Krizis, rubl we ors ykdysadyýeti

Orsýet bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasynda Ukraina sebäpli ýüze çykan krizisiň netijesinde rublyň hümmeti pese gaçyp başlady. Amerikan dollarynyň garşysynda rublyň hümmetiniň pese gaçmagy we mundan soň nämeleriň bolup biljekdigi barada giňişleýin gürrüň edýäris.
Soňky birnäçe günüň dowamynda rubl näçeräk aşaklady?
Duşenbe güni, ýagny 3-nji martda 1 amerikan dollary 36.4 rubla barabar boldy. Öz gezeginde 1 ýewro bolsa 50 rubla deň boldy.
Kopengagendäki “Danske” bankyň täze döreýän bazarlary öwrenmek boýunça analitigi Lars Kristensen rublyň hümmetiniň pese gaçmagyny ukrain krizisi bilen bagly diýip düşündirýär.

Analitik krizis sebäpli daşary ýurt maýadarlarynyň Orsýet bilen bagly howatyrlanmalary rubly ejizledýär diýip nygtaýar: “Maýadarlar Orsýet Günbatardan ýüz öwürýär diýip aladalanýarlar. Bu ýagdaýyň täze bir “sowuk urşa” ýol açýandygy ýa-da däldigi, elbetde, özbaşyna gürrüň ederlikli jedelli sorag, ýöne bir zat bize aýan, ýagny Gündogar bilen Günbataryň gatnaşyklarynyň sowamagy bilen maýadarlar ýagdaýdan täsirlenýärler. Elbetde, şeýle ýagdaýda daşary ýurtly maýadarlar Orsýete gönümelleýin maýa goýmaýarlar”.
Ukrain krizisiniň rublyň hümmetine näçeräk täsir edendigini anyk bilmek kyn. Sebäbi gürrüňi edilýän pul birligi eýýäm şu ýylyň başyndan bäri özüniň hümmetiniň 10 göterimini ýitirdi. Muňa-da täze ýüze çykýan bazarlardaky maýadarlaryň Orsýet bilen az gyzyklanmaklary sebäp bolýar diýilýär.
Hususy barlag guramasy bolan “FBK” Strategiki syn institutynyň direktory Igor Nikolaýew soňky ýagdaýlar barada şeýle gürrüň berýär: “Girizilmegi ahmal bolan sanksiýalar bar, şeýle-de örç alýan çaknyşyklar gitdigiçe güýjeýär. Ýöne bu ýagdaýlar bolmanda-da, ýagny şularsyzam rublyň hümmeti pese gaçýar. Häzirki bolýan ýagdaýlar rublyň hümmetiniň pese gaçmak prosesini tizlendirýär, bolany şol”.
Muňa garamazdan, duşenbe güni, ýagny 3-nji martda rublyň hümmetiniň birden pese gaçmagy Orsýetiň Merkezi bankynyň herekete geçmegi üçin ýeterlik boldy. Walýuta täjirleriniň aýtmaklaryna görä, Orsýetiň Merkezi banky rublyň pese gaçyşynyň öňüni almak üçin 10 milliard dollar satypdyr.

