Türkmenistanyň orta mekdepleri 1-nji awgustdan başlap, şu ýyl 1-nji klasa gitjek çagalaryň dokumentlerini kabul edip başladylar. Häzir 6-7 ýaşly çagaly ene-atalar çagalarynyň dokumentlerini tabşyrýarlar.
Orta mekdebe girmek üçin tabşyrylmaly dokumentleriň bolsa sany şu ýyl köpelipdir. Öňler esasan medisina barlagy baradaky kagyzy tabşyrmaly bolan bolsa, indi mekdebe kabul ediljek çaganyň ýaşaýan ýeri baradaky nomer 3 formaly sprawkany hem tabşyrmaly. Şeýle-de, çaganyň özi hem-de käbir maşgala agzalary barada maglumat soraýan anketany hem doldurmaly.
Şol anketada okuwçynyň kakasy, ejesi, atasy, enesi, babasy, mamasy we doganlary barada maglumatlar görkezilmeli. Şeýle-de bu anketanyň ahyrky grafasynda olaryň sud edilip-edilmändigi baradaky grafa-da bar.
Gözegçilik
Mekdep okuwçysyndan onuň maşgala agzalary barada jikme-jik maglumat soralmagyna öwrenişendigini aýdyp, käbirleri muňa biparh garaýandygyny bellese, adamlaryň arasynda bu ýagdaýa nägilelik bildirýänleri-de bar.
Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan käbir raýatlar bu düzgüniň çagalary döwlet tarapyndan kontrollyk astyna almak maksady bilen girizilendigini aýdýarlar.
Hususan-da, bu anketanyň, çaganyň maşgala agzalarynyň sud jogapkärçiligine çekilip-çekilmändigi baradaky soragy, ene-atalary howatyrlandyrýar. Şu ýyl 6 ýaşly ogly mekdebe gitmeli 42 ýaşly aşgabatly Ahmediň pikiriçe, bu grafa ýaňy durmuşyň çetinden giren çagalaryň ykbalyny kesgitleýän ýagdaý.
“Garaşsyzlyk döwründe türmä girip çykmak adaty bir ýagdaýa öwrüldi. Üç arkasynyň arasynda türmä girip çykan okuwçylar köp bolmaly. Eger bu ýagdaý anyklansa, onuň çagalaryň durmuşyna täsir etjekdigi ikiuçsyz ” diýip, Ahmet aýdýar.
Täze düzgün
Mekdep okuwçylaryndan olaryň maşgala agzalary barada maglumat soralmagyna Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan käbir mugallymlar hem garşy. Özüni Dursun diýip tanadan mugallym bu barada şeýle diýýär: “Üç arka barada maglumat toplamak düzgüni Niýazow döwründe girizilse-de, bu barada o diýen berk daralmaýardy. Hatda Niýazow döwründe-de okuwçylardan munuň ýaly maglumatlar soralmaýardy. Bu düzgün 1-2 ýyllykda girizildi”.
Geçen ýyl çagalar baglarynda terbiýelenýän çagalardan hem olaryň üç arkalary baradaky maglumatlar soralyp başlandy.
Ýokary okuw jaýlaryna okuwa, döwlet edara-kärhanalaryna işe girýänlerem öz üç arkalary baradaky maglumatlary bermeli. Üç arka baradaky maglumatlar diňe bir işe ýa-da okuwa girilende däl, eýsem raýatyň okap ýa-da işläp ýören wagty hem birnäçe gezek soralyp bilinýär.
Mundan başga-da ýurtda geçirilýän dürli bäsleşikleriň hem käbirlerinde bäsleşige gatnaşýanlaryň üç arkasy soralýar. Mysal üçin, student gyzlaryň arasynda geçirilýän “Talyp gözeli” bäsleşiginiň düzgünnamasynda bäsleşige gatnaşýan gyzlaryň üç arkasy baradaky maglumatlar talap edilýär.
Özüni Guwanç diýip tanadan aşgabatly medeniýet işgäriniň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, ýurtda geçirilýän köpçülikleýin çärelere gatnaşýan çagalardyr, uly ýaşly adamlaryň käbirlerinden hem üç arkalary baradaky maglumatlaryň talap edilmegi seýrek ýagdaý däl.
Guwanjyň aýtmagyna görä, esasanam köpçülikleýin çäräniň öňüsyrasynda şol çärede prezidentiň golaýyna barjak adamdan onuň üç arkasy baradaky maglumatlar talap edilýär.
1-nji sentýabrda ýurduň orta mekdeplerine 6-7 ýaşly çagalaryň 193 müňden gowragy kabul ediler. Olaryň ählisem özleriniň üç arkalary baradaky maglumatlary bermeli bolarlar.