Aşgabat: Elektrik togundaky bökdençlikler

Elektrik stansiýasy

Adatça, tomus paslynda paýtagtyň ilaty elektrik togy bilen üpjünçilikdäki bökdençliklerden has köp ejir çekýär. Yssy howa zerarly sowadyjy enjamlary uzakly günüň dowamynda işletmeli bolýar. Bu biziň ýurdumyz üçin tomus aýlarynda garaşylmadyk zat däl.

Emma şäheriň elektrik üpjünçilik ulgamy üçin tomus her ýyl adatdan daşary ýagdaýa öwrülýär. Elektrik toguny geçiriji simlerde naprýaženiýe, ýagny kuwwat pes bolansoň, split-sistemalar, sowadyjylar kadaly işlänok. Hatda elektrik lampalary hem körek ýanýar. Kähalatlarda bolsa elektrik togy asla birnäçe sagatlap öçýär.

“220 wolt naprýaženiýe ýok”

“Meniň ýaşaýan ýerim bolan ”Hitrowkada” eýýäm birnäçe ýyl bäri tomus aýlarynda elektrik toguny geçirijide bolmaly 220 wolt naprýaženiýe ýok. Şonuň üçin, split-sistemamyz işlänok. Sowadyjydaky azyk önümleriniň hem zaýalanýan halatlary seýrek däl” diýip, Aşgabadyň Swerdlow köçesiniň ýaşaýjysy Annameret aýdýar.

Häzirki wagtda Annamerediň ýaşaýan raýonynda elektrik togy köplenç öçýär. Bu raýonyň ýaşaýjylary elektrik toguna gözegçilik edarasyna jaň edenlerinde-de “häzir tok bolar” diýip jogap berýärler. Emma elektrik togy birnäçe sagat berilmeýär.

“Düýn irden sagat 10-da tok öçüp agşam sagat 7-de tok berdiler” diýip, Annameret gürrüň berýär.

Tomus aýlarynda elektrik togy bilen üpjünçilikdäki bökdençlikler paýtagtyň beýleki käbir raýonlarynda hem ýüz berýär. Aşgabadyň Döwlet sirkiniň töweregindäki ýaşaýyş jaýlarynyň köpüsinde elektrik togunyň güýji pes.

Düzelýän zat ýok

“Her ýyl şunuň ýaly ýagdaý gaýtalanýar. Elektrik toguna gözegçilik edýän edara arz-şikaýat etseňem, iň soňunda düzelýän zat ýok. Ne kondisioneri işledip bolýar, ne-de sowadyjyny. Kähalatda bolsa toguň naprýaženiýesi birden has ulalyp, elektrik enjamlaryny ýakýar” diýip, bu raýondaky hususy ýaşaýyş jaýynda ýaşaýan Akmyrat gürrüň berýär.

Türkmenistanyň prezidentiniň geçirýän hökümet maslahatlarynyň hersinde diýen ýaly ilaty elektrik togy bilen bökdençsiz üpjün etmelidigi aýdylýar. Bu belli bir derejede özüniň oňyn netijelerini hem berýär.

2011-12-nji ýyllarda paýtagtyň elektrik togy bilen üpjünçilikde kösençlik çeken käbir raýonlarynda şu tomus şeýle bökdençlikler bolmady. Mysal üçin, paýtagtyň ”posýolka” diýlip atlandyrylýan raýonynda split-sistema we sowadyjy ýaly elektrik energiýasyny köp sarp edýän enjamlar kadaly işleýär.

Emma, ýokarda ady agzalan raýonlarda hem-de paýtagtyň çetinde ýerleşýän Şor, Garadamak we Çoganly raýonlarynda entegem elektrik togy bilen üpjünçilikde bökdençlikler bar.

Elektrik togunyň üpjünçiligindäki bökdençlikler şol raýonlardaky söwda dükanlaryna hem özüniň ýaramaz täsirini ýetirýär. Konditer, buzgaýmak ýaly önümleri eräp, zyýan çekýän telekeçiler hem az däl.

“Çekýän zyýanymyzyň öwezini tölänoklar”

“Biziň ulanýan elektrik togumyz üçin töleg alýarlar. Emma şol toguň bökdençiligi üçin çekýän zyýanymyzyň öwezini tölänoklar” diýip, Çoganlydaky kommersiýa dükanynyň eýesi Aşyr aýdýar.

Elektrik togunyň güýjüniň, il içinde aýdylyşy ýaly, oýnap durmagynyň netijesinde elektrik enjamlary ýanýan raýatlara hem hiç hili kompensasiýanyň tölenmeýändigi aýdylýar. Şeýle arz-şikaýat bilen elektrik toguna gözegçilik edýän edaralara ýüz tutan raýatlara jogap hem berilmeýändigini Akmyrat aýdýar.

“Olar iň bärkisi elektrik togunyň güýjüniň pesliginiň sebäbinem anyk aýdyp bilmeýärler. Bir gezek enjamlar köneldi diýseler, beýleki gezekde elektrik togy ýetenok diýip, başdansowma jogap berýärler” diýip, Akmyrat Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

Resmi metbugatda “Aziýanyň merjeni” diýip atlandyrylýan paýtagt Aşgabadyň käbir raýonlarynda elektrik togunyň üpjünçiligindäki bökdençlikler diňe bir tomus paslynda däl, eýsem gyşyna hem adaty ýagdaýa öwrülip barýar.