Mundan 30 ýyl öň Angliýa bütin dünýäde köplenç “iňlis hassalygy” diýlip atlandyrylan futbol huligançylygy bilen tanalýardy.
Şondan bäri Angliýa sportdaky jynsy kemsitmäni we köpçülikleýin ýowuzlyklary ýok etmekde uly üstünlikleri gazandy. Häzirki wagtda Moskwa 2018-nji ýylda Russiýada futbol boýunça geçiriljek Dünýä kubogyna taýýarlyk görüp, huligançylygyň we jynsparazlygyň öňüni almak üçin göreşýärkä, geçmişde Angliýanyň gazanan üstünligi onuň üçin yzyny eýerip bolaýjak görelde bolup görünýär.
Iňlis futbolyny huligançylykdan we jynsparazlykdan arassalamak işi polisiýanyň, sport ýolbaşçylarynyň, eminleriň, futbol klublarynyň, futbolçylaryň we janköýerleriň bilelikdäki we köpçülikleýin tagallalary esasynda amala aşyrylypdy.
Köpçülikleýin gözegçiligi gowulandyrmak üçin stadionlar gaýtadan üýtgedilipdi. Polisiýa has berk işläp başlapdy we kanuny bozanlara garşy has berk çäreler görlüp başlanypdy. Futbol janköýerleriniň bir topary köpçülikleýin tertipsizlik edenlikleri sebäpli jenaýata çekilip, tussag edilipdi. Meselem, futbol janköýerleri ýurduň içinde we daşynda geçirilýän futbol oýunlaryna gatnaşmakdan we futbol komandasynyň janköýerleri öz komandalary daşary ýurtlardaky ýaryşlara gatnaşanda, ol oýunlara gatnaşyp, tomaşa etmekden mahrum edilipdi.
Şeýle-de futbol janköýerleriniň hereketleri jynsparazlyga öwrülse, onda olara hiç hili geçirimlilik edilmejegi-de öňünden duýdurylypdy. Aýyplanýanlara stadiona barmak ömürlik gadagan edilip, olar hukuk taýdan garalanma bilen ýüzbe-ýüz bolup bilýärdi.
Problemanyň diňe wagtlaýyn çözgüdi
Ýöne düýbi Londanda ýerleşýän “Ýewropada jynsparazlyga garşy futbol” atly guramanyň ýerine ýetiriji direktory Piara Powar berk howpsuzlyk çäreleriniň problemanyň diňe wagtlaýyn çözgüdidigini aýdýar. Onuň sözlerine görä, Angliýadaky wakada iň wajyp faktor bilim we jemgyýetiň bilelikde hereket etmegi bolupdyr.
“Biziň bilýän takyk zadymyz diňe repressiw çärelere daýanyp, berk kanunlary kabul etmek hiç haçan ýeterlik bolmaýar. Bu janköýer toparlary kimdir biri terbiýelemeli we olar bilen meşgullanmaly. Belkem, iň uly jenaýatçylar bilen işleşýän gowy maliýeleşdirilen janköýerler boýunça proýektler içe girizilmeli” diýip, Powar aýtdy.
Angliýada jynsparazlyga garşy hemaýatkärlige esaslanýan jemgyýetler we guramalar döredildi. Bu guramalar sport ýolbaşçylary we futbol klublarynyň hem-de öňki we häzirki futbolçylaryň gatnaşmagynda maliýeleşdirildi. Şeýlelikde wagtyň geçmegi bilen olara garaýyşlary üýtgetmek başartdy.
Russiýa Futbol boýunça Dünýä kubogy döwründe tutuş ýurduň çäginde geçiriljek futbol ýaryşlarynyň huligançylyk we jynsparazlyk bilen bulaşdyrylmagynyň öňüni almaga jan edip, iýun aýynda kabul edilen anti-huligançylyk boýunça kanunçylyga nusga hökmünde iňlis kanunyndan peýdalandy.
“Janköýerlik kanuny”
Öňümizdäki ýylyň ýanwar aýyndan güýje girjek “Janköýerlik kanuny” diýlip atlandyrylýan kanuna görä, Russiýada futbol janköýerleriniň amala aşyrjak köpçülikleýin tertipsizliginiň pul jezasy 15 müň rubla, ýagny 460 amerikan dollaryna çenli ýokary galdyrylar. Şeýle-de, tussag edilen huliganlar 160 sagat jemgyýetçilik işlerine gatnaşdyrylar we ýedi ýyla çenli stadiona barmakdan mahrum edilmek çäresi bilen ýüzbe-ýüz bolar.
