"Türkmençilik" talaby güýçlenýär

Köpçülikleýin çärä gatnaşdyrylýan mekdep okuwçylary

9-njy klas okuwçysy Mähri şu günler örän aladaly. Mähriniň aladasynyň düýp sebäbi ýakynda onuň okaýan mekdebinde geçirilen ene-atalar ýygnagynda berlen tabşyryklar bilen bagly. Sebäbi Lebap welaýatynyň Garaşsyzlyk etrabynyň 1-nji orta mekdebinde okuwçy gyzlaryň ählisine iki dürli don edinmek tabşyryldy.

Agzalýan mekdepde ýakynda geçirilen ene-atalar ýygnagynda mekdep müdiri çykyş edip, bu barada şeýle diýdi: “Birinji synpdan tä onunjy synpa çenli begres gyzyl don [geýmeli] diýdik, ol okuwçylaryň baýramçylyk lybasy bolar. Soňra ýanynda ýene ýaşyl begres don [hem bolmaly], ol bolsa okuwçynyň okuw egin-eşigi bolar. Hemmeler şol lybasa girmeli! Ýöne nägileligi, gohy, hormatly hossarlar, bir gyra goýalyň!”.

Çykdajy

Mekdep müdiriniň başdan "nägileligi gyra goýalyň" diýmeginiň sebäbi bar. Çünki edilýän talaby berjaý etmek az girdejili hojalyklar üçin aňsat däl. Sebäbi talap edilýän bir donuň bahasy 100 manada durýar.

Egin-eşik meselesinde diňe gyzlar kontrollykda saklananok, oglanlara hem mekdebe nähili balak geýip gelmelidikleri barada tabşyryklar berildi. Oglanlar mekdebiň çäginde gara penjekli, gara balakly, ak köýnekli we galstukly bolmaly hem-de kelleden tahýa-da düşmeli däl.

Mugallym bu baradaky tabşyrygy şeýle düşündirdi: “Çagany mekdebe ibereniňizde, gözden geçirip goýberiň näme geýip gidip otyr!? Jinsi jalbar mekdebe bolanok diýýäs weli, oglanlaryň ýarysynda - jinsi jalbar. Näme jalbary bir sany edinýäňizmi? Jinsi jalbar alyp beripsiňiz [diýeli, ýöne] mekdebe geýmesinler şony, haýyş sizden, olara gözegçilik edeliň!”

"Ýewropa stili"

Mundan başga-da ýygnagyň dowamynda okuwçy oglan-gyzlaryň saçlarynyň nähili bolmalydygy barada-da berk talaplar eşidildi: ”Saçlary bolmaly talaba görä bejerdeliň, gyzlarymyzyň saçyny bolmaly talaba görä ördürip ibereliň! Uly gyzlar saçyny iki örüm örüp bilenok, “Ejem işe gitdi, men saçymy örüp ýetişemok” [diýýärler]. 8-9-njy klasdaky okuwçy gyzlaryň aýtjak gepimi şol?!” diýip, mugallym bu ýagdaýdan nägilelik bildirdi.

Ýygnagyň dowamynda okuwçylaryň diňe mekdebiň çäginde nähili geýinmelidigi barada gürrüň gitmän, eýse mekdepden daşary, köçelerde, etrabyň çäginde-de geýilýän egin-eşikler tankyt edildi.

Mugallymyň çykyşyndan ýene bir bölek: “Gyzalar meselesi boýunça müdir-de aýdyp geçdi. [Gyzlaryň] saçlary çözülen, öýlän eýýäm sagat 4-5-lerden soň etrabyň çägine çykýas - gyzlar jalbarly [gezip ýörler]. Hany biziň türkmenimiziň milli geýimimiz? Hany biziň türkmençilikde saklaýan däp-dessurlarymyz? [Satyn] alyp beriň, ýöne ýewropa stiline gitmäliň!”

Kemsinme

Bu tabşyryklaryň fonunda okuwçy gyz Mährä gaýdyp gelsek, ol indi her sapar mekdebe baranda kemsinýär. Onuň kemsinmeginiň sebäbi hem barly maşgalalardan bolan klasdaşlarynyň bireýýäm mekdebe talap edilýän dony geýip gatnaýanlygyndan.

“Biziň klasymyzda 16 gyz bar we gyzlardan bäşisi eýýäm hem gyzyl, hem ýaşyl donlary edindiler. Ol klasdaşlaryma indi sen diýýän ýok. Bize bolsa olardan görelde almaly diýilýär. Don tikdirmedik gyzlar bolamsoňyz, biz kemsinýäs” diýip, 9-njy klasyň okuwçysy Mähri Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

Türkmenistanda mekdep okuwçylary mekdebe bellenilen forma boýunça geýnip barmaly. Gyzlar mekdebe tahýaly, uzyn köýnekli, saçlaryny-da iki örüm edip örüp barmaly, oglanlar hem okuwa Bilim ministrligi tarapyndan kesgitlenen forma laýyk geýnip barmaly.