2064-nji ýyla çenli näme üýtgär?

Isak Asimowyň çekilen suraty

Isak Asimow özüniň 1964-nji ýylda ýazan ylmy fantastiki eserinde şondan 50 ýyl soň ýagny 2014-nji ýyla çenli ýer planetasynda nämeler üýtgär diýen meseläni gozgapdy. Onuň käbir çaklamalary, mysal üçin simsiz elektroniki enjamlar we wideo arkaly telefon söhbetdeşligini geçirmek ýaly mümkinçilikler durmuşa geçirildi. Onuň beýleki käbir çaklamalary, meselem aýdaly uçýan awtoulaglaryň döredilmegi ýaly hyýaly gürrüňleri entek doly durmuşa geçirilmedi. 2064-nji ýylda adamzada nämeler garaşýar? Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň habarçysy Deýzi Sindelar Asimowyň jogap gözläp gozgan soraglaryny Ýan Pirsona berdi.

“Men robot” we “Soňsuzlygyň soňy” atly ylmy fantastiki eserleriň awtory Isak Asimow 1964-nji ýylda Nýu-Ýorkda geçirilen Bütindünýä sergisine gatnaşdy.

Agzalýan sergide 20-nji asyryň ilkinji günlerinden şol döwürlere çenli döredilen elektroniki enjamlar görkezilipdi. Ýagdaýyň şeýle bolmagy Asimowyň öz-özüne şeýle sorag bilen ýüzlenmegine getirdi, ýagny aradan 50 ýyl geçensoň adamzat taryhynda nähili ösüşler bolup geçer?

Asimowyň “Bütindünýä sergisinde 2014-nji ýyla syýahat” atly makalasy esasan gelejekde nämeleriň boljagy baradady. Asimow beýleki birnäçe aýratyn ähmiýetli zatlaryň dörediljekdigini çaklamak bilen bir hatarda 3D kinolaryň çykjagyny, simsiz elektroniki enjamlaryň dörediljegini, sürüjisiz awtoulaglaryň oýlanyp tapyljakdygyny we wideo arkaly söhbetdeşlik geçirmäge hem-de kitap okamaga mümkinçilik berýän ekranlaryň ulanylyp başlanjakdygyny öňünden çaklapdy.

Asimow 2014-nji ýylda adamlaryň ýeriň ýa-da suwuň astynda ýaşajakdygyny, ýeriň ýüzüniň bolsa ekerançylyk üçin ulanyljakdygyny aýdypdy. Şeýle-de ol robotlaryň bag-bakjalarda işlejekdigini, maşynlaryň bolsa ýollaryň edil üstünde däl-de olaryň ýokarsynda uçup gezjekdigini belläp geçipdi.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy “2064-nji ýylä çenli nämeler üýtgär?” diýen soragy britaniýaly inžener we futurolog professor Ýan Pirsona berdi.

Futurolog Ýan Pirson

Ýaşaýyş jaýlar

Asimow yzygiderli ösýän we örňeýän ýer şarynyň ilatynyň 2014-nji ýylda ýeriň ýa-da suwuň astynda özleri üçin ýaşaýyş jaýlaryny bina etjekdigini çaklapdy.

Ýöne Pirson 50 million ilatly “megaşäherleriň” boljakdygyny aýtmak bilen sözi başga tarap çekýär:

"Häzir adamlar örän beýik ymaratlary bina etmek bilen bu meselä çözgüt gözleýärler. Bu günki gün meniň gürrüňini edýän beýik binalarymy gurmak hiç mümkin däl, sebäbi onuň üçin zerur bolan gurluşyk materiallary entek oýlanyp tapylmady. Ýöne ynha 2050-nji we 2060-njy ýyllarda şeýle jaýlary gurup bolar sebäbi oňa çenli esasy düzümi ugleroda esaslanýan materiallar oýlanylyp tapylar. Şeýle gurluşyk materiallary örän arzan bolmak bilen bir hatarda gaty berk bolar we olary ulanyp depesi göge ýetýän binalary gurup bolar.”

Robotlar

“Men robot” atly kitabyň awtory Asimow gelejekde robotlaryň has işjeň ulanyljakdygyny ýöne şol bir wagtyň özünde olaryň örän howply netijelere iterjekdigini hem aýdyp geçipdi. Ylmy fantastiki eseriň awtory robotlary ulanyşa girizmegiň we olary “emeli akyl” bilen güýçlendirmegiň etiki çaknyşygy döretjekdigini we robotlaryň adamzada zyýan berjekdigini agzap geçipdi.

Pirson robot önümçiliginde bireýýäm uly sepgitlere ýetilendigini we önümçiligiň häzirki günlerde-de güýçli depginde ösýändigini aýdýar. Ol “emeli akyly döretmegiň” we robot önümçiliginde zerur bolan materiallaryň elýeterliliginiň bu ulgamy has güýçlendirendigini aýdýar. Ol robotlaryň gelejekde has giň gerimde ösdürip öndüriljekdigini, olaryň fantastiki kinolarda görkezilişi ýaly gury metaldan däl-de has ygtybarly materiallardan ýasaljakdygyny aýdýar.

“Gelejegiň robotlary tigirlerden, simlerden we beýleki çylşyrymly zatlardan düzüler öýdemok. Robot önümçiliginde polimer maddasy has giňden ulanylar we olar plastiki skeletlere berkidiler. Diýmek, gelejegiň robotlarynyň keşbi fantastiki kinolarda görkezilýän robotlar ýaly bolmaz, munuň tersine olar adamyň keşbine çalym ederler. Robotlara “Cloud” sistemasy arkaly güýçli kompýuterler baglanar. Diýmek robotlary “emeli akyl” bilen baýlaşdyrjak bolmagyň zerurlygy bolmaz. Olar onsuzam “Cloud” ulgamy arkaly güýçli kompýuterlere baglanarlar. Diýmek “robotyň özi akylly bolmaly” diýen düşünje yzagalaklykdyr. Onuň akyly network (arabaglar) arkaly kesgitlener. 2064-nji ýyla çenli has çylşyrymly hem-de güýçli androidleriň we beýleki görnüşdäki robotlaryň dörediljekdigini çaklaýaryn.”