Russiýanyň polisiýasy tertipsiz janköýerleriň gara sanawyny düzmäge borçly edildi. Futbol klublaryndan bolsa günäkäriň kimdigini anyklamak üçin wideo gözegçilik enjamlaryny gurnamak talap edildi.
Ýöne Angliýadaky ýaly giň göwrümli bolmadyk bu kanun geçen aý Russiýanyň futboly çykgynsyz ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz bolan wagty ýeterlik däldigini aýan etdi.
Angliýanyň “Mançester sity” komandasy 23-nji oktýabrda Himiki Arenada geçirilen futbol ýaryşy döwründe futbolçylara garşy “maýmyn görnüşindäki şygarlar atylyp, olaryň kemsitmelere” sezewar bolandygy aýdylandan soň, 30-njy oktýabrda Ýewropanyň futbol dolandyryjy organy UEFA Russiýanyň “CSKA Moskwa” futbol komandasyna garşy sanksiýalary girizdi.
UEFA-nyň jezasyna görä, “CSKA” UEFA çempionatynda oýnamaly nobatdaky futbol ýaryşyny belli bir derejede ýapyk meýdançada geçirer.
UEFA-nyň beren bu jezasy Angliýada uly närazylygyň döremegine sebäp boldy. Ýurtdaky gara tenli futbolçylar UEFA-nyň bu kararyny tankyt etdiler we agzalýan guramadan Russiýanyň “CSKA” futbol komandasyny Ýewropa ýaryşlaryndan çykarmaga çagyrdylar.
“CSKA” bolsa “Mançester sitynyň” futbolçylarynyň garşysyna gönükdirilen jynsparazlyk hereketleri baradaky aýyplamalaryň çişirmedigini we özlerine UEFA tarapyndan berlen jezanyň hem hetdenaşadygyny nygtap gelýär.
Düýbi Britaniýada ýerleşýän jynsparazlyga garşy terbiýeleýän “Jynsparazlyga gyzyl petek görkez” atly merkeziň ýerine ýetiriji başlygy Ged Grebbi rus resmileriniň heniz hem futbol huligançylygyny we jynsparazlygyny ret edýän ýagdaýdadygyny aýtdy. Ol Russiýa diňe halkara futbol jemgyýeti tarapyndan artýan basyşlardan sypmak üçin berk kanunlary girizdi diýýär.
Şeýle-de, Grebbi bu Russiýanyň Dünýä kubogyndan mahrum edilmegi ýaly oňa garşy berk çäreleriň görülmegine sebäp bolup biler diýýär.
Boýkot etmäge çagyryş
Dünýä kubogy döwründe Russiýa barjak daşary ýurtlularyň howpsuzlygy ugrunda aladalar barha artýar we rus futboly bilen baglanyşdyrylýan jynsparazlyk medeniýeti tutuş Ýewropadaky gara tenli futbolçylaryň 2018-nji ýylda Russiýada geçiriljek Dünýä kubogyny boýkot etmäge çagyrmagyna sebäp boldy.
“Bu üýtgeşiklikleriň amala aşyrylmagy üçin düýpli gadagançylyklaryň girizilmegine sebäp bolup biler. Biziň ählimiz Russiýadaky statistikany gördük. Men Britaniýadan ýa-da Ýewropanyň beýleki ýerlerinden Dünýä kubogy üçin Russiýa barmak isleýän gara tenli futbolçylar we adamlar bardyr öýdemok” diýip, Grebbi aýtdy.
1985-nji ýylda Belgiýadaky Heýsel stadionynda bolan waka Angliýa üçin öwrülişik nokady bolupdy. Şonda stadionda Angliýanyň “Liwerpul” we Italiýanyň “Ýuwentus” futbol komandalarynyň arasynda Ýewropa kubogynyň final oýny oýnalýardy.
Şol wagt “Liwerpul” komandasynyň janköýerleri bäsdeş komandanyň janköýerleriniň üstüne tarap ýöriş edende, “Ýuwentusyň” 39 sany janköýeri öldürilip, 600-den gowragy hem ýaralanypdy. Şol wakada iki tarapyň janköýerlerini bir-birinden aýyrýan aradaky diwar basyşlara çydaman ýykylypdy we gaçmaga synanyşan “Ýuwentus” janköýerleriniň köpüsi aýak astynda basgylanypdy.
Şol wakadan soň iňlis komandalarynyň garşysyna deňi-taýy görülmedik gadagançylyklar girizildi. Ýagny, olar bäş ýyllap Ýewropa ýaryşlaryna gatnaşmakdan mahrum edildiler.