Eýranyň Arak reaktory näme?

Arak reaktory (arhiwden)

Eýranyň ýadro programmasy boýunça alnyp barylýan gepleşikleriň düýbünde onuň urany baýlaşdyrmagyndan edilýän howatyr ýatyr. Ýöne geçen hepde, ýagny 20-nji noýabrda, Ženewada duşuşan dünýäniň alty sany güýçli döwleti bilen Tähranyň arasynda ylalaşyga gelindi diýlen hem bolsa, Eýranyň pluton ýaragyny öndürmek ähtimallygy indi barybir halkara jemgyýetçiliginiň üns merkezine düşdi.

Arak reaktory näme?

Eýran öz territoriýasynyň günbatar çäginde barlag maksatly kiçi göwrümli reaktorlary gurýar. Eýran resmileriniň aýtmaklaryna görä, şeýle reaktorlaryň gurulmagynyň aňyrsynda esasan izotop öndürmek we 40 megawatlyk termal energiýa öndürmek maksady bar diýilýär. Ýöne agzalýan reaktorlaryň gurluşygy günbatar döwletlerini uly alada goýýar, sebäbi bu gurluşyk doly tamamlansa, Eýranyň pluton ýaragyny öndürmek mümkinçiligi bolar.

Eýranyň ýaşrynlykda ýadro ýaraglaryny öndürmek boýunça iş alyp barýandygyny aýdyp, ony günäkärleýän günbatar syýasatçylary Arak reaktor merkeziniň gurulmagy netijesinde öndüriljek plutoniý Eýrany ýokary derejede baýlaşdyrylan uran bilen üpjün edip biler we munuň netijesinde bolsa onuň atom bombasyny ýasamak mümkinçiligi bolar. Eger Arak reaktor merkezi işläp başlasa, onda onuň kömegi bilen ýylda 10 kilograma çenli plutoniý öndürmek mümkin bolar. Bu Eýranyň ýylda bir sany atom bombasyny öndürmäge mümkinçiliginiň boljakdygyny aňladýar.

Arak reaktorynyň dolandyryjysy



Eýran 90-njy ýyllardan bäri Arak reaktorynyň üstünde işleýär, ýöne bu proses örän haýal amala aşyrylýar. Şonuň üçin hem Arak reaktoryna şu wagta çenli Eýranyň urany baýlaşdyrmak prosesi bilen baglylykda kän bir üns berilmändi.

Ýöne Ženewada Eýran bilen geçirilen soňky gepleşiklerde Arak reaktorynyň üstünde has çynlakaý durlup geçildi. Fransuzlaryň alada bildirýäni – Eýranyň urany baýlaşdyrmakda alyp barýan işleri boýunça taraplaryň arasynda belli bir derejede kanagatlanma dörese-de, Arak meselesi dogrusynda belli bir ylalaşyga gelinmedi. Arak reaktory örän howply bolup biler, sebäbi ol işe girizilensoň, ony togtatmak ýa-da ýykmak üçin ediljek harby hüjümiň agyr ýagdaýlary döretmegi ahmal.

Berlinde ýaşaýan ýadro syýasaty boýunça ýokary hünärmen Mark Hibbs bu mesele barada öz pikirini şeýle beýan edýär: "Operasiýalar başlan döwründe Arak reaktorlaryna hüjüm edilse, onda käbir radiasiýa şöhlelenmesiniň ýüz bermegi ahmal, sebabi ol reaktorlaryň içinde radioaktiw fizýon reaksiýalary bolup geçýär. Ýöne bu uly göwrümli güyçli reaktora hüjüm eden ýaly bolmaz. Aslynda, esasy zyýan syýasy we diplomatiki gatnaşyklara ýeter, sebäbi halkara jemgyýetçiliginiň ozal kabul eden esasy bir karary bar, ýagny içinde fizýon reaksiýasy bolup geçýän reaktoralara hüjüm etmek gadagan”.

Arak reaktorlaryny gurmaklyk haçan tamamlanar?

Aslyna seredeniňde, Eýran 2014–nji yylyň birinji cärýeginde Arak reaktorlaryny işe girizmegi maksat edinýärdi. Ýöne Birleşen Milletler Guramasynyň Ýadro agentliginiň aýtmagyna görä, agzalýan reaktoryň gurluşyk işi birnäçe gezek gijä goýlupdyr we häli bu gune çenli onuň tamamlanmagyna garaşylýar.

