Geçen hepdäniň anna güni geçen hökümet maslahatynda Türkmenistanyň prezidenti “Şahsy kömekçi hojalygy alyp barmak (mellek) we özbaşdak ýaşaýyş jaýyny gurmak üçin ýer böleklerini hususy eýeçilige bermek hakyndaky” karara gol çekdi.
Şondan soň paýtagtyň etrap häkimliklerine bu kararda wada berlen mellek ýerlerini almak üçin nobata durmak maksady bilen arzalaryny tabşyrmaga barýan adamlaryň sany köpeldi.
Bu hili nobata durmak üçin jaýy ýykylanlar 9 sany dokument, jaýy ýykylmadyklar bolsa 8 sany dokument ýygnamaly. Şol dokumentleriň arasynda Aşgabadyň tehniki tükelleýiş edarasyndan hem-de Içeri işler ministrliginiň adres býurosyndan, ýagny il arasynda atlandyrylyşy ýaly ilaty pasportlaşdyrmak we hasaba almak müdirliginden almaly sprawkalar hem bar.
Nobata ýazylmak
Häzir şol edaralarda hem nobatlar emele geldi. Aşgabadyň tehniki tükelleýiş edarasynda düýn 200-den gowrak adam nobat sanawyna ýazylypdyr. Şol günem ertesi gün üçin 300 töweregi adamyň nobata ýazylandygy barada maglumat berildi.
Şol bir wagtda-da wada edilen ýer bölekleriniň, ýagny mellek ýerleriniň paýtagtyň haýsy sebitinden beriljekdigi barada adamlarda maglumat ýok, hatda degişli edaranyň Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan işgärleri hem bu barada özlerinde takyk maglumatyň ýokdygyny aýtdylar.
“2008-nji ýyldan bäri ilatdan mellek ýerini almak üçin [adamlaryň berýän] arzalaryny kabul edýäris. Emma, entäk şol ýerler berlenok. Häzirem adamlar ýer berilýär diýip häkimliklere barýarlar. Aslyýetinde häzir biz olary diňe nobata goýýarys. Ýeriň beriljekdigini ýa asla berilmejekdigini bilemzok” diýip, paýtagtyň Köpetdag etrabynyň häkimliginiň adynyň tutulmazlygyny islän işgäri aýtdy.
Amala aşman ýatan proýektler
Elbetde, ilata ýaşaýyş jaýlaryny gurmak üçin mellek ýerlerini bermek barada, hatda bu proýekti oýlanyşykly amala aşyrmak barada indi prezident iki hepde bäri çykyş edip gelýär. Emma mundan ozal hem, ýokary derejede gürrüň edilip, amala aşman ýatan proýektler bar.
Olardan birem ýaşaýyş jaýlaryny hususylaşdyrmak baradaky kanun. Onuň indi güýje girenine iki aý boldy, ýöne ol iş ýüzünde dürli bökdençlikler bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Jaýlaryň hususylaşdyrylmagy meselesinde edil häzirki gün üýtgän zadyň ýokdugyny aýtmaga-da esas bar.
Mellek ýerlerini paýlamak baradaky proýektiň nähili amala aşyryljagy hakda häzirlikçe takyklyk bolmasa-da, Aşgabatda degişli hökümet edaralarynyň önündäki nobatlar barha uzaýar.
“Tanyşparazlyk”
Nobata durýan adamlary alada goýýan zatlaryň biri-de bu ýer paýlanşygynyň adalatly boljakdygy ýa-da bolmajakdygy. Olaryň käbirleriniň aýtmaklaryna görä, eýýäm häzirden başlap, sprawka nobatlarynda tanyşparazlyk ýaly nogsanlar göze ilip başlapdyr.
“Adamlar ir bilen gelip, nobata durýarlar. Emma käbir adamlar nobata durman, sprawka alyp gidýärler. Soň ýer paýlananda, nähili boljakdygyny bilemok” diýip, özüni Merdan diýip tanadan Aşgabadyň tehniki tükelleýiş edarasynda nobata duran bir ildeşimiz aýtdy.
Ýatladyp geçsek, geçen hepdäniň anna güni gol çekilen karara laýyklykda, ýurt boýunça 240 müň 710 hojalyk üçin 35 müň 671 gektar ýeriň paýlanylyp beriljekdigi aýdylýar. Bu ýerleriň 1 müň 443,5 gektary Ahal welaýatyna, 840,6 gektary Balkan welaýatyna, 10 müň 072,6 gektary Daşoguz welaýatyna, 9 müň 525,5 gektary Lebap welaýatyna, 13 müň 789 gektary Mary welaýatyna degişli.
Şeýle-de ýurduň raýatlaryna ýer gaznasyndan hususy ýaşaýyş jaýlaryny gurmak üçin mellek ýerlerini bermek hem-de ol ýer böleklerinde, ýaşaýjylaryň isleglerine görä, bir we iki gatly hususy ýaşaýyş jaýlarynyň gurulmagy göz öňünde tutulýar.