Moskwanyň tagam ugrundaky darkaşy

Ukrainanyň "Roşen" kärhanasynyň şokolady

Soňky ýyllarda Orsýet ýurda getirilýän harytlaryň hemmesine diýen ýaly gadagançylyk girizýär. Şu wagta çenli goňşy ýurtlar bilen bolan özara syýasy düşünişmezlikler sebäpli moldowa winosyny, belarus süýdüni we gruzin mineral suwuny gadagan edipdi. Bu günki gün Moskwa özüniň mundan beýläk ukrain şokoladyny import etmejekdigini aýtdy.

Kremliň muny süýji önümlerine berlen mynasyp jeza diýip atlandyrýan bolmagy ahmal.

Orsýetiň döwlet sanitariýa gullugynyň başlygy Gennadiý Onişenko şu gün Ukrainanyň ”Roshen” konditor önümlerine degişli şokoladlary we süýjüleri mundan beýläk Osrýete goýberilmejekdigini habar berdi.

"Interfaks" habar agentligine interwýu beren Onişenko özüniň gürrüňdeşliginde Orsýetiň Haryt-barlag gullugy "Roşen" kärhanasynyň önümleriniň düzüminde “önümçilige dogry gelmeýän” maddalary, ýagny kanserogen howply benzopiren ýaly maddalary tapdy diýdi.

Aýyplamalary ret etdi

”Roşen” kärhanasy bolsa bu aýyplamalary aýgytly ret edip, öz zawodlarynyň ukrain we ors sanitariýa düzgünnamalaryna görä hereket edýändigini we 15 ýyllyk önümçilik döwründe şu wagta çenli ne Orsýetden, ne başga döwletden arz-şikaýat eşitmändiklerini aýtdy.

“Elegance”, “Extra-Dark” atly şokoladlary, “Milk Drop” karamelleriniň we “Crazy Bee” atly süýjüleriň öndürijisi ”Roşen” kärhanasy başga-da birnäçe görnüşli konditer önümlerini öndürýär. Kärhana ors häkimiýetlerinden gürrüňi edilýän mesele boýunça resmi duýduryş almandygyny aýtdy.

Orsýetiň girizen bu gadagançylygy geçen hepdäniň soňunda regionyň hristian dinine geçmeginiň 1025 ýyllygy mynasybetli Ukrainada gurnalan dabaralara-da öz täsirini ýetirdi. Kreml bu baýramçylyk ors-ukrain gatnaşyklarynyň jebisliginiň nyşanyna öwrüler diýýärdi.

Jebislik beýlede dursun, Onişenkonyň iýul aýynyň başyndan bäri meýilleşdirip, ýakynda habar beren karary iki goňşy döwletiň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryny ýene-de öňküsi ýaly dartgynly sfera çekjege meňzeýär.

“Şokolod göreşi”

Käbirleriniň pikirine görä, “şokolod göreşi” Ukrainanyň Orsýetden import edilýän maşynlara aýratyn gümrük salgydyny ýola göýmagyna jogap hökmünde edilipdir.

“Süýjüler dünýäsiniň koroly” milliarder Petro Poroşenko

Bütindünýä söwda guramasy bilen Orsýetiň arasynda ulanylan awtoulaglara töledilýän “gaýtadan işlemäge degişli” salgyt babatda düşünişmezlikler bolupdy. Kiýew bu düşünişmezlikleriň barşynda Bütindünýä söwda guramasynyň tarapyny tutupdy.

Ukrainanyň pozisiýasyna gahary gelen Orsýet Ukrainadan import edilýän kömür, şokolad we aýna önümlerine aýratyn gümrük töleglerini tölemeli edendigini şu aýyň başynda habar berdi.

Ýöne “Komersant-Ukraina” gazetiniň biznes redaktory Anton Onufrienko Orsýetiň ”Dožd-TV” kanalyna beren interwýusynda düşünişmezlikleriň ol derejede dartgynlaşjagyny, ýagny “süýji gadagançylygyna” çenli baryp ýetjegini öňünden çaklamandyklaryny aýtdy: “Adamlar bu dartgynlygyň sebäbi import edilýän awtoulaglaryň salgydy we “gaýtadan işlemäge degişli” töledilýän salgyt diýip hasaplaýarlar. Hat-da ukrain ministri hem, eger import edilýän ulaglara töledilýän salgyt aradan aýrylsa, “Roşen” kärhanasynyň önümlerine girizilen gadagançylyk hem gowşar diýip pikir edýär”.

“Söwda söweşi”

Ukrainanyň premýer-ministriniň birinji orunbasary Serhiý Arbuzow süýji önümlerine degişli gadagançylyklar barada gürrüň edeninde, iki ýurduň arasyndaky “söwda söweşini” iňkär etdi we resmileriň ýagdaýa seredýändigini aýdyp, öňümizdäki günlerde beýanat ýaýratjakdyklaryny nygtady.

