzalan toparyň söweşijileriniň diňe daglarda ýerleşmeýändigini görkezýän anyk alamatdyr”.

Orsýetiň Birleşen Milletler Guramasyndaky ýörite ilçisi Witaliý Çurkin

Orsýetiň BMG-däki ilçisi Witaliý Çürkiniň agzan şol wakasynda “Talybana” degişlidigi aýdylýan ýaragly toparyň söweşijileri Türkmenistanyň döwlet serhedini bozup, ýurduň territorýasyna girip, üç sany türkmen esgerini atyp öldüripdiler. Bu hadysada ýene-de iki sany türkmen esgeriniň-de ýaralanandygy habar berlipdi.

Ilçi Çurkin mundan ozal Owgan hökümeti tarapyndan kontrollyk edilýän territoriýalaryň belli bir böleginiň häzir ýaragly toparlaryň elindedigini aýdyp, Owganystanyň demirgazygynda ýagdaýlaryň barha ýaramazlaşyp barýandygyny öňe sürdi.

Çurkin Owganystandaky ýagdaýlar barada 17-nji martda BMG-niň degişli Komitetinde geçirilen ýygnakda “Talyban” we “Al-Kaýda” toparlary tarapyndan regiona abanýan howpuň asla agzalmandygyna ünsi çekipdir. ITAR-TASS-yň berýän maglumatyna görä, ors ilçisi bu barada, hususan-da, şeýle diýipdir: “Bu toparlar, hamana, asla Owganystanda ýok ýaly”.

Ors ilçisi Çurkin bu bellikler bilen Owganystanyň demirgazygynda ýerleşýän Farýab welaýatynda birki günlükde bolan we köp sanly adam pidalaryna getiren bomba partlamasynyň öňüsyrasynda çykyş edipdi.

Janyndan geçen bombaçy tarapyndan amala aşyrylan şol partlamada azyndan 18 adamyň ölendigi aýdylýar.

Farýab welaýatynyň häkimi Muhammedylla Fataş öz 18-nji martdaky çykyşynda bu wakanyň köp adamly bazaryň girelgesinde bolandygyny aýtdy. Bu hadysa bilen baglanyşykly henize çenli hiç bir topar partlamanyň jogapkärçiligini öz üstüne alanok.