Separatist regionlar özbaşdakdygyny ýatladýarlar

Moldowa Ýewropanyň gününi belleýär, Tiraspol, 26-njy maý, 2013.

Şu aýyň başynda Moldowa Ýewropa Bileleşigi bilen söwda ylalaşygy boýunça gepleşikleriň jemleýji tapgyryna ýetendigini mälim etdi. Emma munuň öňüsyrasynda Orsýetiň goldawyna daýanýan Pridnestrowye regiony özüniň administratiw giňişliginiň araçägini kesgitlemek barada kanuny kabul etdi.

Bu kanun Kişinewde gahar-gazap döretdi.

Prezident Nikolae Timofti žurnalitleriň öňünde eden çykyşynda bu ädimi Moldowany “durnuksyzlaşdyrmak boýunça edilýän synanyşyk” diýip atlandyrdy.

Regional dartgynlylyk

Moldowadaky dartgynlylyga meňzeş ýagdaý Gürjüstanda-da emele geldi. Gürjüstandan özbaşdaklygyny yglan eden Günorta Osetiýa regiony soňky hepdeleriň dowamynda öz giňişligini kesgitlemek üçin çitenekli sim çekip başlady.

Bilermenleriň pikirine görä, bu wakalaryň ikisinde-de separatistik regionlaryň we olaryň Orsýetdäki ýaranlarynyň Moldowanyň we Gürjüstanyň Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmek we içerki reformalary geçirmek boýunça edýän tagallalaryny gowşatmak synanyşyklary göze ilýär.

Waşingtonda ýerleşýän “Jemstown Fondunyň” bilermeni Wladimir Sokor Moldowanyň Pridnestr regionyndaky we Günorta Osetiýadaky ýagdaýlary “parallel prosesler” diýip atlandyrýar we muňa Moskwa tarapyndan itergi berilýändigini belleýär.

2009-njy ýyldan bäri Moldowa Pridnestr regionynyň häkimiýetleri bilen göni gatnaşyklary ýola goýmak boýunça “kiçi ädimler diýlip atlandyrylan” syýasaty alyp barýar.

Gürjüstan bolsa Bidzina Iwanişwiliniň ýolbaşçylygynda Moskwa bilen gatnaşyklary gowulandyrmak boýunça edýän tagallalary bilen bilelikde Günorta Osetiýa regionyny üzňelikden çykarmak syýasatyna hem ýykgyn edýär.

Moldowa-ÝB hyzmatdaşlygy

Moldowanyň Moskwa tarapyndan edilýän prowokatiw hereketlerden bildirýän howatyrlanmalary Kişinewiň Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlyk barada ylalaşygyna gol çekmäge taýýarlyk görýän pursaty hasam güýçlenýär. 1992-nji ýylda separatistik regionyň häkimiýetleriniň Orsýetiň goldawy bilen başlan urşy Molowanyň resmileriniň ýadynda galýar.

Analitik Wladimir Sokor Pridnestr regionynyň häkimiýetleriniň we Orsýetiň ýolbaşçylarynyň Moldowanyň Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmegini islemeýändiklerini belleýär.

Sokoryň pikirine görä, Orsýetiň Tiraspolda öz konsulhanasyny açyp, ýerli ilaty gyssagly ýagdaýda orsýet pasportlary bilen üpjün etmegi Kremliň regionda öz täsirini artdyrmak boýunça alyp barýn syýasatynyň aýdyň mysalydyr.

Şeýle-de Moskwa Pridnestr regionynyň ”Gazproma” 3,5 millard dollar möçberdäki bergisini Moldowadan talap edýär. Sokoryň sözlerine görä, bu, Orsýetiň Moldowa edýän basyşlarynyň ýene biridir.