Orsýet syýasy oňşuksyzlyk döwründe regiondaky goňşularyna basyş etmek üçin “iýmit howpsuzlygyny” bahana edinýär.

Geçen ýyllarda Moldowadan we Gruziýadan import edilýän şeraba, belaruslaryň şekerine we süýdüne, şeýle-de ukrain peýnirine gadagançylyk girizýändiklerini Onişenkonyň hut özi habar beripdi.

Halkyň saglygy

Moskwa öz halkynyň saglygyny alada edinýändigini aýdyp, her sapar gadagançylyklaryň ýüzüni ýuwýar. Şol bir wagtyň özünde her gezekde-de alnan kararlar goňşular bilen gatnaşyklaryň dartgynlaşan wagtyna gabat gelýär.

Mysal üçin, Moskwanyň 2012-nji ýylda Ukrainadan import edilýän peýnir önümlerine girizen gadagançylygy Ukrainany tebigy gaz söwdasynda, söwda gatnaşyklarynda we Kiýewiň Ýewropa bilen integrasiýasynda özleri bilen ylalaşyga mejbur etmek üçin ulanylypdy.

Ýaňky agzalan üç meseläniň üçüsi hem Putin bilen ukrain prezidenti Wiktor Ýanukowiç geçen hepdäniň soňunda ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirmek üçin duşuşanlarynda, ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşyk başda agzalan prawoslaw baýramçylygyna gabatlap geçirildi.

Orsýetiň döwlet sanitariýa gullugynyň başlygy Gennadiý Onişenko

Onişenkonyň soňky bildiren habaryndan çen tutsaň, Putin eglişik edenok.

Ukrainanyň ozalky daşary işler ministri Wolodymyr Ohryzkonyň pikirine görä, Rospotrebnadzor bilen baglanyşykly soňky bolan wakalar tötänleýin bolmandyr. Azatlyk Radiosynyň Ukrain gullugyna beren gürrüňinde Ohryzko geljek aýlarda şeýle ädimleriň entek köp ädiljekdigini aýtdy.

Munuň sebäbini bolsa noýabr aýynda Wilnýusda geçiriljek sammitde Ukrainanyň Ýewropa Bileleşigi bilen “Hyzmatdaşlyk ylalaşygyna” gol çekjekdigi bilen düşündirdi. Planlaşdyrylan bu gol çekişlige Moskwa häzirden çuň nägilelik bildirýär.

“Meniň pikirimçe, haçan Onişenko çykyş edip başlasa, yzy üzülmeýän tötänlikler bolup başlaýar. ”Roşen” kärhanasyndan soň gezek gaz geçiriji turbalara ýeter, turbalardan soň peýnirlere gezek geler, peýnirden soň başga zadyň gezegi geler. Bu şol bir gaýtalanyp duran zat. Galyberse-de, bu soňy däl. Wilnýus sammiti näçe ýakynlaşdygyça, şonça-da Ukrainada “standarta dogry gelmeýän” zatlar köpeler.”

“Roşen” kärhanasynyň edýän eksportlary

Dokuz sany postsowet ýurdy bilen bir hatarda Birleşen Ştatlara, Kanada, Germaniýa we Ysraýyla önüm eksport edýän ”Roşen” kärhanasy 2012-nji ýylda Orsýetdäki girdejisini 175 göterim artdyrmagyň hötdesinden gelip, bu görkeziji pul hasabynda 1.3 milliard rubla (dollar hasabynda 40 milliona) barabar boldy.

Kärhananyň eýesi, “süýjüler dünýäsiniň koroly” milliarder Petro Poroşenko Ukrainadaky rewolýusiýadan soň prezident bolan Wiktor Ýuşenkonyň ýakyn hyzmatdaşydyr. Ol Orsýet bilen hem, Ýanukowiç bilen hem çarkandakly gatnaşyklary ýola goýdy.

Özüniň familiýasynyň ortaky bölegini öz kärhanasyna at edip dakan Poroshenko Ukrainanyň iň täsiri güýçli adamlaryndan biri hasaplanýar we onuň ady Kiýew şäherine häkim hökmünde-de, prezidentlik wezipesi barada gürrüň edilende-de agzalyp geçilipdi.

Azatlyk Radiosy onuň özi bilen agzalýan meseleler babatda habarlaşanda, ol düşnüksizlikler bilen bagly gürrüň etmekden boýun gaçyrdy. Ol diňe “beýle zatlara syýasaty goşmazlygyň” hökümetiň jogapkärçiligindedigini aýtdy.