Eýranda aşa dinçi toparlar prezident Hasan Rohaniniň ýadro gepleşiklerinde görnetin ösüş gazanyp, Birleşen Ştatlar bilen sazlaşykly iş alyp barmagyna reaksiýa bildirýärler. Olar özleriniň Birleşen Ştatlar bilen turuwbaşdan duşmandyklaryny subut etmek üçin, ellerinde baryny gaýgyrman, reaksiýa görkezýärler.
Soňky birnäçe günüň dowamynda Eýranyň paýtagtynda täze afişalar peýda bolup başlady. Afişada görkezilýän suratda eýran hökümetiniň dellaly we amerikan hökümetiniň töwellaçysy bir stoluň başynda otyr. Afişadaky suratda görkezilişi ýaly stoluň başynda oturan amerikan wekiliniň bilinden aşakda harby lybas we dyzynyň üstünde ýarag bar.
Iki tarapyň hem diplomatiýanyň roluna we ähmiýetine aýratyn ünsi çekýändigine garamazdan, afişanyň aşagynda ýaňsy bilen “Amerikan akýrekliligi” diýlip ýazylypdyr we aslyýetinde bu suratda Amerikanyň Eýrana garşy harby çäre görmekçi bolýandygy ýaňzydylýar.
Aşa dinçiler
Gürrüňi edilýän afişa Eýran yslam döwletindäki aşa dinçi toparlaryň çykaran hokgasy bolmaly. Olar prezident Rohaniniň Birleşen Ştatlar bilen ylalaşykly gatnaşyklary ýola goýmakda we Günbatar bilen dartgynlylygy gowşatmakda alyp barýan işlerinden nägile.
Iýun aýynda geçirlen prezidentlik saýlawlarynda täze ösüş ýoluny we döwrebaplygy wada berýän täze prezidentiň, ýagny Rohaniniň prezidentlik kürsüsini eýelemegi aşa dinçi toparlary ynjalyksyzlandyrdy we häzirki wagtda olar Günbatar bilen ysnyşykly gatnaşyklar ýola goýlan ýagdaýynda häkimiýetden çetledirilmekden gorkýarlar.
Ýaňy-ýakynda olar, täze hökümetiň 30 ýyldan bäri her juma namazynyň ahyrynda aýdylýan “Amerika ölüm” diýen şygary ýatyrmak üçin eden çykyşyny tankytladylar.
Şygary ýatyrmak barada edilen çykyş geçen aý prezident Rohani Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama bilen telefon arkaly gepleşik geçireninden soň bolupdy. Agzalýan telefon söhbetdeşligini aşa dinçi toparlar “howlukmaçlyk” diýip häsiýetlendiripdi. Aslynda bu telefon söhbetdeşligi Eýranda uzak wagtdan bäri bar bolan “Amerika bilen gatnaşmak günä” diýen düşünjäniň nädogrudygyny subut edipdi.
"Duşman, duşman bolup galýar"
Şondan bäri dinçi toparlar öz pozisiýalaryny goramak we “Birleşen Ştatlara bil baglap bolmaz, çünki olar duşman we duşman bolup hem galarlar” diýen düşünjäni subut etmek üçin jan edýärler. Afişalary asyp, Amerika garşy kampaniýalary alyp barmak bilen bir hatarda olar geçen hepde Ženewada geçirilen gepleşikleri hem sorag astyna alýarlar. Golaýda aşa dinçi toparlar adamlary “Ýok bolsun Amerika!” diýen festiwala gatnaşmaga çagyrdylar.
Dinçi toparlaryň “Rajanews” atly websahypany hem öz içine alýan habar serişdeleri Ženewada geçirilen gepleşikleriň detallarynyň halka giňişleýin äşgär edilmezligini “şübheli” diýip häsiýetlendirýändiklerini aýdýarlar. Ýöne agzalan gepleşikler Günbatar we eýranly wekiller tarapyndan “pozitiw” diýlip häsiýetlendirlipdi.
Aşa dinçi toparlar şu aýyň başynda gepleşikler barada eden çykyşy sebäpli Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretarynyň orunbasary Wendi Şermany hem tankyt edýärler. Wendi Şerman ýadro gepleşiklerinde Amerikanyň iň esasy töwellaçylaryndan biridir.
3-nji oktýabr güni Daşary gatnaşyklar komitetiniň Senatda geçirilen diňlenşiginde, Şerman Eýranyň ozallar ylalaşyklara “togtatmak taktikasyndan” çemeleşendigi barada berlen soraglara jogap beripdi.
