Türkmenabat: Ilat ulag üpjünçiliginden zeýrenýär

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Türkmenabadyň jemgyýetçilik transporty

Türkmenabadyň şäher merkezi bilen Amul şäherçesiniň arasynda gatnaýan döwlet eýeçiligindäki awtobuslaryň kadaly gatnaw sagady ýok. Agzalýan duralgalaryň arasynda kämahal sagatda bir awtobus gatnasa, köplenç awtobuslaryň gatnawy ondan hem seýrek bolýar.

Resmi çeşmelerden tapyp bolmasa-da, Amul şäherçesiniň ilat sanynyň 4-5 müňe golaýdygy çaklanylýar. Şäherçäniň ýaşaýjylarynyň uly bir bölegi bolsa gatnaw üçin köp halatlarda jemgýyetçilik ulag serişdelerine bil baglaýarlar. Emma jemgyýetçilik ulag serişdesi bilen bagly problema, Türkmenabatda diňe Amul şäherçesine mahsus däl.

Meseleler

“Şäheriň içinde gatnaýan awtobuslara irden hem agşamara müner ýaly bolmaýar. Awtobuslar hyryn-dykyn, bu bolsa köplenç ýolagçylaryň arasynda dawa-jenjelleri ýüze çykarýar. Biri aýagymy basdyň diýse, biri geçmäge ýol bermediň diýýär, ýene biri gözüň kör [diýýär], garaz, aňsatlyk bilen dawa-jenjel döreýär” diýip, özüni Ahmet diýip tanadan türkmenabatly ýigit Azatlyk Radiosyna gürrüň berýär.

Turkmenabadyň ilat sany barada edil häzirki döwürde takyk maglumat ýok. Emma Wikipedia informasion websahypasynda dürli çeşmelere salgylanyp çap edilen maglumatlardan çen tutulsa, 1989-nji ýylda bu şäheriň ilat sany 161,000 adamdan ybarat bolup, bu sanyň 2009-nji ýylda 254,000-e ýetendigi aýdylýar.

Ýagny, 10 ýylyň dowamynda şäheriň ilatynyň sany tas iki esse artypdyr. 2009-njy ýyldan bäri aradan ep-esli wagt geçdi. Ýurduň ilat sany barada takyk maglumat bolmasa-da, Türkmenabadyň ýaşaýjylarynyň 2009-njy ýyldan bäri hasam artandygyny aýtmaga esas bar.

Emma şäheriň jemgyýetçilik transport serişdeleri bilen üpjün edilişiniň welin, döwrüň talaby bilen utgaşýandygyny aýtmak kyn. Şäher ilatynyň köpçüligi henizem kiçi göwrümli awrobuslara, galyberse-de taksilere bil baglaýar.

Taksileriň nyrhy hemmeler üçin elýeterli bolmansoň, şäheriň ilatynyň uly bir bölegi, şol sanda Amul şäherçesiniň ýaşaýjylary-da şäher içi gatnawlary üçin döwlet eýeçiligindäki jemgyýetçilik ulag serişdelerine bil baglaýarlar.

Awtobuslar

Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan käbir türkmenabatlylaryň aýtmagyna görä, problemanyň bir tarapy, awtobuslaryň ýetmezçiliginde bolsa, beýleki bir tarapy, ulanmaga berlen awtobuslaryň göwrüminiň kiçiligindedir.

Awtobus gatnawy bilen bagly ýene bir problema hem olaryň wagtly-wagtynda gatnamazlygydyr. Galyberse-de, häzirki yssy howada ýolagçylaryň kynçylygyny hasam artdyrýan başga bir mesele hem bar. Awtobusda gatnaýan ýolagçylar üçin duralgalarda amatly şertler döredilmänsoň, olar uzak wagtlap jokrama yssyda amatsyz duralgalarda ulaga garaşmaly bolýarlar.

“Duralgalaryň käbirlerinde oturgyç goýlan hem bolsa, demirden ýasalan bu oturgyçlarda oturar ýaly bolanok” diýip, Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan käbir türkmenabatlylar gürrüň berýärler.

Mundan başga-da şäher içinde gatnaýan döwlet eýeçiligindäki awtobuslaryň aglabasy agşam sagat 6-dan soň işlemeýär. Bu hem, umuman, ýaşaýjylar, esasan hem agşam gijräk öýlerine dolanýanlar üçin uly problema döredýär.

Emma soňky döwürlerde bu ugurda käbir oňyn özgerişlikler hem bar. Meselem, şäherde sany az hem bolsa, käbir hususy şirketlere awtobus gatnawyny ýola goýmaga rugsat edildi. Şeýle-de paýtagt Aşgabatda birnäçe ýyl ulanylan "Mersedes" kysymly awtobuslaryň 10 töweregi Türkmenabada getirildi.

Ol awtobuslaryň içi giň bolansoň, olar şäheriň jemgyýetçilik-ulag gatnawyndaky problemalaryň ýeňilleşmeginde belli bir derejede rol oýnaýar. Emma Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan türkmenabatlylar bularyň henizem ýeterlik däldigini aýdýarlar.