Rohani sammitden haraý gözleýär

Prezident Hassan Rohani

Şanhaý Hyzmatdaşlyk guramasynyň Bişkekdäki sammitine diňe synçy hökmünde gatnaşýan Eýrandan gelen prezident Hasan Rohaniniň bu maslahatdaky ornunyň örän ýönekeý bolup görünmegi-de mümkin.

Emma guramanyň anna güni, ýagny 13-nji sentýabrda geçjek maslahatyna gatnaşmak bilen, Rohaniniň öz ýurdunyň daşary syýasatdaky iň möhüm meselesinde uly öňegidişlik gazanmagy hem ähtimal.

Has açyk aýdylanda, Tähranyň dawaly ýadro programmasy babatynda dörän dartgynlylygy diplomatiki ýollar bilen çözmek ugrunda gepleşik geçirmek baradaky çagyryşyndan soň, Rohani halkara oýunçylaryň käbirini öz tarapyna çekmäge synanyşýar.

Eýranyň dawaly ýadro programmasy babatyndaky gepleşikler “5+1” döwletleriniň, ýagny BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň hemişelik bäş agzasynyň we Germaniýanyň gatnaşmagynda geçirilýär.

Eýranyň içindäki "göreş"

Ozallar Eýranyň ýadro gepleşiklerini alyp baran Rohani öz ýurdunyň halkara ykdysady sanskiýalaryndan azat bolmagyny, şeýle-de Tähranyň ýadro programmasyna ynamly garalmagyny isleýändigini aýdýar.

Emma Eýranyň prezidenti häzire çenli takyk hiç bir zady aýtman, diňe bu meselede “ähli taraplaryň ýeňiji bolup çykmagyny” isleýändigini tekrarlap gelýär.

Indi, Bişkekdäki sammitiň üsti bilen, Rohani dünýäniň ägirt güýçleriniň ikisi, ýagny Orsýet we Hytaý bilen ikiçäk ýagdaýda gepleşip biler. Belläp geçsek, hem Moskwanyň, hem-de Pekiniň Tähran bilen möhüm ykdysady baglary bar.

Britaniýanyň Birmingham uniwersitetiniň eýran meseleleri boýunça eksperti Skot Lukas Rohaniniň yzarlaýan maksatlaryny şeýle kesgitleýär:

“Eýranlylar ýadro gepleşikleriniň tizden-tiz başlanmagyny isleýärler. Rohani eýran režimindäki konserwatiwler bilen özara söweş alyp barýar. Ol [Rohani] diňe bir gepleşikleriň başlanmagy bilen çäklenmän, “5+1” güýçleriniň, esasan-da ABŞ-nyň we ýewropa ýurtlarynyň kanagatlanmagyny gazanjak bolýar. Garaz ol gözboýagçylyk bilen meşgullanmajak bolýar”.

Eger-de Rohanä Moskwanyň we Pekiniň goldawyny gazanmak başartsa, ol öýündäki konserwatiwleriň tutumyny hem üýtgedip bilerdi. Ol ýakynda, ýadro gepleşikleri boýunça has köp ygytýarlygy özünde jemlemek üçin, bu ugurda gepleşikleri alyp barýan edarany Ýokary ruhany lidere we Daşary işleri mistrligine däl-de, gönümel prezidente hasabatly bolar ýaly edip kadalaşdyrdy.

Emma Lukas Eýranda Rohanä käbir toparlaryň, hususan-da Rewolýusiýa sakçylarynyň garşy çykjakdygyny duýdurýar. Bu toparlar ýurduň mediasynda Rohanä garşy uruş alyp barýarlar. Rohani Eýranyň häzirki çekýän ykdysady ejirleriniň sebäbini ozalky syýasatçylaryň alyp baran syýasaty bilen düşündirenden soň, oňa garşy gahar-gazap has-da güýçlendi.

Ruhy lider

Şol bir wagtda Rohani ruhy lider Aýatolla Ali Hameneýiniň nägileligini döretmez ýaly, seresaplylyk bilen çemeleşmeli. Sebäbi Hameneýiniň bu prosese goşulyp, ähli tagallalary petiklemek ygtyýarlygy-da bar.

Tähranyň ýadro programmasy boýunça “5+1” formatyndaky gepleşikleriň soňky tapgyry şu ýylyň aprelinde geçirilipdi. Şonda Almatyda bolan maslahatda taraplar indiki gepleşikleriň senesi babatynda anyk karara gelip bilmändiler.