“Biz olaryň öz ýadro programmalaryny dowam edýändiklerini bilýändigmiz üçin, şeýle hem 2003-2005-nji ýyllar aralygynda Rohani esasy wekil wagty bolan zatlardan habarly bolandygymyz üçin, bir zady oňat bilýäris, ýagny mekirlik ýagdaýyň DNK-synda bar” diýip Şerman aýtdy.
Media
”Rewolýusiýanyň sakçylary” bilen ilteşikli hasaplanýan doly resmi däl pars habar agentligi şeýle sorag bilen ýüzlenipdi: “Mekirligi Eýranyň DNK-sy diýip häsiýetlendirýän bir adama nädip bil baglap bolar?”
“Maşregnews” websahypasy Eýranyň resmilerini Amerikanyň tekepbirligine we gödekligine hökmany suratda iň gysga wagtyň içinde güýç bilen jogap bermäge çagyrdy.
Ýokary kanunçykaryjylardan Aladin Boružrdini hem öz içine alýan käbir parlament agzalary Şermany tankyt etdiler we onuň beren jogabyny “gözgyny” diýip häsiýetlendirdiler.
22-nji oktýabrda döwlet telewideniýesinde eden çykyşynda Boružerdi: “Birleşen Ştatlaryň syýasaty, esasan, mekrilige we galplyga esaslnaýar, şonuň üçin hem olar beýleki ýurtlara-da ýalançydyr öýdýärler” diýdi.
Aşa dinçi toparlara degişli “Keýhan” gündelik neşiri 23-nji oktýabrda Şermanyň garşysyna iň agyr sözleri ýazdy we onuň Eýran yslam döwletini kemsidip, “mekirlik hem-de hilegärlik” bilen hereket edýändigi üçin Eýranyň wekillerini ylalaşykdan el çekmäge çagyrdy.
“Keýhan” Şermany “ähtibarsyz amerikansumak” diýip häsiýetlendirdi we “Şerman Eýranyň genetikasynda mekirlik bar diýmek bilen tutuş Eýran halkyny kemsitdi” diýdi.
“Ýadro gepleşiklerinde, Eýranyň positiw herektlerine garamazdan, amerikan tarapyndan gelýän teswirler we garaýyşlar olaryň gazaply syýasat yzarlaýandyklaryny” görkezýär diýip, täsirli “Keýhan” öz sahyplarynda ýazýar.
22-nji oktýabrda habarçylar Döwlet departamentiniň metbugat wekiliniň orunbasary Mariýa Harfdan: “Şerman şeýle jogap bermek bilen prezident Rohani hakykaty aýtmaga genetiki taýdan ukypsyz diýjek boldumy?” diýip soradylar.
“Asla” diýip, ol jogap berdi. “Asla beýle däl. Biz prezident Rohaniniň bitiren işlerine minnetdarlygymyzy bildirýäris. Biz Rohana we onuň delegasiýasyna P5+1 sebäpli minnetdarlygymyzy bildirýäris. Biz gelejekde hemme zadyň has gowulaşmagyna umyt bildirýäris” diýip, ol jogap berdi.
Fars agentligi berlen jogaplary teswirledi we Döwlet Departamentiniň Şermanyň aýdan “Eýrana garşy” jogaplary üçin yza çekilendigini habar berdi.
"Festiwal"
Şeýle jedelleriň dowam edýän günlerinde aşa dinçi toparlar “Ýok bolsun Amerika!” ady bilen festiwal geçirýändiklerini aýdýar. Şeýle-de olar ilkinji iň uly “Ýok bolsun Amerika!” atly halkara baýragyny yglan etdiler.
4-nji noýabrda Tährandaky Amerikan ilçihanasynyň basylyp alynmagynyň 34-nji ýyl dönüminde aşa dinçi toparlar özlerindäki Amerika bolan duşmançylygy ýene bir gezek açarlar we ýakynlaşmalara özleriniň garşydyklaryny görkezerler.
Öňki ýyllarda agzalýan wakanyň ýyl dönümi “Amerika ölüm!” diýen şygarlar astynda amerikan baýdaklaryny ýakmak çäreleri bilen geçirilýärdi.
Ýöne efirde adynyň agzalmagyny islemedik tähranly bir žurnalist aşa dinçi toparlaryň Rohaniniň edýän tagallalaryna täsir edip bilmejekdiklerini aýtdy.
“Häzirlikçe Eýranyň Ýokary lideri Hameneýi Rohanini we onuň toparyny goldaýar. Diýmek, aşa dinçiler her näçe galmagal etseler-de, olar gepleşiklere böwet bolup bilmezler. Hamaneýi Birleşen Ştatlara gaty şübheli garaýar, ýöne ol diplomatiki ýollar bilen ýadro meseleleriniň çözülmegini goldaýar. Radikallar häzir köp däl” diýip, žurnalist aýtdy.