Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin ýurduň täze habar agentliginiň başlygy wezipesine kimi belledi? Bu wezipä özdiýenli, tutuş düýrmegi bilen Kremliň syýasatyny goldaýan Dmitriý Kiselýow bellenildi. Tankytçylaryň aýtmaklaryna görä, Kiselýow “žurnalistikadan” başga hemme zatdan baş çykarýar.
Soňky döwürde YouTube wideo portalynda peýda bolan meşhur wideolar Putiniň dolandyrýan ýurdunyň žurnalistleri näderejede üýtgedip bilýändigini açyk-aýdyň görkezýär.
1999-njy ýylda Wladimir Putin ýurt başyna geleninde, “öz işine ussat žurnalist” Dmitriý Kiselýow žurnalistika bilen syýasy propagandanyň biri-birinden üzňe bolmalydygy barada ýiti çykyşlar edýärdi: “Žurnalistikanyň öz ahlagy, edebi bar. Žurnalist bu käriň etikasyndan üzňe hereket edip bilmez. Ýöne häzir telewideniýede çykyş edýän adamlara sen nädip žurnalist diýjek?! Olar bary-ýogy syýasatyň ündewçileridir.”
Aradan 14 ýyl geçdi we Putin özüniň Kremldäki kürsüsine ymykly ornaşdy. Bu günki gün prezidentiň media boýunça iň esasy galkany Kiselýow 14 ýyl ozal aýdan gürrüňlerine çapraz gelýän pikrilerini beýan edip başlady. Indi onuň özi žurnalistikanyň etikasyndan uzaklaşyp, hakyky agitatora, ýagny syýasatyň ündewçisine öwrüldi.
“Rossiýa segodnýa”
59-ýaşly Kiselýow 9-njy dekabrda Orsýetiň uly göwrümli “Rossiýa segodnýa” atly habar agentligine başlyk edip bellenildi. Agzalýan habar agentligi ýurduň iň uly göwrümli habar gullugy “RIA Nowostiniň” ornuny eýelär.
Duşenbe güni, ýagny 9-njy dekabrda prezident Putiniň karary bilen bahasy 110 milion amerikan dollaryna barabar bolan “RIA Nowosti” ýapyldy. Häkimiýetler munuň sebäbini “çykdajylaryň öňüni almak” diýip düşündirdiler.
Orsýetdäki media synçylary, bir tarapdan, “RIA Nowostiniň” ýapylmagyny geňlän bolsalar, beýleki tarapdan, olar Kiselýowyň ýokary wezipä bellenmegine haýran galdylar.
Kiselýow Orsýetiň döwlet eýeçilgindäki WGTRK kanalynyň başlygynyň orunbasary bolup, ol Putine ýapjalygy bilen giňden tanalýar. Dmitriý Kiselýow “Westi nedeli”, ýagny “Hepdäniň habarlary” atly gepleşigi diňe bir maksat üçin, ýagny Kremliň jedelli syýasy kararlaryny wagyz etmek üçin we Günbatary ýamanlamak üçin ulanýar.
Ukrainadaky protestler
Kiselýowyň ýokary wezipä bellenendigi baradaky habar onuň telewizorda “Ýewromaýdan” protestleri barada eden ýiti çykyşyndan bir gün soň ýaýrady. Orsýetiň media synçylary Ukrainada hökümete garşy geçirilýän protest çärelerine ynjalyksyzlyk bilen syn edýärler.
Habar gepleşiklerinde ýiti kinaýa we kesgir dil ulanýan Kiselýow öz çykyşynda Ukrainadaky protestçileriň “boş galmagaldan” başga iş bitirmeýändiklerini aýdyp, geçirilýän çäreleriň üstünden güldi: “Maýdan näme? Ukraina tutuş bir göwre bolsa, onda Maýdan läheň göwredäki kiçijik nokatdyr. Ony demir bilen berçinleseň, şol nokat ynjar, ýöne, elbetde bu ölüm howply bolmaz. Emma syýasy tehnologiýany ulanyp, ýagdaýa meçew berseler we bolýan zatlary has ulaldyp teleýaýlymlaryň we internetiň üsti bilen tutuş dünýä ýetirseler, ýagny halky hamala şol keşpde ýaly edip görkezseler, onda ýagdaý ölüm howply bolup biler. Aslyýetinde Ukraina Maýdandan has çylşyrymlydyr.”
“RIA Nowostiniň” ýapylmagy bilen onuň yzynda dörän boşluga Kiselýowy bellemekligiň özi gümürtik ýagdaý. Häzirki wagtda Orsýet diňe bir Ukrainadaky wakalar bilen göreşenok, eýsem ol şol bir wagtyň özünde fewral aýynda Soçide geçiriljek gyşky olimpiýada oýunlaryň üsti bilen hem öz täsir güýjüni has ýaýbaňlandyrmagyň aladasynda.
Orsýetiň “Žurnalistler bileleşiginiň” ozalky başlygy Igor Ýakowenko Azatlyk Radiosynyň Rus gullugyna beren gürrüňinde, Kiselýowyň howul-hara bu wezipä bellenilmegini “Kreml elitasy dowla düşmedik bolsa, onda bu ýagdaý, gürrüňsiz, gopgunyň alamaty” diýip düşündirdi
”Bu karar aňrybaş netijesiz karar. Hatda bu karar samsyklaç karar. Sebäbi Dmitriý Kiselýowyň häsiýetindäki propaganda stili, sada dil bilen aýdanymyzda “aç-açan ýalan-ýaşryk zatlar”. Onuň Maýdan we ors oppozisiýasy barada aýdýan ähli gürrüňleri diňe ýalan we mekirlikden ybarat. Şeýle ýagdaýlar diňe senzuranyň bar ýerinde bolup biler. Maglumat babatda monopoliýanyň höküm sürýän ýerinde bu şeýle bolup biler.”
Kremliň aýtmagyna görä, täze habar agentligi bütin dünýä ors syýasatynyň mazmunyny düşündirmekde ýardam bermeli.
Putiniň kararynda “Rossiýa segodnýa” habar agentliginiň açylmagy bilen, Orsýetiň döwlet syýasaty we jemgyýetçilik durmuşy barada habar berilmeginiň maksat edinilýändigi aýdylýar.
Munuň tersine “RIA Nowosti”, esasasan, “habaryň halka tiz ýetirilmegini, habaryň anyklygyny we syýasy şertlere garamazdan, özbaşdak pikirlenmegi” ýörelge edinýärdi. “Orsýetiň sesi” atly radio kanal hem ýapylan agentligiň düzüminde bolany üçin Kiselýowyň täze agentligine degişli edildi.
Media gulluklarynyň arasyndaky duşmançylyk gatnaşyklaryna garamazdan, Kiselýow dekabr aýynyň 10-na “RIA Nowostiniň” işgärleriniň “oňyn netijelerini” göz öňünde tutup, olaryň aglaba bölegini işde alyp galmagy umyt edýändigini aýtdy.
Muňa garamazdan, Ýakowenkonyň aýtmagyna görä, täze açylan habar agentligi Kiselýowyň “Gebbels äheňli maglumat” düşünjesinden iýmitlener. (Iosif Gebbels nasistik Germaniýanyň meşhur propagandaçysy.)