Bu habary entek Merkezi bankyň özi tassyklamady. Aslynda olar barybir şeýle hasabatlary aradan iki-üç gün geçensoň ýaýradýarlar.
Mundan soň rubl ýene-de näçeräk aşak düşer?
Häzirlikçe bu soraga jogap bermek mümkin däl.
Sebäbi Orsýetiň Merkezi banky özüniň pul birligini haçana çenli gorap biljekdigi barada hiç zady aç-açan aýtmady.
Ýylyň başynda, rubl pese gaçyp başlan döwürlerinde köpler daşary ýurtlaryň durnukly walýutalaryna garşy rublyň ýokarlandyrylandygyny pikir edipdiler. Merkezi bank rubl bilen bagly gaýta-gaýta çäreler gördi we şeýle etmek bilen onuň hümmetiniň gözegçilik astyndaky pese gaçmagyna getirdi.
Ýöne häzirki wagtda bolup geçýän ukrain krizisi rublyň hümmetiniň has pese gaçmagyna ýol açar.
Kristensen: “Rublyň hümmeti näçe pese gaçdygyça, oňa eýe çykmak Merkezi bank üçin has hem kynlaşar” diýýär. Ol öz sözlerini şeýle dowam edýär: “Biz 2008-nji ýylda-da şeýle wakalara şaýat bolupdyk. Şonda Gürjüstan krizisi sebäpli rublyň hümmeti pese gaçypdy. Orsýetiň Merkezi banky pullarynyň hümmetini saklamak üçin 200 milliard dollar pul sarp edipdi we munuň netijesinde ors ykdysadyýeti hallanlap, hamana diýersiň iki ýana çaýkanypdy. Diýmek, häzir hem Merkezi bank ýüze çykyp biljek töwekgelçilikli ýagdaýy öňünden bilýär. Şonuň üçinem ol pese gaçyşlygyň öňüni aljak bolup kellesini agyrtmaz, ýöne şonda-da wagtal-wagtal öz täsirini ýetirjek bolup jan eder”.
Ukrain krizisi rus ykdysadyýetine başga nähili täsirini ýetirýär?
3-nji martda dollaryň hümmetsizlenmegi bilen rus aksiýalarynyň satylyşy hem birden pese gaçdy. Bu ýagdaýdan, esasanam, eksportçylar zyýan çekdiler. “Gazpromuň” aksiýalarynyň 10 göterim arzanlandygy, eger ýagdaý şeýle dowam etse onda Ukraina satylýan gazyň azaldylmagynyň ýa-da doly kesilmeginiň ahmaldygy aýdylýar.
Mundan soň nämeler bolar?
Eger-de häzirki bar bolan krizis wagtynda çözülse onda “zyýan” diňe Orsýet bilen çäklener we mundan soň Orsýet özüniň içki ykdysady problemalaryny çözmek bilen meşgul bolmaly boluberer.
Nikolaýew, çuň strukturalaýyn problemalary çözmezden, rublyň hümmetlenmegine garaşyp bolmaz diýýär: “Rublyň hümmetiniň pese gaçmagynyň esasy sebäbi Orsýetiň makroekonomika taýdan ejizliginden ugur alýar. Bu ejizlik diňe bir saklanyp galmaz, eýse has hem çuňlaşar. Biz bireýýäm durgunlykdan çöküşe geçip başladyk”.
Ýöne eger-de Ukrainadaky krizis çözülmese, onda Orsýetiň öz başyna bela satyn aldygy bolar. “Bu beladan” Günbataram öz paýyna düşenini alar.
Bir tarapdan Moskwa Ukraina haýbat atýar, beýleki tarapdan Günbatar sanksiýalary göz öňünde tutup, Orsýete haýbat atýar. “Garşylykly atyşylýan haýbatlar “sowuk urşuň” şum habaryna çalym edýär.
Eger-de sowuk urşa girilse, onda global ykdysadyýetiň özenini emele getirýän köp sanly söwda şertnamalary güýjüni ýitirip başlar.
Kristensen bu barada şeýle gürrüň berýär: “Eger-de sowuk urşa meňzeş senariler durmuşa geçirilip başlansa, onda munuň düýpli, oňaýsyz täsirleri bolar. Goranyş üçin uly möçberde pul sarp ediler, global ykdysadyýet aç-açanlygyny ýitirer we Gündogar bilen Günbataryň arasynda “söwda bosagalary” gurlar. Meniň pikirimçe, biz köplenç sowuk urşuň soňlanmagynyň global ykdysadyýete nähili oňyn täsir edendigini ýatdan çykarýarys. “Global ykdysadyýet” nukdaýnazaryndan seredeniňde, biziň ters tarapa hereket etmegimiz, öz gezeginde elhençliklere ýol açar”.