Çilimkeşlige garşy kanun güýje girdi

Çilim

Türkmenistanda 25-nji dekabrda ýurduň merkezi gazetlerinde “Raýatlaryň saglygynyň temmäki tüssesiniň täsirinden we temmäki önümlerini ulanmagyň netijelerinden goralmagy hakynda” at bilen täze kanun çap edildi.

Çap edilen gününden güýje girýän bu kanunyň maddalarynda temmäki önümleriniň görnüşleri we olaryň hiline bolan talaplar, temmäki önümleriniň söwdasy hem-de çilim çekilmek gadagan edilýän ýerler kesgitlenipdir.

Bu kanuna laýyklykda, çilim gaplarynyň daşynda temmäki önümlerini ulanmagyň zyýany baradaky maglumat bilen bir hatarda temmäki önümlerini ulanmagyň adamyň bedenine ýetirýän weýran ediji täsiriniň fotosuratlary bolmaly.

Gadagançylyklar

Kanunyň 25-nji maddasyna laýyklykda, tele we wideo filmleri goşmak bilen, täze döredilen audio wizual eserlerde, teatr-tomaşa oýunlarynda, tele, wideo we kino gepleşiklerinde temmäki önümleriniň we onuň ulanylmagynyň görkezilmegine ýol berilmeýär. Şeýle-de temmäki önümlerini mahabatlandyrýan her dürli islendik aksiýalar gadagan edilýär.

Kanunda temmäki önümleriniň söwdasyny düzgünleşdirmek boýunça hem ençeme täze maddalar göz öňünde tutulýar. Mysal üçin, temmäki önümleriniň bölek satuw söwdasy demirýol, howa we awtoulag menzilleriniň, deňiz we derýa portlarynyň çäginde we jaýlarynda gadagan edilýär.

Temmäkiniň bölek satuw söwdasyny edýän dükanda hem temmäki önümi witrinalarda görkezilmeli däl. Munuň ýerine şol önümleriň adyny we bahasyny görkezýän ýörite sanaw asylmaly. Müşderi şol sanawdaky temmäki önümleriň sanawy bilen tanşandan soň oňa harydy görkezip bolýar.

Çilimiň çekilmegi gadagan edilýän ýerler

Çarşenbe güni çap edilen kanunda şeýle-de çilimiň çekilmegi gadagan edilýän ýerler hem kesgitlenipdir. Kanunyň 24-nji maddasyna laýyklykda hususy ýaşaýyş jaýyndan we awtomobilden başga islendik ýapyk binada, parkdyr, seýilgählerde hem-de jemgyýetçilik transportynda çilim çekmek gadagan edilýär.

Kanunda çilimiň köçelerde çekilmegini gadagan edýän takyk madda ýok, emma käbir çilimkeşler köçelerde çilim çekmekden hem gorkýandygyny aýdýarlar. Aşgabatly pensioner, çilimkeş Allaguly aga şeýle adamlardan biri, ol özüne jerime salynmagyndan gorkýar.

Çilimkeşlige garşy kabul edilen bu kanunyň ilatyň uly bölegine täsir ýetirjekdigine garamazdan, metbugatda bu kanunyň jikme-jikligi barada ilata düşnükli dilde ýörite makalalardyr, materiallar çap edilmedi.

Diňe şu günki ”Neýtralnyý Turkmenistan” gazetinde aşgabatly Ussa Ussaýewiň bu gazetiň redaksiýasyna “kanuny okap Arkadagyň öz halky barada nähili alada edýändigini duýýarsyň” diýen äheňdäki haty çap edilipdir.

Ýeri gelende aýtsak, 1-nji ýanwardan güýje girýän täze Administratiw hukuk bozulmalary hakyndaky kodekse görä, köpçülikleýin ýerlerde çilim çekenlere salynýan jerimäniň möçberi 100 manada ýetirilýär. Häzirki wagt bu jerimäniň möçberi 75 manat.