Saud Arabystany Assada garşy tagallalaryny güýçlendirýär

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin (sagda) we şazada Bandar bin Soltan bin Abdul Aziz al-Saud.

Saud Arabystanynyň Siriýanyň prezidenti Başar al-Assady agdarmak isleýändigi bir gizlin syr däl. Ýöne Er-Riýadyň bu maksada ýetmek üçin öz pulundan näçeräk sarp etmäge meýillidigi belli däl.

Bu ugurda geçirilen çäreleriň biri saudy döwletiniň aňtaw gullugynyň başlygy şazada Bandar bin Soltanyň 31-nji iýulda Moskwada ors prezidenti Putin bilen duşuşmagy boldy.

Duşuşyk barada jikme-jik maglumat ýok. Ýöne Siriýanyň Saud Arabystanyna ýakynlyk edýän oppozision çeşmeleriniň aýtmagyna görä, şazada Moskwa Assady goldamagy gowşadyp, Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň Siriýa baradaky indiki rezolýusiýalaryny bökdemegi bes eden halatynda 15 milliard dollarlyk ors ýaragyny satyn almagy teklip edipdir.

"Filosofik häsiýetli"

Moskwa muňa meýilli däle meňzeýär. Sebäbi Kreml 9-njy awgustda "media habarlarynda bir teklip barada aýdylýan zatlar nädogry" diýdi. Putiniň daşary syýasat boýunça geňeşçisi Ýuriý Uşakowyň žurnalistlere aýtmagyna görä, ors prezidenti haýsydyr bir söwda barada pikir alyşmandyr, duşuşyk diňe "filosofik häsiýetli" bolupdyr.

Edilen teklip dogry bolanda-bolmanda-da, Saud Arabystanynyň aňtaw gullugynyň başlygynyň Orsýete sapar etmegi Er-Riýadyň Siriýa konfliktine ýokary derejedäki ähmiýetli daşary syýasy mesele hökmünde garaýandygyny görkezýär.

Ýöne saudy döwletiniň bu meselä beýle ähmiýet bermegine näme sebäp bolýarka?

Germaniýanyň Berlinde ýerleşýän Halkara we howpsuzlyk işleri baradaky institutynyň işgäri Wolker Perthes "bu gorky" diýýär: "Onuň, düzgün peselip, Eýranyň ýeňiş gazanmagyndan ýa Eýranyň Orta Gündogarda we Liwanda gegemoniýa eýe bolup, Yragyňdyr Siriýanyň üsti bilen Eýrandan Liwana çenli gury ýer köprüsini gurmagyndan heder edýän bolmagy ähtimal. Ol Liwanda ”Hezbullanyň” sünni syýasatçylary ýeňmeginden gorkýar. Saud Arabystany bulary asyrlar boýy goldap geldi. Er-Riýad şeýle hem Assadyň üstün çykmagyndan ýa-da oppozisiýanyň özüne ters böleginiň ýeňiş gazanmagyndan gorkýar".

El-Riýadyň başga aladalary-da bar.

"Ýüz müňlerçe bosgun meselesi"

Bu aladalaryň biri Siriýa konfliktiniň Iordaniýany durnuksyzlandyrmagy. Bu ýerde patyşa Abdulla 2-nji ýurduň içinde aýgytly oppozision hereket bilen ýüzbe-ýüz, şol bir wagtyň özünde-de ol Siriýadan gaçyp gelen ýüz müňlerçe bosgun meselesini çözmäge synanyşýar.

Dubaýda ýerleşýän Ýakyn Gündogaryň we Aýlagyň harby analizleri baradaky institutyň işgäri Teodore Karasik muny şeýle düşündirýär: "Iordaniýa patyşalygyna başagaýlyk aralaşsa, saudylar Bahreýne gyssagly girişleri ýaly, bu ýere-de derrew girip, ony goramaga synanyşarlar. Olaryň garaýşyça, haýsy hem bolsa bir monarhiýanyň çökmegi uly betbagtçylyk bolup, beýleki monarhiýalara-da geosyýasy taýdan ýaramaz täsir eder".

Saud Arabystany Siriýanyň gozgalaňçylaryny goldamakda ýolbaşçylygy öz üstüne alyp ýörkä, onuň dünýäniň bu konfliktde eli bar güýçli döwletler bilen eglişige meýilliligi näderejedekä?

Londonda ýerleşýän "Chatham House" ylmy barlag guramasynyň region boýunça eksperti Jeýn Kinninmontyň pikiriçe, Er-Riýad bu ugurda giň gerimli mümkinçilikleri-de peýdalanmaga taýyn.

"Olaryň Orsýetdäki duşuşygy baradaky habarlarda gyzykly zatlaryň biri diňe gamçy däl-de, şekeriň hem ulanylmagydyr. Saudylar Orsýete gaty köp basyş etdiler. Orsýetiň Saud Arabystanyna söwda delegasiýasy ýatyryldy. Sebäbi saudylar olar bilen duşuşmak islemediler. Biz şeýle hem saudy ruhanylarynyň orslaryň garşysyna gönükdirilen köp ritorikasyna şaýat bolduk. Ýöne baryp, orslara 'näme isleýärsiňiz, biz özara söwda hem edip bileris' diýilmejek ýalydy" diýip, Kinninmont aýdýar.