Halkara atom energiýasy boýunça agentligiň başlygy Ýukiýa Amano geçen hepde Roýters habar agentligine beren interwýusynda Arak barlag reaktorynyň gurluşygynyň tamamlanmagy üçin entek Eýranyň etmeli işiniň köpdügini we onuň haçan işe giriziljeginiň takyk belli däldigini aýtdy.

Arak edil işe girizilen güni hiç kim üçin howp bolup bilmez, sebabi agzalýan reaktoryň bomba ýasamak üçin zerur bolan ýeterlik derejede plutoniý maddasyny bölup çykaryp bilmegi üçin azyndan 12-18 aý dagy gerek bolar. Reaktoryň yangyjyndan bölüp çykarylmaly plutoniniň Eýranda nädip alynjagy hem belli däl sebäbi gürrüňi edilýän yangyjy gaýtadan işleýän mehanizm Eýranda häzirki wagtda ýok.

Ylalaşyga gelmäge mümkinçilik bolarmy?

Eýran we P5+1 döwletleri, ýagny Amerikanyň Birleşen Ştatlary, Orsýet, Hytaý, Beýik Britaniýa, Fransiýa we Germaniýa 20-nji noýabrda ýene-de duşuşarlar. Ekspertleriň aytmaklaryna görä, gepleşikleriň barşynda Eýran eger-de reaktory işletmegiň berk düzgünlerini berjaý etmegi kabul etse, onda Günbataryň Eyranyň Arak reaktoryny işletmegine razy bolmagy mümkin.

Waşingtondaky “Ýaraglara gözegçilik merkezinde” analizçi – Kelsey Deywenport bu mesele barada şeyle diyýar: "Arak işe girizilensoň reaktory işletmekde ulanylan yangyjyň yurduň çäginden çykarylmagy hem meseläniň çözgüdi bolup biler. Ýa-da bolmasa Eýran bilen gepleşik geçirýän döwletler Arak reaktorlaryna derek plutoniý bölüp çykarmaýan başga reaktorlar berip, meseläni çözüp bilerler. Plutoniý agyr ýaraglary ýasamakda ulanylýar.”

Eýran gürrüňi edilyän bu reaktora eýe bolmak üçin köp pul sarp etdi. Şonuň üçin hem Günbataryň basyşlaryna gulak asyp, Eýranyň öz reaktoryny täzeden gurnajagy gümana.

Şu hepde Fransiya Eýranyň yadro meseleleri bilen bagly dört sany şert bilen çykyş etdi. Ol şertleriň arasynda Arak reaktorlarynyň gurluşygynyň togtadylmagy hem bar. Şondan soň Eýranyň prezidenti talap edilýän şertlere jogap berip, ýadro gepleşikleri boýunça Günbataryň “hetden aşýan şertler” bilen çykyş edýändigini aýtdy. Şol bir wagtyň özünde Eyranyň parlamenti hem ýadro pudagynda gazanylanlary gelejekde gorap saklamak üçin täze kanun taslamalarynyň üstünde işleýär. Galyberse-de, olar Arak reaktorlaryny kanuny taýdan goramaga-da aýratyn üns berýärler.

Arak reaktorlary boýunça gozgalan meseleler şu aý Ženewada geçirilen gepleşiklere nädip oňaýsyz täsir etdi?

Noýabryň 7-si bilen 9-y aralygynda taraplar Eýranyň ýadro programmasyny geňeşmek üçin Ženewada duşuşanlarynda, wagtlaýyn ylalaşyga tas gelipdiler. Iki tarapyň ylalaşmagyna ynam döredýän meseleler maslahatlaşylyp, krizise hemişelik çözgüt tapmak boýunça gepleşikler geçirildi.

Habar berlişine görä, gepleşikler Eýranyň soňky alty aýyň dowamynda göwrümi giňeldilen ýadro programmalary barada bolup, bu mesele boýunça taraplaryň arasynda ylalaşyga gelinse, Tährana garşy edilýän sanksiýalaryň gowşadylmagynyň ahmaldygy barada gürrüňler edildi. Ýöne duşuşykda geçirilen oňyn gepleşiklere garamazdan, nähilidir bir takyk ylalaşyga gelinmedi, sebäbi Fransiýa maslahaty edilen plana garşy çykyp, teklip edilýän planyň Arak reaktorlarynyň ulanylmagyny diňe bir ýyl yza süýşürmekden başga zada ýaramaýandygyny aýtdy.