Berdimuhamedowyň "tapawutlanýan" obalary

Babaraba girilýän derweze

Şäher diýseň şäher däl. Oba diýmäge-de diliň baranok. Bu obadaky soňky 4-5 ýylyň içinde gurlan binalardyr köçeler paýtagt Aşgabatdakylardan kem däl. Bu Ahal welaýatynyň gün saýyn özgerip barýan Babarap obasynyň häzirki durky.

Derwezesinden obanyň içine girip gidýän estakada köprüsiniň paýtagtda gurlan estakadalardan hil taýdan has tapawutlanýandygy eýýäm bu obanyň ýönekeý oba däldigini görkezýär...

Berdimuhamedowyň obalary


Babarabyň derwezesiniň çür depesinden obanyň myhmanlaryny garşylaýan Oguz hanyň heýkeli, ak reňkli we altyn çaýylan estakada köprüdäki sekizburç ýyldyzlar bu obanyň aýratynlygyny görkezýän alamatlardan diňe käbirleri.

Bu obanyň baş köçesi bolan Babarap köçesiniň gyralaryndaky her 10 metrden dikilen yşyklandyryjy sütünleri, arça baglary hem-de pyýadalar üçin salnan ýanýodalary ýaly enaýy gurluşyklara, ýurduň beýleki obalary-ha däl, eýse Aşgabatdan beýleki uly şäherlerinde hem duş gelmek gaty kyn.

Şol köçäniň ugrunda gurlan mermer bilen örtülen binalar bu obany oba däl-de, gurluşygy tamamalanmadyk şähere meňzedýär. Emma şol mermer binalaryň köpüsiniň köplenç boşdugy hem göze ilýär, şol köçede aýlanyp ýören adam hem gaty seýrek duşýar.

Hatda obadaky iki gatly söwda merkezine hem käwagt bir-iki adam girip-çykýar diýäýmeseň, obanyň medeniýet öýi, sport toplumy ýaly, olam boş duran binalardan biri. Obanyň adamlyrak ýerleri bolsa, diňe obanyň oba geňeşliginiň dolandyryş edarasy, mekdep we çagalar bagy.

Yzgant

Babarapdan o diýen uzakda bolmadyk Yzgant obasynda hem Babarap obasyndaky ýaly binalardyr ýol infrastrukturasy gurlupdyr. Emma bu iki obanyň ýaşaýjylary obada gurlan binalaryň köplenç içiniň boşdugyny aýdýarlar.

Yzgant obasy prezidentiň atasy Berdimuhamet Annaýewiň ýaşan obasy diýlip hasaplanýar.

Obanyň özüni Aman diýip tanadan ýaşaýjysynyň Azatlyk Radiosyna gürrüň bermegine görä, diňe oba geňeşligi, orta mekdebi we saglyk öýi diýäýmeseň, beýleki binalar köplenç boş dur.

Binalaryň ählisem owadan. Ýöne iki gatly çagalar bagy özüniň aýratynlygy, owadanlygy we ululygy bilen tapawutlanýar. Obanyň jemi ilat sany barada resmi maglumat ýok. Emma il içindäki maglumatlardan çen tutsaň, ol 2 müň töweregi bolmaly.

Amanyň aýdyşy ýaly, bu iki oba eýýäm birnäçe ýyl bäri ýurt we welaýat derejesinde geçirilýän köpçülikleýin çäreleriň merkezine öwrüldi. Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli welaýatlar bilen paýtagtyň arasyndaky geçirilen teleköpri hem Ahal welaýatyndan Yzgant obasynyň Mälikguly Berdimuhammedow adyndaky medeniýet köşgüniň öňünde geçirilipdi.

Yzgant obasynyň medeniýet köşgi hem obanyň owadan binalaryndan ýene biri. 500 orunlyk bu binanyň zalynyň adamdan dolan pursatyna diňe welaýatyň beýleki ýerlerinden gelen myhmanlaryň gatnaşmagynda geçirilýän uly çärelerde göz ýetirmek mümkin diýip, oba ýaşaýjylaryndan ýene biri gürrüň berdi.

"Zyýarat mekdebi"

Yzgant obasyndaky Berdimuhammet Annaýew adyndaky 27-nji orta mekdep bolsa soňky döwürlerde ýurduň pedagoglarynyň zyýarat edýän ýerlerine öwrüldi. Baýramçylyk ýa-da köpçülikleýin çärelerde bu mekdebe gelip, prezidentiň atasynyň ýadygärligine gül goýmak çäresi hem adata öwrüldi.

Elbetde, töweregindäki beýleki obalaryň köpüsinden ilaty boýunça o diýen uly bolmadyk bu iki obanyň ykbaly 2007-nji ýylda Berdimuhamedowyň häkimiýet başyna geçmegi bilen üýtgäp başlady.

Prezidentiň obalary diýilýän bu iki oba barada il arasynda giňden ýaýran bir gürrüň bar, “babaraplynyň Taňrydan minneti bolmaz”. Bu söz öňler Babarap obasynyň suw üpjünçiligi barada aýdylan bolsa, häzir obanyň gün saýyn üýtgäp barýan daşky durky bilen bagly aýdylanda, bu jümle täze bir mazmuna eýe boldy.