Ýokarsynda äpet emeli sekizburçly ýyldyz oturdylan Aşgabadyň Bagt köşgi soňky ýyllaryň dowamynda paýtagtda gurlan läheň binalardan diňe biri. Toý-märekä niýetlenilip gurlan bu bina 2011-nji ýylda ulanmaga berlip, onuň gurluşygyna 140 million amerikan dollary sarp edilipdi.
Paýtagtyň islendik künjeginden görünýän bu köşkde toý üçin zerur bolan islendik mümkinçilik bar. Köşkde toý zallarynyň üçüsi, banket zallarynyň ýedisi, dabaraly nika baglanyşylýan zallaryň altysy, dükanlaryň otuz altysy bar.
Mundan başga-da bu ýerde toý egin-eşiklerini, zergärçilik önümlerini kireýine berýän, gelnalyjy ulaglaryny bezeýän salonlar, fotostudiýalar we gözellik salonlarynyň ençemesi bar. Garaz, ýaş çatynjalaryň toý dabaralary üçin bagt köşgünde ähli zerur zatlar göz öňünde tutulypdyr.
Bahalar
Emma bagt köşgünde bagtly bolýan çatynjalar welin jemgyýetiň juda çäkli gatlagyny emele getirýär. Munuň sebäbi bu köşgüň bahasy bilen bagly. Agzalýan köşgüň işgärleriniň beren maglumatyna görä, köşgüň “Älem” toý zalyny ulanjak bolsaň, onda bir adam üçin soralýan iň arzan nyrhy 52 manat.
Toýda azyndan 200 myhmanyň bolmagy talap edilýär. Bu 200 myhmany bolan toý eýesiniň bu zal üçin 10 müň 400 manat tölemeli diýildigidir. Bu pula toý zaly bilen bilelikde iýmek-içmek üçin 4 sany sowuk ýürekselik, ir-iýmişler, 4 sany salat we 2 sany gyzgyn nahar berilýär. Ýöne alkogolly içgileri toý eýesiniň özi getirmeli.
Göräýmäge, bu puly tölän adam, myhmanlary bilen bagşysyny alyp, toý güni zala barybermeli ýaly. Emma göz öňünde tutulmaly ýene bir şert bar. Ol hem bagşynyň kim boljagy. Sebäbi zalda haýsy aýdymçylaryň çykyş edip biljegi barada ýörite sanaw bar. Çagyryljak aýdymçy diňe sanawdakylardan biri bolmaly.
"Öňünden sargyt etmeli"
Emma, muňa garamazdan, bu köşgüň boş ýatandygyny aýtmak kyn. Köşgüň özüni Aýgül diýip tanadan işgäriniň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, bagt köşgünde toý dabarasyny geçirmek üçin müşderiler azyndan 1-2 aý öňünden sargyt etmeli.
Aýgül müşderileriniň, esasan, gurply maşgalalardygyny aýdýar.
Toý zalynyň nyrhyndan başga-da, bu köşkdäki gelnalyjy awtoulaglary kireýine almak hem o diýen arzan däl. Bagt köşgüniň awtoparky 2 sany “Limuzinden” we 10 töweregi “Kabriolet” görnüşindäki awtoulaglardan ybarat. Bezegsiz “Limuzin” 4 sagat kireýine berlip, onuň bir sagat kireý puly 66 manat. Onuň bezeginiň iň arzan bahasy bolsa 50 dollar.
“Esasan, “Kabrioletler” kireýine tutulýar, olar üçin bir sagadyňa 58 manat tölemeli. Arzanrak bolýar. Onsoňam, diňe bize üsti açyk “Kabrioletde” gelnalyja gitmäge rugsat berilýär” diýip, köşgüň awtoparkynyň işgärlerinden özüni Serdar diýip tanadan biri aýtdy.
Beýleki "Toý mekanlary"
Paýtagtda toý dabaralaryny toý mekanlarynda ýa-da zallarynda bellemek öňem arzan hasaplanmaýar. Paýtagt boýunça iň arzan toý mekany diýlip hasaplanýan zallardan biri – “Desterhan” kafesiniň toý zaly. Ol ýerde-de her myhman üçin 30 manat tölemeli.
Şol bir wagtyň özünde-de ilkinjisi Aşgabatda, häzirem ýurduň ähli welaýat merkezlerinde gurlup, ulanmaga berlen Bagt köşkleriniň nyrhynyň arzan boljagyna ozaldanam umyt ýokdy.
Emma Bagt köşgi döwlet býujetiniň hasabyna gurlansoň, ol köşkleri ulanmak ilata amatly bolar öýdülip garaşylýardy. Ýöne bu köşgüň edil häzirki nyrhy barada aýdylanda, “Baýam baýa berer, garybam – baýa” diýen türkmen halk nakyly biygtyýar ýadyňa düşýär.