20-nji oktýabrda Türkmenistanyň orta mekdeplerinde güýz kanikyly başlandy. Türkmenabatda okaýan käbir okuwçylaryň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, 30-njy oktýabra çenli dowam etjek kanikulda okuwçylara dynç günlerinde özlerini nähili alyp barmalydygy barada täze tabşyryga gol goýdurylypdyr.
Bu çäklendirmeleriň jikme-jigi we olaryň sebäbi barada resmi taýdan maglumat berilmedi. Emma elimize gowşan deslapky habarlara görä, bu tabşyryk kanikul döwründe okuwçylaryň gije köçä çykmazlygy, toý-märekä, köpçüligiň üýşen ýerlerine, şol sanda diskotekalara barmazlygy ýaly çäklendirmeleri öz içine alýar.
Şeýle çäklendirmeleriň ýurduň beýleki welaýatlaryndaky okuwçylar üçin hem girizilip-girizilmändigi belli däl.Ýöne Türkmenabadyň garyşyk - rus-türkmen dillerinde okadylýan mekdepleriniň biriniň özüni Stýopa diýip tanadan 10-njy klas okuwçysy bu tabşyryga gol goýan okuwçylaryň biri.
"Biz diňe öýde oturmaly"
“20-nji oktýabrdan kanikula çykdyk, 30-njy oktýabra çenli dynç almaly. Klas ýolbaşçymyz kanikul döwründe özüňi alyp barmak düzgünleri hakynda düşündiriş geçirip, hemmämize bir kagyza gol çekdirdi. Indi on günüň içinde bir hadysa ýüze çykaýsa, mugallym jogapkärçilik çekmeýär, okuwçynyň özi günäkär. Gol çeken kagyzymyzdaky talap edilen zatlary jemläp aýtsaň, biz diňe öýde oturmaly. Toýa, baýramçylyk geçirilýän, köpçüligiň üýşýän beýleki ýerlerine barmak bolanok” diýip, okuwçy Stýopa gürrüň berýär.
Türkmenabat şäheriniň mekdepleriniň biriniň özüni Maýa diýip tanadan mugallymy okuwçylardan dilhaty alnandygy baradaky habary tassyklap, bu çäräniň bilim bölüminden gelen buýruk esasynda geçirilendigini gürrüň berdi.
Maýa mugallym bu çäräniň sebäbini soňky döwürlerde dynç alyş we kanikul günlerinde okuwçylar bilen ilteşikli dürli hadysalaryň ýüze çykmagy bilen baglanyşdyrýar. Şeýle wakalar ýüze çykaýan halatynda, ýeterlik terbiýeçilik işleri geçirilmändir diýlip, mugallymlaryň aýyplanýandygyny aýdýar.
Okuwçy üçin mugallym aýyplanýar
“Okuwçy bilen bagly waka hatda olaryň öýlerinde bolsa-da, bu barada mugallymlar jogapkärçilige çekilýär. Bizi ýeterlik terbiýeçilik işini alyp barmazlykda aýyplaýarlar. Mugallymyň mekdebiň daşynda 30 töweregi okuwça gözegçilik etmek mümkinçiligi ýok ” diýip, özüni Maýa diýip tanadan türkmenabatly mugallym Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.
Maýa mugallymyň sözlerine görä, soňky döwürlerde okuwçylaryň problemalary diýseň köpelýär. Bu problemalaryň arasynda okuwçy gyzlaryň göwreli bolmagy ýaly ýagdaýlara hem duş gelinýär.
Dilhaty düzgüniniň mugallymlaryň işini näderejede ýeňletjekdigi, şeýle-de onuň ýaş-ýetginjekleriň özlerini alyp baryşlaryna nähili täsir ýetirjekdigi barada bir zat aýtmak kyn. Emma Türkmenistanda ýaşlar mundan ozalam dürli çäklendirmeleri göz öňünde tutup ýaşamaly bolýarlar.
Ýetginjekleriň okuw durmuşy barada aýdylanda, olardan okuwa diňe hökümet tarapyndan tassyklanan forma geýip barmak talap edilýär. Okuwçy gyzlaryň uzyn köýnekli we uzyn gulpakly, kellesi tahýaly bolmalydygy hem talaplaryň arasynda. Olara makiýaž ulanmak hem bolanok.
"Men bu talaba boýun bolmaryn"
Okuwçylaryň öz kanikul döwründe näme edip, näme etmezligini kesgitleýän bu dilhaty hem ozalky çäklendirmeleriň dowamy hökmünde kabul edildi. Emma Serdarabat etrabynyň mekdepleriniň biriniň 8-nji klas okuwçysy Merjen “Men bu talaba boýun bolmaryn” diýýär.
“Nähili dilhaty ýazdyrsalar-da, men kanikul döwründe baýramçylyklara, toýlara gidýärin, beýle gadaganlygy inkär edýärin” diýip, Merjen Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.
Beýleki söhbetdeşimiz Stýopa hem Merjenden tapawutly pikirde däl, emma şol bir wagtyň özünde-de bu iki okuwçynyň garaýyşlarynyň ähli okuwçylaryň umumy garaýşyny aňladýandygyny aýtmaga hem esas ýok. Diýmek, bu täze çäklendirmeleriň näderejede täsirli boljagyny diňe wagt görkezer.