Energiýa

Asimow 2014-nji ýylda ýadro energiýasy ulanylar diýerdi. Ýöne häzirki wagtda Arizonadaky, Negewdäki we Gazagystandaky çöllerde gün energiýasyndan peýdalanmak üçin stansiýalar gurulýar.

Pirsonyň aýtmagyna görä 2064-nji ýyla çenli iki energiýa çeşmesi hem (ýadro energiýasy we gün energiýasy) ulanylar.

“2064-nji ýyla çenli biz bireýýäm ýadro energiýa stansiýalaryny energiýa çeşmesi hökmünde ulanyp başlarys we bu örän arzan energiýa çeşmesi bolar diýip umyt edýärin. Bu her kimiň garaşýan utopiki arzuwydy. Häzir bar bolan käbir tehnologiki kynçylyklarymyzyň hötdesinden gelip bilsek, gelejekde gün energiýasyny hem ulanyp başlarys. Gün energiýasyny ulanmaklyk ýeriň aşagyndan nebit çykarmakdan arzan bolar.”

Ulag we aragatnaşyk

Asimow 2014-nji ýylda robotlaşdyrylan awtoulaglaryň boljakdygyny we olary uçuryp boljakdygyny aýdyp geçipdi.

Geçmişde gelejek nähili görünýärdi?



Pirson uludan demini alyp bu soraga jogap berýär. Ol futurologlardan soralýan ilkinji soragyň mydama “uçýan maşynlar” baradadygyny aýdýar. Pirson 2064-nji ýyla çenli howpsuzlyk we inženerlik maksatlary sebäpli sürüjileriň elektroniki awtoulaglary ulanjakdygyny aýdýar.

“Men dogrusyny aýtsam näme üçin maşynlarda uçmalydygymyza düşünip bilemok. Bu gerek zat däl. Ýeriň üstünde sürüp boljak maşynlar bilen nämeler edip biljekdigimizi bir göz öňüne getirip görüň. Gelejegiň elektroniki maşynlaryny bir-birinden birnäçe santimetr hatda millimetr uzaklykda hem sürüp bolar.”

Jyns saýlamak

Asimow öz makalasynda 2014-nji ýyldaky “jyns meseleleri” barada hiç zat agzap geçmändir. Ýöne Pirson gormonal terapiýalar boýunça örän uly üýtgeşiklikleriň boljakdygyny aýdýar.

“Gelejekde jynsy gatnaşyklaryň düýbünden täze döwri başlanar. Gelejekdäki tehnologiki ösüşleriň üsti bilen adamlar günde jynslaryny özleri saýlap bilerler. Saýlamak mümkinçilikleri bu günki ýaly diňe “erkek” we “aýal” jynsyny saýlamak bilen çäklenmez. Adamlar düýbünden başga täze jynslary dörederler, hatda jynsy gatnaşyklary etmegiň dürli usullaryny oýlap taparlar. Oýlanyp tapyljak jynsy gatnaşyk usullarynda häzirkiler ýaly diňe iki jyns gatnaşmaz, hatda üç dört görnüşli jynslar hem birwagtda jynsy gatnaşyga gatnaşyp bilerler”.

Ölmezlik

Asimow ýeriň ilatynyň aşa köpelmegi sebäpli we tehnologiki ösüşler sebäpli adamlar gelejekde uzak ýaşamaz diýipdi.

Ýöne ol Pirsonyň “elektroniki ölümsizlik” diýen düşünjesini öňünden çaklap bilmän ekeni. Pirsonyň çaklamalaryna görä, gelejekde adamlaryň bedenleri ölse-de olaryň beýnileri emeli bedenlere baglanmak arkaly ýa-da olary kompýuter networklaryna (arabaglaryna) baglamak arkaly adamlar öz ýaşaýyşlaryny dowam etdirip bilerler.

“2050-nji ýyldan soň adamyň pikirlenmek prosesiniň 90 göterimi onuň beýnisiniň daşynda amala aşyrylar. 2060-njy ýyla çenli has uly üstünlikler gazanylar. Aýdaly, mysal üçin siz şonda awtoulag heläkçiligine uçrasaňyz bu alada eder ýaly uly bir mesele bolmaz. Sebäbi siziň bedeniňize näme bolsa-da beýniňiz networkda (arabagda) entägem işläp durar. Diýmek ýagdaý şeýle bolanda siz iň golaýdaky android dükanyndan özüňize bir android satyn alarsyňyz we öz beýniňizdäki maglumatlary şoňa göçürersiňiz. Şunlukda siz hiç zat bolmadyk ýaly ýene-de öz ýaşaýşyňyzy dowam edersiňiz. Bu ýagdaýa belli bir derejede “elektroniki ölümsizlik” hem diýip bileris. Siz ätiýaç üçin özüňiziň birnäçe göçürmäňizi alyp goýarsyňyz. Siz networkda (arabagda) öz beýniňiziň birnäçe göçürmesini saklarsyňyz. Beýniňizdäki maglumatlaryň bir göçürmesini hem öz kelläňizde saklarsyňyz. Eger-de adamzat şu derejä baryp ýetse onda gelejek düýbünden üýtgär.”