Molawerdi: Gyzlyk alnan çagalara oýlenmeli däl

Eýranly gyzlar parlamentiň açyk maslahatyna syn edýärler, Tähran, 2013.

Eýranyň prezidentiniň aýallar meselesi boýunça orunbasary Şahindoht Molawerdi ýakynda kabul edilen kanuna garşy herekete başlamak planlaryny mälim etdi. Tankytçylaryň aýtmagyna görä, gapma-garşylyk döreden kanun erkek adamlaryň özlerine çaga edinen gyzlaryna öýlenmegini kanunlaşdyrýar.
22-nji oktýabrda Eýranyň parlamentinde kabul edilen, munuň öňüsyrasynda bolsa ýurduň Baş geňeşi tarapyndan makullanan kanun giň derejede ýazgaryldy.

Çagalaryň hak-hukuklarynyň goralmagyna gönükdirilen bu kanunyň bir maddasy uly gapma-garşylyklary döretdi.

Bu maddada uly adamyň öz garamagyndaky we gan gatyşygy bolmadyk çaga öýlenip bilýändigi aýdylýar. Kanuna görä, munuň çaga üçin bähbitli boljagyny Sosial üpjünçilik guramasy we sud tassyklamaly.

Kanuna garşy tagallalar

Molawerdi özüniň birnäçe zenan kanun çykaryjylary bilen bilelikde bu gapma-garşylykly maddany üýtgetmek üçin çäre görmegi planlaşdyrýandyklaryny habar berdi.

Molawerdi şu hepdäniň başynda “Şargh” atly reformaçy neşire beren interwýusynda käbir ýokary derejeli ruhanylaryň “garaşyksyz galan çagalaryň we ýetginjekleriň” hak-hukuklary boýunça täze kanuny ýazgarýandyklaryny aýtdy. “Şeýlelikde, biz kanunçykaryjylar bilen hyzmatdaşlykda bu maddany giç bolmanka üýtgetmek üçin parlamente ýüzlenmekçi”, diýip Molawerdi aýtdy.

Molawerdi madda garşy çäreleri amala aşyrmak üçin göz öňünde tutulýan wagt möhletini mälim etmedi, emma ýuristleriň maddany üýtgetmek üçin kanun proýektiniň taslamasynyň üstünde işleýändiklerini aýtdy.

Adam hukuklaryny goraýjylar bu maddanyň ahlaga ters gelýändigini aýdýarlar. Olar çagalar bilen jynsy gatnaşyklara we gan gatyşygyna ýol açýan kanunyň parlament tarapyndan gadagan edilmegini isleýärler.

Tarapdarlar

Eýranyň kanunlaryna laýyklykda ýurtda gyzlar 13 ýaşynda, oglanlar bolsa 15 ýaşynda, öz ene-atalarynyň rugsady bilen durmuş gurup bilýärler.

Täze kanunyň tarapdarlary onuň çagalaryň hak-hukuklaryny goraýandygyny aýdýarlar.

Parlamentiň sosial meseleler boýunça komitetiniň agzasy Amir Hossein Ghazi täze kanunyň uly adamlaryň öz garamagyndaky çagalara hiç hili şertsiz öýlenmekleriniň öňüni almak maksadyny göz öňünde tutýandygyny aýdýar.

“Parlament gyzlyk-ogullyk alnan çagalara ýa garaşyksyz galan çagalara öýlenmeklige käbir çäklendirmeleri girizdi we çagalara öýlenmek üçin sud tarapyndan karar çykarylmaly edildi. Bu bolsa hukuk bozma mümkinçilikleriniň öňüni alýar”, diýip Amir Hossein Ghazi ýarym resmi “Mehr” agentlgine aýtdy.

“Seksual maksatlaryň nyşany”

Tankytçylar bolsa, şol sanda Eýranyň Çagalaryň hukuklaryny goramak boýunça jemgyýetiniň başlygy Şiwa Dolatabadi kanunyň maşgalalara we çagalara howp salýandygyny aýdýarlar.

“Gyz çagany öz maşgalasyna alan zenan onuň özüne derek adamsyna aýal bolup biljegini bilse, ol bu çaga hakyky eje bolup bilmez”, diýip Şiwa Dolatabadi Eýranyň metbugatyna aýtdy. Şeýle-de, onuň bellemegine görä, eger zenan ogullyk alýan çagasynyň özüne är bolup biljegini bilse, bu ýagdaýda sagdyn maşgala döräp bilmeýär”.

Yslam zenanlarynyň bileleşiginiň başlygy Touran Walimorad täze kanunyň çagalary gyzlyk-ogullyk almaklygy seksual maksatlaryň nyşanyna öwrüp biljekdigini duýdurdy.