Aşgabat: "Garagumstroý" ýykylýar

"Garagumstroý" binasy. 18-nji mart, 2014 ý.

Aşgabatda onuň arhitektura taryhyna degişli sowet döwründe “Garagumstroý” diýip atlandyrylan we soňra “Täjirçilik merkezine” öwrülen binanyň daşyna ýelmenen mermeri sökülýär.
Paýtagt Aşgabatda onuň arhitektura taryhyna degişli sowet döwründe “Garagumstroý” diýip atlandyrylan we soňra garaşsyzlyk döwründe “Täjirçilik merkezine” öwrülen binanyň daşyna ýelmenen mermeri sökülýär.

Mundan biraz öň Pakistanyň şol binada ýerleşen Milli bankynyň bölümçesi we ençeme dükanlar hem bu jaýdan göçürilipdi.

Täze seýilgäh

Resmi taýdan tassyklanan maglumat ýok, emma bu binanyň ýumruljagy barada il arasynda gürrüňler bar. Şol gürrüňlerden çen tutulsa, onuň ýerinde seýilgäh guruljakmyş. Eger “Winçi” kompaniýasynyň gurýan seýilgähiniň planyndan ugur alsaň, bu maglumatlaryň jany bar bolmaly.

Sebäbi agzalýan seýilgäh Saparmyrat Türkmenbaşy prospektinden tä Alişir Nowaýy köçesine çenli uzap gider. Eger bu plandan çen tutulsa, ýumrulmaly jaýlar diňe “Garagumstroý” bilen çäklenmez, sebäbi şol aralykda ýerleşýän başga-da ençeme binalar bar.

1948-nji ýylda pida bolanlaryň hatyrasyna dikilen heýkel göçürilýär

Edil häzirki gurulýan seýilgäh sebäpli geçen ýyl bu meýdançadan 1948-nji ýylda bolan ýertitremä bagyşlanyp gurlan “Öküz” ýadygärligi hem göçürilipdi. Bu park bu ýerden has öňräk göçürilen Bitaraplyk binasynyň ýerleşýän ýerini hem öz içine alar.

Mundan ozal edil şol töwerekde ýerleşýän Aşgabat şäheriniň häkimliginiň binasy we Türkmenistan myhmanhanasy hem ýumruldy. Bu binalaryň ýerleşen ýerlerinde häzir Türkmenistanyň hökümetiniň täze binasynyň gurluşygy tamamlanyp gelýär.

Häzirki gürrüňi edilýän “Garagumstroý” binasy baradaky tema gaýdyp gelsek, Nyýazowyň döwründe hem şol bina ýumruljak bolnupdy. Emma näme üçindir soňra bu plan ýatyrylyp, ol binanyň daşy ak mermer bilen bezelip, täjirçilik merkezine öwrülipdi.

Bu bina bilen bagly alnyp barylýan işler hakda hökümet resmileri tarapyndan hiç hili maglumat berlenok. Emma bu çärelere her halda häkimiýetleriň paýtagty täzeden gurmak boýunça alyp barýan işleriniň bir bölegi hökmünde garalýar.

Beýlekiler...

Bu binadan başga-da paýtagtda “Olimpiýa stadiony”, öňki “Çagalar dünýäsi” dükany ýa-da “Türkmenhowaýollarynyň” awiakassalarynyň ýerleşen binalary hem ýumruldy. Indi bolsa Halkara aeroporty hem ýumrulyp, täzeden gurulýar.

Resmi maglumat ýok, emma Aşgabadyň demirýol wokzalynyň hem göçüriljekdigi barada il arasynda gürrüňler bar. Wokzalyň töwereginde ýaşaýan ýaşaýjylardan käbirleri Azatlyk Radiosy bilen geçiren söhbetdeşlikde, häkimiýetleriň bu barada degişli duyduryşlary berendigini aýtdylar.

Mundan başga-da häzirki ýumrulýan “Täjirçilik merkeziniň” golaýyndaky Baş prokuraturanyň, “Türkmenhowaýollarynyň” edara jaýynyň, onuň gapdalyndaky Milli konserwatoriýanyň hem ýumrulmalydygy barada gürrüňler bar.

Häzirki ýumrulýan “Täjirçilik merkeziniň” ýa-da öňki “Garagumstroýyň” binasynyň ýerleşýän ýeri resmi metbugatda paýtagtyň taryhy merkezi diýip atlandyrylýar. Emma soňky döwürler bu raýonda alnyp barylýan gurluşyklar onuň taryhylygyndan hiç zat galdyrmajaga meňzeýär. Bu ýagdaý bolsa käbir ýaşaýjylaryň arasynda nägileligiň döremegine hem sebäp bolýar.

“Bu binalar nämä päsgel berýärler. Özem gelşiksizem däl. Köne Aşgabatdan hiç zat galjak däl” diýip, özüni Allamyrat aga diýip tanadan aşgabatly pensioner Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşliginde aýtdy.

Paýtagtlylaryň arasynda häzirki batly depginde alnyp barylýan şäher gurluşyk syýasaty 2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek “Aziada” bilen baglanyşdyrylýar. Bu çäre üçin 5 milliard dollar töweregi serişde goýberiljekdigi resmi taýdan yglan edildi.

Ýöne paýtagtda ýumrulyp-gurulýan bu jaýlaryň şol göz öňünde tutulan serişdäniň çägine girip-girmeýändigi hakda bir zat aýtmak kyn. Galyberse-de, ýykylmaly edilen binalaryň sanawynda geljekde ýene haýsy binalaryň nobatda durandygy hakda hem hiç hili maglumat ýok.