Orsýet Moldowa basyşyny artdyrýar

Moldowa, ses berlen gün, ýoldaş Leniniň heýkeli. 2-nji fewral, 2014.

Moldowa şu ýylyň aýagynda Ýewropa Bileleşigi bilen assosiasiýa we söwda boýunça esasy şertnama gol çekmeklige garaşýar. Emma bu ugurda gazanylýan üstünlikler köpeldigiçe Orsýet Ýewropa integrasiýasyna ymtylýan gowuşgynsyz hökümetiň öňüni baglamak üçin basyşlaryny artdyrýar.

"Garyp ýurt"

Moldowa köp wagt bäri «Ýewropadaky iň garyp ýurt» diýip bilinýär. Emma şu tomus, üç ýyldan gowraga çeken ýeňil bolmadyk taýýarlyklardan soň, Kişinýow Ýewropa Bileleşigi bilen Assosiasiýa şertnamasyna we Çuňňur we köptaraply azat söwda ylalaşygyna gol çekmekçi bolýar. Şeýle-de Moldowa dünýäde Ýewropa Bileleşigi bilen liberal wiza gatnaşyklaryny guran az sanly ýurtlaryň birine öwrüler.

Stanislaw Sekriýeru Buharestdäki Rumyn Ýewropa syýasaty merkeziniň eksperti we Ýewropa geňeşiniň daşary gatnaşyklar bölümi tarapyndan çap edilen täze hasabatyň, «Moldowanyň Ýewropa integrasiýa boýunça syýasaty» atly işiň awtory:

Stanislaw Sekriýeru, syýasy analist.


"Şol üç ýarym ýylyň dowamynda hökümet reformalar barada gepleşikleri alyp barmak we olary durmuşa geçirmek bilen meşgul boldy, onsoň 2014-nji hasyl ýygnalmaly ýyl" diýip, ol aýdýar.

Emma bu hasyl golaýladygyça, Moldowa Orsýet tarapdan has kän basyşa duçar bolýar. Mälim bolşy ýaly, Kreml bu hökümetiň Ýewropa integrasiýa bolmak niýetine açyk garşy çykýar we öz diýeni edilmedik ýagdaýynda, Bileleşik bilen şertnama baglaşmagyň öňüni almak üçin, elinde bolan islendik tutarygy ulanmaga taýýar görünýär.

Gagauz referendumy

Bu ýagdaý hususan-da 2-nji fewralda, rusça gepleýän gagauz awtonom regionynda geçirilen ses berişlikde göze ildi. Bu ses berişlikde, Ýewropa Bileleşigine derek, Moskwanyň ýolbaşçylygyndaky gümrük bileleşigine goldaw bildirildi. Ýogsa Kişinýowdaky merkezi hökümet bu referendumyň bikanundygyny aýdyp, ony ýazgaryp çykyş etdi.

Dekabr aýynda, Kişinýowda Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Jon Kerri bilen duşuşyk mahalynda çykyp gürlän moldowan prezidenti Nikolai Timofti ýurduň Ýewropa integrirlrirlenmek mimkinçiligi reallaşdygyça, Orsýet tarapdan prowakasiýa edilmek mümkinçiliginiň hem artýandygyny duýdurdy:

"Bu hili hereketleriň ählisi Moldowanyň şu ýyl ÝB bilen Assosiasiýa şertnamasyna gol çekmeginiň öňüni almagy we güýzde geçiriljek parlament saýlawlarynyň netijelerine täsir ýetirmekligi maksat ediner» diýip, ol aýtdy.

Öňdäki päsgelçilikler

Ýurduň gowuşgynsyz ýagdaýdaky dolandyryjy koalisiýasy güýzüň ahyrynda parlament saýlawlary bilen ýüzbe-ýüz bolar. Mundanam başga, oppozisiýadaky Kommunistik partiýa, jemgyýetçiligiň 35 prosent çemesiniň goldawyny almak bilen, ýurtda iň meşhur ýeke partiýa bolup, Sekriýeriň aýtmagyna görä, hökümeti gowşatmak ýa agdarmak üçin tagallalaryny gaýgyryp ýa garaşyp drmaýar:

"Bu koalisiýa saýlawlardan öň oppozisiýanyň döredýän päsgelçilikleriniň içinden geçmeli. Oppozisiýa bolsa, Orsýet bilen bilelikde işläp, tomus günleriniň birinde ÝB bilen baglaşylmaly ylalaşygyň öňüni almak üçin hökümeti agdarmaga çalyşýar."

Orsýetiň Moldowada bolmanda kagyz ýüzünde saldamly tutarygy bar. Moskwa Moldowanyň bölüniji regionlary bolan Transdinestr we Gagauz awtonom regionlarynyň hökümetlerini goldaýar.

Sekriýeru Kommunistik partiýanyň Gagauziýadaky referendumyň netijelerini gelýän ýylyň tutuş dowamynda hökümeti gowşatmak üçin ulanjagyny aýdýar.

Orsýetiň täsiri

Şeýle-de Orsýet Moldowany tebigy gaz bilen üpjün edýän esasy ýurt we onuň uly söwda hyzmatdaşy bolup durýar. Moskwa 2013-nji ýylyň sentýabrynda moldowan çakyryna gadaganlyk girizdi. Mundan başga, emeldarlar Moldowanyň gök önümlerine we miwelerine hem gadaganlyk girizmegi öňe sürdiler. Bu hili çäre, elbetde, ýurduň Kommunistik partiýasynyň uly goldaw alýan oba ýerlerinde ilatyň nägileligini artdyrar.

Emma ÝB-niň Pariždäki Ýewropa öwrenmeleri institutynyň uly analisti Niku Popesku Moskwanyň ýetirjek täsiriniň indi azalan bolmagynyň ahmaldygyny öňe sürýär:

"Soňky on ýylda Orsýet Moldowada çakyr söwdasy ýaly meselelerdäki tutarygyny belli bir derejede ýitirdi, sebäbi ol bu tutaragy geçmişde hem ulandy, emma Modowanyň daşary syýasat ugruna suwytly bir täsir ýetirip bilmedi."

Ol dolandyryjy koalisiýanyň içki söweşleriň geçmişde özüni goşadandygyny bilýändigini we mundan sapak alandygyny, netijede, Ýewropa Bileleşiginiň baýragyny almagyň bosagasynda geçmişdäki ýalňyşlaryny gaýtalajaga çalym etmeýändigini aýdýar.