Katardaky gepleşiklerden kim nämä garaşýar?

Talyban söweşijileri Owganystanyň hökümetine ýaraglaryny tabşyrmaga barýarlar. 13-nji fewral, 2012 ý.

Owganystanda parahatçylyk ugrunda gecirilmegi planlaşdyrylýan gepleşiklerde owgan hökümetiniň, Birleşen Ştatlaryň we “Talyban” hereketiniň bir stoluň başynda ýygnanyşmazlygy mümkin. Ýöne bu parahatçylykly gepleşikler üçin olaryň hersiniň islegleriniň öz sanawy bar.

Owganystandaky konfliktlerde esasy rol oýnaýanlaryň bu gepleşikden garaşýan talaplarynyň, tamalarynyň we düşünişmeýän meseleleriniň käbirleri şulardan ybarat.

”Talyban” hereketi

“Talyban” hereketi birnäçe toparlardan düzülen we görnüşine görä, parahatçylyk gepleşikleri meselesinde olaryň garaýyşlary biri-birinden tapawut edýär.

”Talybanyň” oňşuksyz topary, ylaýtada olaryň ýaragly çaknyşyklara baş goşýan bölümi, parahatçylyk boýunça gepleşikleriň islendik görnüşine gatnaşmaga garşy çykyş edýär. Emma, muňa garamazdan, agzalýan toparyň Pakistanda tussaglykda saklanýan käbir ýokary derejeli agzalary ýaraşyk ylalaşyklaryna çagyrdylar.

“Talyban” hereketiniň talaplary

Şol bir wagtyň özünde-de “Talyban” hereketi özara ynam döretmek hem-de Owganystanyň hökümetiniň kontrollygynda tussaglykda saklanýan “Talyban” hereketine degişli tussaglaryň boşadylmagyny gazanmak maksady bilen gepleşiklere gatnaşar. Şeýle-de, “Talyban” hereketi gepleşikleriň dowamynda ABŞ-nyň Guantanamo tussaghanasynda saklanýan “Talyban bäş” atly tussaglaryň boşadylmagy ýaly talaplary hem öňe sürer.

Mundan başga-da “Talyban” hereketiniň agzalaryna garşy ýola goýlan sanksiýalaryň ýeňilleşdirilmegini soramagyna garaşylýar. Birleşen Milletler Guramasy (BMG “Al-Kaýda” we “Talyban” hereketlerine garşy sanksiýalar komiteti “Talyban” hereketi bilen ilteşikli 100-den gowrak adamy gara sanawa alypdy. BMG şol gara sanawa alnanlara garşy syýahat etmek gadagançylygyny girizip, olaryň mal-mülk baýlygyny doňdurdy.

Kataryň daşary işler ministri Ali bin Fahd al-Hajri (merkezde) we "Talyban" hereketiniň wekili Jan Mohammad Madani (çepde) Talybanyň Dohadaky syýasy ofisiniň açylyş dabarasynda. 18-nji iýun. Katar.


Şeýle-de BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi Owgan hökümetiniň haýyşy boýunça “Talyban” hereketiniň Kabul bilen gepleşikleri ýola goýmagyny gazanmak maksady bilen, agzalýan toparyň agzalarynyň onlarçasynyň adyny şol gara sanawa girizmedi. Şeýle-de “Talyban” Waşingtona öz toparyny kanuny syýasy gurama hökmünde ykrar etdirmäge synanyşar.

Bulardan başga-da “Talyban” hereketiniň Owganystanyň sosial we sud işlerinde ähmiýetli rol oýnamagyny kabul etmek we ýurduň konstitusiýasyny üýtgetmek ýaly has jedelli we tutanýerli talaplary etmegine hem garaşylýar.

Lodonda ýaşaýan Owganystan boýunça synçy Matt Waldman bu barada şeýle diýýär: “Talyban sud, antikorrupsiýa, bilim we sosial ugurlarda ähmiýetli rol oýnamaga dyrjaşjaga meňzeýär. Bular ”Talybanyň” rol oýnamaga synanyşjak esasy ugurlarydyr. Olar aýratyn-da sud işlerinde täsirli bolmak islärler. ”Talyban” liderleri Owganystanda adalaty berjaý etmek üçin özleriniň iň makul topardygyny pikir edýärler” diýip, Owganystan boýunça synçy Matt Waldman aýtdy.

Muňa garamazdan, owgan hökümetiniň ýurduň gelejegi babatda “Talyban” hereketi bilen islendik gepleşiklere girişmegi owgan zenanlarynda uly alada döredýär. Owganystanyň deputatlary we aktiwistler, parahatçylyk ylalaşygyna gelnen halatynda, “Talyban” hereketiniň ultra-konserwatiw garaýşynyň owgan zenanlarynyň soňky onýyllykda gazananlaryny puja çykarmagyndan howatyrlanýarlar.

