Türkiýe: Polisiýadaky arassalaýyş dowam edýär

Türkiýäniň premýer-ministri Rejep Taýyp Erdogan

Türkiýäniň premýer-ministri Rejep Taýyp Erdogan öz polisiýa güýçleriniň garşysyna uruş yglan edene meňzeýär.

Soňky hepdelerde onuň administrasiýasy ýustisiýa we polisiýa güýçleriniň hatarlaryna el urup, ýüzlerçe prokurordyr aňtawçy polisiýa agentlerini möhüm orunlardan aýryp, başga wezipelere geçirdi.

Hökümet işgärleriniň köpçülikleýin çalşyrylmagyna getiren zat - ýurtda korrupsiýa ugrundan geçirilýän derňewler. Erdogan bu işiň öz hökmetini abraýdan düşürmek üçin gurnalandygyny aýdýar.

Hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň hatarlaryny arassalamak işiniň näderejelere ýetendigini 7-nji ýanwarda Ankarada bir zarbada 350 çemesi polisiýa ofiseriniň wezipeden çetleşdirilmegi mese-mälim görkezýär.

8-nji ýanwarda hem Türkiýäniň içieri işler ministri Ankarany, Izmiri we Diýarbekiri hem öz içine alýan 15 welaýatda polisiýa edaralarynyň başlyklaryny wezipeden aýyrdy.

"Döwlet içindäki döwlet"

Erdogan arassalaýyş işleriniň Türkiýäni "döwlet içindäki döwletden" goramak üçin zerurdygyny aýdýar. Bu ugurda göz öňünde tutulýan häzir sürgünlikde ýaşaýan ruhany Fethullah Güleniň tarapdarlary.

Gülen merkezi Amerikada ýerleşýän we Tükiýede hem-de başga ýerlerde magaryfdyr haýyr-sahawat işleri bilen meşgul halkara "Hyzmat" hereketiniň başlygy.

Fethullah Gülen 2003-nji ýylda Erdogany häkimiýet başyna getirmek üçin onuň yslamçylyga esaslanýan AK partiýasy bilen birleşen öz tarapdarlarynyň korrupsiýa derňewlerini gurnamakda eliniň bardygyny inkär edýär.

Emma, muňa garamazdan, Erdoganyň pitneçilikli dildüwşükden gürrüň etmegi halkyň ünsüni ýeterlik derejede özüne çekip, korrupsiýa boýunça ýurtda häzirki geçirilýän derňewiň täsirini çäklendirdi.

Londonda ýerleşýän "Chatham House" ylmy barlag guramasyndaky Türkiýe boýunça bilermen Fadi Hakuranyň pikiriçe, Erdoganyň şu wagta çenli üstünlikli bolmagyna sebäp bolan dildüwşükli gürrüňleriň Türkiýede jemgyýetçilik pikirlerine güýçli täsir edýändigi: "Türk jemgyýeti, esasan, düldüwşüklere we garaňky toparlanyşyklara ynanmaga ýykgyn edýär. Türk jemgyýeti gaty konserwatiw. Türklerde häkimiýete çydamlylyk we hormat bar. Olar şol bir wagtyň özünde-de oba mentalitetinden şäherleşme ýagdaýyna geçmekde onçakly üstünlikli bolup bilmediler. Türkleriň dünýewi düşündirişlerden dildüwşükli teoriýalara has köpräk ynanmaga ýykgyn etmeginiň sebäbi şol".

Abraý

Erdoganyň belli bir derejede arkaýyn görünmeginiň ýene bir sebäbi - ýurtda bolýan ykdysady ösüşdir, ýurduň ykdysady taýdan yzygiderli ösýändigi üçin halkyň öňünde onuň abraýy gaty ýokary.

Türkiýede ykdysady ösüş 2010-njy ýylda 9 prosente golaý boldy. Üstümizdäki ýylda ösüş diňe 4 prosentden bolaýanda-da, bu onuň administrasiýasynyň ýolbaşçylygynda edilen görnetin ilerleýiş hasaplanar.

Hakuranyň aýtmagyna görä, türkleriň aglabasy üçin birinji orunda durýan – ykdysady ösüş, korrupsiýada bolýan aýyplamalar ikinji orny eýeleýär: "Türk jemgyýetçiligi ýykdysadyýete oňaýly diýip düşünse, korrupsiýa garşy derňew premýer-ministr Erdoganyň abraýyna onçakly zyýan ýetirmez. Ykdysadyýetiň ýagdaýyna oňaýsyz diýip baha berilse, antikorrupsiýa çäreleri munuň üstüne urna bolar".

Saýlawçylaryň öňünde Erdoganyň abraýyny goraýan ýene bir zat bar. Ol hem onuň sentristik, ýagny aralyk "AK partiýasyna" ýurtda häzirlikçe syýasy alternatiwiň ýoklugy.

Muny "Ýüpek ýoluny" öwrenmek baradaky amerikan-şwed programmasynda Türkiýe boýunça bilermen Garet Jenkins şeýle düşündirýär: "Onuň pozisiýasy ýurduň içinde-de gaty güýçli. Sebäbi ol häkimiýet başyna gelende, "AK partiýany" aralyk-sag konserwatiw partiýa diýip tanatdy. Bu partiýa aýratyn-da soňky birnäçe ýyllykda, elbetde, yslamçy-saga tarap süýşdi. Aslynda ol hemişe-de yslamçydy. Ýöne onuň alyp barýan syýasaty indi gaty konserwatiw bolup, yslamçylyga ýazdy. Ýöne Türkiýedäki syýasy spektrde bir boşluk bar. Bu ýerde aralyk-sag partiýa ýok. Şol sebäpden-de, ol halanmasa-da, eger türkler ony taşlap, başga bir partiýany goldamaga geçjek bolsalar, uzak ýoly aşmaly bolarlar".