Täze döreýän bazarlary näme aljyradýar?

Rus rubly

Eger täze döreýän bazarlara mahsus bir umumylyk bar bolsa, ol belli bir tertip-düzgüniň bolmazlygy, aljyraňňylyk diýse bolar. Eýsem bu başagaýlygyň arkasynda nämeler dur?

Ilki bilen täze döreýän bazarlardaky bidüzgünçilikleriň ýaýrawyna göz aýlalyň.

Maýadarlar, dünýä boýunça, yraň atýan ykdysadyýetler we syýasy durnuksyzlyk aladalary sebäpli, ýyl başyndan täze döreýän bazarlardan gaçmaga başladylar.

Bu başagaýlyk her bir täze döreýän bazarda duýulmady, emma global bir fenomen hökmünde gürrüň ederlik derejede giň ýaýran ýagdaý.

Geçen hepde munuň has görnetin mysallary peýda boldy. Anna güni, 24-nji ýanwarda Orsýetiň rubly soňky bäş ýylda amerikan dollarynyň garşysynda iň aşaky derejesine düşdi. Türkiýäniň lirasy bolsa, bir günde 1.6 prosent aşak gaçdy. Şol bir wagtda, Günorta Afrikanyň randy 2008-nji ýylyň oktýabryndan bäri özüniň iň gowşak pozisiýasyna düşdi. Hatda Meksikanyň pesosy, dünýäniň täze döreýän bazarlarynyň iň hümmetli pularynyň biri hem, iýundan bäri amerikan dollarynyň garşysynda iň gowşak derejesine düşdi.

Bu problemanyň sebäbi näme?

Londonda ýerleşýän «Capital Economicsiň» täze döreýän bazarlar boýunça baş eksperti Neil Şearing bu başagaýlyga maýadarlaryň ynamyny gaçyrýan iki ýagdaýyň sebäp bolandygyny aýdýar:

"Olaryň birinjisi Hytaýyň ykdysadyýetiniň ugry we ol ýerdäki ýagdaýyň kynlaşmak ähtimallygy baradaky aladalaryň gaýtadan janlanmagy. Ikinji sebäp maýadarlaryň Birleşen Ştatlaryň Fedi, ýagny Federal Rezerw banky tarapyndan görülýän çärelere we Birleşen Ştatlardaky pul syýasatynyň berikdilmegine tarap alynýan ugra üns bermegi bilen bagly."

Dekabr aýynyň görkezijileri ozal umyt edilen ösüş sanlarynyň derejesinden pes sanlary, ýagny ykdysady haýallamany görkezenden soň, Hytaý ykdysadyýetiniň ösüşi baradaky aladalar has ýokarlandy. Ýogsa bu ýurduň ykdysadyýeti beýleki ösýän bazarlaryň hem bir topary üçin itergi bolup görnüpdi. Bu ýagdaý Aziýa ýurtlaryndaky halkara maýadarlaryny gorkuzdy we olar öz aksiýalaryny satyp, kapitallaryny yza çekdiler we ýerli pullardan ýüz öwürdiler.

Şu arada Birleşen Ştatlaryň Federal Rezerw banky, Amerikan ykdysadetine pul goýbermek bilen, özüniň «san taýdan ýeňletme» syýasatyndan yza çekilmek we ahyrynda ony bes etmek planlaryny yglan etdi. Bu syýasat ozal nagt puly karz bermegiň, şol snda täze döreýän bazarlara karz bermegiň äpet bir howzy bolup hyzmat edýärdi.

Halkara maýadarlary şol howzuň daralmagy Türkiýe, Brazil, Hindistan, Günorta Afrika, Indoneziýa ýaly ýurtlarda maliýe problemalarynyň köpelmegine getirer diýip howatyr edýärler. Bu ýurtlar ozal döwlet býužetindäki agyr bergilere, defisitlere daşary ýurt kreditine daýanyp hötde gelýärdi.

Ýerli şertler hem problema sebäp bolýarmy?

Hawa, käbir ýurtlarda, golbal faktorlara garanda, bu kynçylyklaryň arkasynda ýerli meseleler dur.

Şearing bu ýagdaýyň täze döreýän bazarlaryň hersiniň özüne mahsus gowuşgunsyzlyklary bilen baglydygyny belleýär. Mysal üçin, onuň pikirine görä, Orsýetiň öňünde duran iň uly problema ösüşiň täze çeşmelerini tapmak synanyşygy bilen bagly. Bu ýerde Birleşen Ştatlaryň Federal Rezerw banky bilen bagly mesele ýok. Orsýetiň rubly şu ýyl ykdysady ösüşiň ugursyz geljegi baradaky aladalar sebäpli 10 prosent çemesi hümmetini gaçyrdy.

Türkiýäniň başagaýlygynyň başga sebäbi bar. Bu ýurduň lirasy premýer-ministr Rejep Taýyp Erdoganyň ýakyn ýaranlaryny nyşana alýan korrupsiýa derňewi 17-nji dekabrda jemgyýetçilige aýan edileli bäri 20 prosent çemesi aşak gaçdy. Şondan soň Erdogan bu derňew bilen ilteşikli onlarça prokurory yýe polisiýa ofiserini işden aýyrmak bilen, hökümete bolan ynamyň belli derejede aşak gaçmagyna sebäp boldy.

Türkiýäniň Merkezi banky çarşenbe güni, 29-njy ýanwarda, öz pulunyň hümmetini saklamak üçin, karz prosentini ýokarlandyrdy. Günorta Afrika bilen Hindistan hem şu hepde öz pullarynyň hümmetini berkitmäge synandy.