Owgan hökümeti

Owgan hökümeti ýurduň teleýaýlymlarynda ”Talybanyň” Katarda ofis açmak we Birleşen Ştatlar bilen gepleşikleri geçirmek baradaky planlaryny uly şowhun bilen habar berdi. Kabul bolsa parahatçylyk prosesi Owganystan tarapyndan dolandyrylmasa, bu gepleşiklere Owganystanyň Ýokary parahatçylyk geňeşiniň gatnaşmajakdygyny aýdýar.

Owganystanyň Ýokary parahatçylyk geňeşi parahatçylyk gepleşiklerini geçirmek üçin ýurduň prezidenti tarapyndan döredilen guramadyr.

”Talyban” Dohada öz ofisini açýandygyny yglan edenden bir gün soň, ýagny 19-njy iýunda Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaý “Owganystanyň parahatçylygy boýunça gepleşikler barada Birleşen Ştatlaryň hökümetiniň aýdýan zatlary bilen edýän zatlarynyň arasynda gapma-garşylyklar bar” diýip, ABŞ-nyň resmileri bilen ikitaraplaýyn howpsuzlyk ylalaşyklary baradaky gepleşiklerini ýatyrýandygyny aýtdy.

Häzriki wagtda Karzaýyň hökümeti Katarda “Talyban” hereketine berlen resmi statusdan howatyrlanýana meňzeýär. “Talyban” hereketiniň Katardaky şol ofisinde ilkibada ”Talybanyň” baýdagy we “Owganystanyň yslam emirligi” diýip ýazylan tug hem ýerleşdirilipdi.

Owgan hökümetiniň talaplary

Kabul geçiriljek bu gepleşiklerde “Talybanyň” Owganystanyň merkezi hökümetini ykrar etmegine, ýaraglaryny taşlamagyna we konstitusiýany kabul etmegine garaşýar. Bu islegler parahatçylykly gepleşikleri geçirmek üçin owgan hökümetiniň öňünden goýan şertleri.

Britaniýaly synçy Waldman islendik häkimiýet bölünişiginde Owgan hökümetiniň häkimiýetdäki öz güýjüni saklamaga we “Talyban” hereketiniňkini bolsa çäklendirmäge synanyşjakdygyny aýdýar: “Owgan hökümetiniň gepleşiklere gatnaşyp-gatnaşmajagy takyk belli däl. Ýöne, eger-de olar gepleşiklere gatnaşsa, onda olar hökümet işlerinde “Talyban” hereketiniň täsirini çäklendirmäge synanyşarlar.

Hakykatda, konfliktleri ylalaşyk esasynda çözmek tagallasy başa barsa, elbetde, häkimiýet dolanyşygyny paýlaşmak hakynda hem ylalaşyga zerurlyk dörär. Ýöne hökümetdäkileriň aglabasy häkimiýeti ”Talyban” bilen paýlaşmak meselesinde göwünsiz.”

Bu ugurdaky problema

Bu ugurdaky ilkinji problema Karzaýyň ýolbaşçylygyndaky hökümet 2014-nji ýyldan başlap, häkimiýet başynda bolmaz, sebäbi 2014-nji ýylyň tomsunda prezidentlik saýlawlary geçiriler we şol ýylyň soňunda hem daşary ýurtly harbylar Owganystany terk ederler.

ABŞ

Birleşen ştatlaryň prezidenti Barak Obama 19-njy iýunda eden çykyşynda “Çaknyşyklaryň soňuna çykmak we Owganystanda hem-de regionda durnuklylygy gazanmak üçin parahatçylyk prosesiniň Owganystanyň ýolbaşçylygynda geçirilmeginiň iň gowy ýoldugyny” aýtdy.

ABŞ-nyň talaplary

Birleşen Ştatlaryň administrasiýasy “Talyban” hereketinden ”Al-Kaida” bilen aragatnaşygyny kesmegine, ýowuzlygy bes etmegine we aýallary hem-de etniki azlyklary goramagyna garaşýar. Mundan başga-da, Waşington ABŞ-nyň liderligindäki NATO güýçleriniň ”Al-Kaýda” garşy göreşmäge hyjuwlydygyny nygtaýar.

Bu baradaky problema

”Talyban” diňe NATO güýçleri Owganystany terk eden halatynda amerikan wekilleri bilen parahatçylyk boýunça gepleşikleri geçirjekdigini aýdýar. Elbetde, daşary ýurtly harbylaryň aglabasy öňümizdäki ýylyň soňuna çenli Owganystany terk ederler, emma olaryň belli bir bölegi ýurtda galar.