Zähmet biržasy: 'Para berseň, iş bar; ýogsa-da ýok'

Bazarlarda arabada ýük daşap, güzeran görýän bir türkmenistanly. 2013 ý.

30 ýaşlaryndaky Atajan üç ýyldan bäri hiç ýerde işlemeýär, ýöne üç ýyl mundan ozal ol Türkmenabadyň keselhanalarynyň birinde garawul bolup işleýärdi. Atajanyň aýtmagyna görä, “Garawulçylyk edýän binasynyň çäginden käbir zatlar ýitdi” diýip, ony işinden kowupdyrlar.

Iki çagaly maşgalasynyň eklenjini Atajan bu günler jaý gurýan, jaýlary remont edýän ussalaryň ýanynda kömekçi bolup gazanýar. Ýöne işsizlik derejesiniň ýokary hem ussalaryň sanynyň köp bolmagy zerarly remont işleri-de dowamly tapdyryp durmaýar.

“Tomsuna gowy, onda-munda işläp, biraz pul tapyp bolýar, gyş aýlary bolsa iş ýok. Men indi her gün iş gözläp çykmaly bolýan. Bir gün öýe gelsem, kakam meniň, aýalymyň we çagalarymyň egin-eşiklerini toplap, gapydan daşary zyňyp duran eken. Men bolsa näme etjegimi bilmän, daşarda [aňalyp] galdym, sebäbi dawa iş ýoklugy sebäbpli boldy” diýip, türkmenabatly Atajan Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

Zähmet biržasy

Atajan işsizleri iş bilen üpjün etmäge jogapkär zähmet biržasynda hem indi ep-esli wagtdan bäri hasapda dur. Garawulçylykda dokuz ýyl iş tejribesiniň bardygyna garamazdan, şu wagta çenli oňa biržadan iş teklip edilmändir.

Atajan, iş hödür ediler hem öýdenok.

“Iş tapyp beriläýen halatynda-da para talap edilýär, meniň onça puly bermäge ýagdaýym ýok” diýip, Atajan gürrüň berdi.

Talap edilýän paranyň möçberi, teklip edilýän işe görä üýtgäp bilýär. Lebap welaýatynyň adynyň agzalmagyny islemedik ýaşaýjysy hem şeýle ýagdaýy başyndan geçirenlerden biri.

Etrabyň zähmet biržasyna baryp, öz gyzyma iş tapmaga kömek etmeklerini haýyş etdim. Ol maňa “ýarym stawka iş - müň dollar, 0,75 stawka iş - bir ýarym müň dollar, bir stawka iş - iki müň dollara çykdy. Häzir, şondan [şol pullardan] haýsyny tapyp berseň, şoňa [şol işe] ýerleşdirjek” diýip wada berdi. Men ondan soň, köp ylgap, bir ýarym müň amerikan dollaryny tapyp, ýene-de zähmet biržasynyň işgäriniň ýanyna bardym, ol puly alyp, gyzymy işe ýerleşdirdi diýip, adynyň agzalmazlygyny soran ildeşimiz aýtdy.

"Bize gowy boldy..."

Türkmenistanda para berendigini ýa alandygyny boýun alýan adama duş gelmek kyn. Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan bir resmi wezipedäki ildeşimiziň gürrüňlerinden çen tutulsa, bu ýagdaýyň özboluşly sebäpleri bar.

“Jenaýat Kodeksi boýunça berim berenem, alym alanam jezalandyrylmaly, hatda berim beren adamyň jezasy güýçli, şonuň üçin para alanyny-da, pul berenligini-de hiç kim aýdyp bilmeýär. Şonuň üçin bize örän gowy boldy” diýip, efirde adynyň agzalmagyny islemedik ildeşimiz biržanyň işgäriniň aýdanlaryny bize gürrüň berdi.

Ol ildeşimiziň aýtmagyna görä, puluň bolaýan ýagdaýynda-da göwnejaý iş ýeri tapdyryp duranok. Şeýle ýagdaýyň Türkmenabat şäherinde-de ýitidigi barada şäherlileriň arasynda gürrüň bar.

Mejbury migrantlyk

Bu ýagdaý hem adamlaryň eklenjiň gözleginde daşary ýurtlara gitmeklerine sebäp bolýar. Sakar etrap häkimliginiň ýolbaşçylarynyň 2012-nji ýylyň sentýabr aýynda eden çykyşlarynyň birinden çen tutulsa, bir ýylda diňe Lebapdan 34 müňe golaý adam daşary ýurtlara gidipdir we olaryň aglabasy işiň gözleginde giden adamlar.

Bu barada resmi tassyklama ýok, emma Lebapdan daşary ýurtlara gidenleriň aglabasynyň Türkiýä barýandygy we olaryň aglabasynyň şol ýerde bikanun migrantlar hökmünde işleýändikleri çaklanýar.

Türkmenabadyň ýaşaýjysy, pensioner zenan Leoana Konstantinowna bu barada şeýle gürrüň berýär: “Ýerli şäherlilere iş ýok, şol sebäpden-de biziň ýerli şäherli türkmenlerimiz, ylaýta-da aýallar Türkiýä, Orsýete, Britaniýa, Amerika nire gidip bilseler, işlemäge gidýärler”.

Işsizlikden kösenýän türkmenabatly Atajan hem gelejekde çagalaryny ene-atasyna goýup, aýaly bilen Türkiýä iş gözläp gitmegi planlaşdyrýandygyny, häzir bolsa onda-munda günlükçilik edip, bilet puluny toplaýandygyny aýdýar.