Eýran: Dissident bahaýy oglanyň aýagyny öpdi

Muhammed Nurizad dört ýaşly bahaýy oglanyň aýagyny öpýär.

Ozal konserwatiw garaýyşlary bilen tanalan, häzirki wagtda dissident hasaplanýan Muhammed Nurizad 15-nji iýulda bahaýy dinine uýýan Artin atly 4 ýaşly çagajygyň aýagyny öpdi.

Nurizad bu duşuşyk barada ýazmak bilen çäklenmän, gürrüňi edilýän hadysanyň suratyny hem öz blogunda goýupdyr. “Men Artine şeýle diýdim: Çagajyk, yslam döwletinde ýaşan ýyllaryňyzyň dowamynda saňa we bahaýy dinine uýýan beýleki adamlara adalatsyzlyk bilen ýowuz daran hemme adamlaryň adyndan men sizden ötünç soraýaryn”.

Pop Fransuanyň mysaly

Syýasy gözboýagçylykda aýyplanýan Nurizadyň bu eden işi, ýagny oglanjygyň aýagyna ýykylyp, ony öpmegi şu ýylyň başynda, tussaglykdaky ýaşajyk musulman gyzjagazyň aýagyna ýykylyp, ony ogşan Pop Fransuanyň hereketine meňzeýär.

“Haçan-da katolik dünýäsiniň lideri musulman tussagyň öňünde dyza çöküp, onuň aýagyny ýuwup, öpüp, ogşap, maňlaýna sylan bolsa onda men näme üçin Eýranyň dini lideri Hameneýniniň we beýlekileriň adyndan bu hereketi etmeli dälmişim?” diýip, ol öz blogunda ýazýar.

Ene-atasy uýýan dinleri sebäpli tussag edilen Artine häzir garry enesi hossarlyk edýär. Nurizad öz blogunda Artiniň atasyna birnäçe ýyl mundan ozal ölüm jezasynyň berlendigini we ony içalylykda aýyplan bolmaklarynyň gaty ahmaldygyny ýazýar.

Bahaýy dinine uýýanlar Eýranda yslamdan gaýry dinlere uýýanlaryň arasynda iň uly dini azlyklary emele getirýär we olar režim tarapyndan resmi ýagdaýda hasaba alynmansoň, yzarlamalara we ýanamalara sezewar edilýärler.

"Azgynlar"

Käbir musulmanlar bahaýylary “azgynlar” diýip häsiýetländirýär. Sebäbi ol diniň esaslandyryjysy Bahaullah özüni Hudaýyň pygamberi diýip yglan eden ekeni. Musulmanlar Muhammet pygamberiň iň soňky pygamberdigine ynanýarlar.

Soňky ýyllarda bahaýylara döwletiň edýän basyşynyň artandygy habar berilýär. Artiniň ene-atasyna hem şol dine uýýan käbir beýleki adamlar bilen birlikde ýokary okuw jaýlaryň talyplarynyň arasynda assyrynlykda bahaýy dinini wagyz etmekde we ýaýratmakda günä bildirilip, jenaýata çekildiler we azatlykdan mahrum edildiler. Eýranda bahaýy dinine uýýanlara ýokary okuw jaýlaryna girmeklik gadagan edilen.

Ýurtda bar bolan 300.000 sany bahaýylary jemgyýetden çetleşdirmek üçin zabun eýran dindarlary we media oalra basyş edýär. Halkara bahaýy jemgyýeti 2011-nji ýylda ýaýradan hasabatynda eýran mediasynyň bahaýy dinini “azgynçylyk” we “nädogry ynanç” diýip häsiýetlendirýändigini we ol dine uýýanlaryň hem media tarapyndan “satanistler” (şeýtana uýýanlar) diýip atlandyrylýandygyny habar berýär.

Nurizad öz blogunda şeýle belleýär: “Kiçijik Artin her hepdäniň ýekşenbe güni öz ene-atasy bilen duşuşýar. Ol Karajda ýerleşýän türmä baryp, kakasy we daýysy bilen duşuşýar, Ewin türmesinde bolsa ejesi bilen görüşýär. Artiniň ene-atasy hiç hili jenaýata baş goşanoklar. Olaryň ýeke-täk ýazygy - bahaýy dinine uýmaklary”.

Nurizadyň bu duşuşygy onuň eýran häkimiýetlerine we özüniň bir döwürde öwüp, arşa çykaran dini lideri Hameneýä garşy eden iň soňky oppozision hereketidir.

Ol şu wagta çenli Hameneýini eýran halkyna sütem etmekde we adamlary dünýä jemgyýetçiliginden üzňe saklamakda aýyplap, bu dini lideriň adyna köp sanly açyk hatlary ýazdy.

Nurizad 2009-njy ýylda döwletiň protestçilere zulum edýändigini aýdyp, ony tankyt edensoň, tussag edilipdi. Şol protestler öňümizdäki aýda wezipeden gidýän prezident Mahmud Ahmedinejadyň täzeden prezident saýlanmagyna garşy gurnalypdy.