Ýolagçylar ýolbeletden zeýrenýär

Aşgabadyň demir ýol wogzaly.

Türkmenistanyň uly şäherlerinde ýerleşýän otly wokzallary mydama köp adamly bolýar. Wokzala bilet almaga baranlaryň sany tomusky dynç alyşda hasam köpelýär. Häzirem edil şeýle wagt.

Isleg köp, bilet az. Onsoň bilediň gözleginde wokzala gara daňdandan baran adamlara-da bilet tapjak bolup iki-üç günden bäri wokzala gatnap ýörenlere-de duş gelse bolýar.

Halk arasyndaky gürrüňlerden çen tutulsa, wokzalyň kassalaryndan bilet tapyp bilmedik adamlar, umuman, iki ýoluň birini saýlaýarlar. Olardan biri wokzalyň daşynda bilet satýan, halk arasynda garabazarçylar diýlip atlandyrylýan adamlardan bilet satyn alýanlar, ikinjisi bolsa göni otla münüp, ýolbeletler bilen ýol nyrhyny gürleşmeli bolýanlar.

Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan ýolagçylaryň aýtmaklaryna görä, bu ýollaryň haýsyny saýlasa-da, adamlar biletiň hakyky bahasynyň iki-üç essesini tölemeli bolýarlar.

"Üstüme gygyryp başlady"

Şol bir wagtyň özünde-de käbir ýolagçylar ýolbeletleriň özlerini alyp barşyndan hem nägilelik bildirýärler. Ýakynda Aşgabatdan Türkmenabada sapar eden 20 ýaşlaryndaky Rüstem hem şeýle ýolagçylardan biri, ol Azatlyk Radiosyna bu barada şeýle gürüň berdi: “Zordan Aşgabadyň wokzalyndan Türkmenabada çenli bilet aldym, biledimde görkezilen ýerde ýatan mahalym wagonyň bir ýolbeledi gelip, başga ýere geçmegimi talap etdi, men öz ýerimde galjagymy aýdanymda, ýaňky ýolbelet üstüme gygyryp başlady”.

Rüstemiň sözlerinden çen tutulsa, dawadan soň ýaňky ýolbelet beýleki wagonlaryň ýolbeletlerinden hem dört sanysy bilen ony wagonyň gyrasyna çagyryp, haýbat atyp, biledinde görkezilen ýerini taşlap, başga bir ýere geçmäge mejbur edipdir.

Özüni Şemşat diýip tanadan maryly ýaş gelin bolsa, Rüstem ýaly dawalaşmasa-da, ýolbeletleriň ýolagçylaryň haýyşlaryna gulak gabartmaýandygyndan şikaýat edýär. Ol wagonyň içiniň gaty sowukdygy, kondisioneriň gereginden beýik goýlandygy aýdylanda, ýolbelediň hiç hili reaksiýa bildirmändigini aýdýar.

"Ýolagçylar jenaýatkär ýaly"

“Aslynda ýolbeletler ýolagçylaryň hyzmatyny etmeli, ýöne olar özlerini polisiýa işgäri ýaly alyp barýarlar, ýolagçylar ýolbeletler üçin jenaýatkärler ýaly” diýip, özüni Şemşat diýip tanadan maryly ýaş gelin Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

Ýolbeletleriň esasy wezipeleriniň biri ýolagçylara olaryň barmaly, ýagny otludan düşmeli ýerlerini aýtmak. Emma otly hyzmatlaryndan ýygy-ýygydan peýdalanýan ildeşlerimiz ýolbeletleriň iş wagty ýatyp galýan halatlarynyň-da az bolmaýandygyny we şol sebäpden-de käbir ýolagçylaryň öz wagtynda otludan düşmän, barmaly ýerinden geçip gidýändiklerini belleýärler.

Aşgabadyň demir ýol wokzaly.


Şeýle ýagdaýy başdan geçirenlerden biri hem 50 ýaşlaryndaky Aganyýaz aga. Ýaşuly geçen aý otla münende, onuň Tejene barýandygyny belläp alan ýolbelet ony turuzjakdygyny boýun alypdyr, ýöne ýolbelediň uklap galmagy sebäpli, Aganyýaz aga Maryda düşüp, irden Aşgabada barýan otla münüp, Tejene yzyna gitmeli bolupdyr.

Ýolagçylaryň lapyny keç edýän ýagdaýlaryň ýene biri hem ýolbeletleriň ýorgan-düşege geýdirilýän matalary otlynyň barmaly menziline bir ýarym, iki sagat galanda ýygnap başlamagy bilen bagly. Şu sebäpden hem ýolagçylar bilen ýolbeletleriň arasynda köp dawalar ýüze çykýar.

Ýolagçylaryň dawalaryna jogap hökmünde ýolbeletler otlulara gözegçilik etmäge bellenen polisiýa işgärlerini çagyrýarlar, gelen polisiýa işgärleri hem ýolbeletleriň tarapyny tutýarlar we ýolagçylardan tertip-düzgüni saklamagy talap edýärler.

Ýolbeletler Türkmenistanyň öňki prezidenti Nyýazowyň ýurdy dolandyran döwründe Goranmak ministrligine degişli edilipdi, 2008-nji ýyldan başlap bolsa olar Demirýol ministrligine geçirildi.